Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan öz ýurdunda ykdysadyýeti, mediany we goşuny berk kontrollyk astyna alyp, häkimiýeti tasdan öz monoliýasyna öwürdi.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp halka eden ilkinji ýüzlenmesinde, Owganystandaky amerikan ýaragly güýçleriniň derejesi hakda beýanat berdi, şeýle hem Pakistana regiondaky ekstremistik toparlary goldamazlygy duýdurdy.
Pakistandaky belli bir jeňçi toparyň öz düzümine aýal söweşijileri çekmek üçin ulanyp başlan täze tilsimleri, aýal-gyzlary öz propagandalaryny ýaýratmakda ygjamlaşdyrýan “Yslam döwleti” (‘YD’) we beýleki ekstremist toparlaryň bu ugurdaky tagallalaryndan kem däle çalym edýär diýip, jeňçileriň strategiýalaryny ýakyndan öwrenýän synçylar aýdýarlar.
“PakTurk” hususy mekdepleriniň bir uly mugallymy, işgärleriň we olaryň maşgalalarynyň Pakistandan deportasiýa edilmegini ýazgaryp çykyş etdi. Ol mekdepleriň ýapylmagy ýüzlerçe adamyň durmuşyny aladaly ýagdaýa saldy diýdi.
Meşhur pars şahyry we sopusy Jelaletdin Rumynyň medeni mirasy baradaky çekeleşikler onuň dogulmagyndan sekiz asyr soňra hem gutaranok.
Täjik häkimiýetleri Muhiddin Kabiriniň ýakynlaryny yzarlamakda hiç bir zatdan, hatda yslamçy partiýanyň liderini halaýan bir gyzyň gyzlygyny barlamak ýaly işlerden-de gaýtmadyga meňzeýärler.
Türkiýäniň güneşli kenary gujaklap oturan Antalýa şäherinde lowurdaşyp oturan bäş ýyldyzly myhmanhanalaryň 300-den gowragy her ýyl millionlarça orsýetlileri myhman alýar.
Pakistan häkimiýetleri bir adamy 12 ýaşly gyzyny ten satmagy satmakçy bolmakda aýyplaýar. Satylmakçy bolan gyz we onuň erkek dogany bu barada polisiýa habar beripdir.
Azat Ýewropa/ Azatlyk Radiosynyň Azat Owganystan gullugyna bir wakany öz gözi bilen gören adamdan wideoýazgy gelip gowuşdy. Bu wideoda Owganystanyň Gor welaýatynda 19 ýaşly zenanyň rehimsizlik bilen daşlanyşy bar.
Orsýet Owganystanyň howpsuzlygyna özüniň goşant goşmaga meýillidigini bildirdi. Bu prezident Wladimir Putine günbatar täsirine täze zarba urmak bilen Moskwanyň global ähmiýetini artdyrmaga kömek boljak.
Owganystanda “Talyban” tarapyndan ýurduň esli böleginiň basylyp alynmak howpunyň döremegi bilen, ýurduň wise-prezidenti Abdul Raşid Dostum hemaýat üçin özüniň köne ýarany – Russiýa ýüzlendi.
Mazary-Şerifiň Atta Mohammad Nuruň ýolbaşçylygyndaky güýçler bilen Abdul Reşit Dostumyň güýçleri arasynda giden köçe söweşleriniň sahnasyna öwrülenine entek köp wagt geçenok.
Saglyk işgärleri gündelik urulýan howa zarbalary, bombalar astynda, ýurduň dürli ýerlerinde barýan ýaragly söweşler netijesinde öldürilmek, ýaralanmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Geň galmaly zat, «Talyban» Molla Omaryň - öz terkidünýä lideriniň jikme-jik beýan edilen, hatda onuň şahsy we maşgala durmuşyny hem açyp görkezýän terjimehalyny çap etdi.
”Yslam döwletiniň” söweşijileriniň Siriýanyň Kobani şäherini eýelemek barada edýän haýbaty bilen baglylykda Türkiýe ýagdaýa goşulyp-goşulyşmazlyk meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Hamid Karzaý iki sany durnuksyz we gapma-garşylykly möhletden soň Owganystanyň prezidenti wezipesini parahatçylykly terk edýän ýeke-täk döwlet baştutanydyr.
Ýene-de ýükle