Maý aýynyň başyndan bäri Aşgabat bilen Gökdepe aralygyndaky obalara gatnaýan hususy mikroawtobus taksileriň gatnawy ýatyryldy. Paýtagtyň “Teke bazarynyň” golaýyndaky şäheriň daşyna gidýän mikroawtobuslaryň durýan duralgasy ozallar hususy taksilerden doly bolan bolsa, bir aýdan gowrak wagt bäri ol boş dur.
Bu duralga geljek bolýan mikroawtobuslar duralga goýberilenok. Paýtagtyň töweregindäki obalarda ýaşaýan mikroawtobus sürüjileriň bolsa kireý etmäge asla şähere goýberilmeýändigi aýdylýar.
Şäherara hususy mikroawtobuslar bilen birlikde Aşgabadyň öz içinde-de 10-njy, 13-nji, 22-nji, 32-nji marşrutlar boýunça hereket edýän hususy taksi mikroawtobuslar şäheriň köçelerinden ýitirim boldular. Paýtagtyň içinde kireý edýän mikroawtobuslaryň “Awtokombinat” diýlip atlandyrylýan ýerdäki duralgalary-da gum-gukluk. Öňler şol ýer 10-njy, 13-nji, 32-nji marşrutlar boýunça gatnaýan mikroawtobuslaryň soňky duralgasydy.
Gözegçilik
Hususy mikroawtobus taksilerine garşy girizilen gadagançylyga paýtagtyň köçelerinde gözegçilik edýänler - polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň inspektorlary. Sürüjileriň aýtmaklaryna görä, olar içi doly adamly mikroawtobuslary saklap, ýolagçylaryň kimlerdigini anyklaýarlar.
Paýtagtyň öňki çäkleriniň daşyndan gelýän mikroawtobuslar bolsa şol çäklerde goýlan polisiýanyň ýol gözegçilik postlarynda barlanylýar. Mikroawtobus sürüjileriniň aýtmaklaryna görä, şähere girýän mikroawtobuslary saklap, eger-de olarda müşderi bar bolsa, müşderilerini düşürdip, sürüjilere garşy degişli çäreleri görýärler.
Bu gadagançylyga boýun bolmadyk sürüjileriň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden aldyranlary hem bar. Sürüjileriň aýtmaklaryna görä, olaryň käbirleri mikroawtobuslaryny polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň “jerime duralgasynda” hem goýmaly bolupdyrlar.
Resmi düşündiriş
Türkmenistanyň resmi metbugatynda hususy mikroawtobus taksileriniň işleriniň togtadylýandygy barada ne öňünden duýduryş berildi, ne-de häzire çenli belli bir düşündiriş berildi.
Emma ýurduň Awtotransport ministrliginiň bir işgäriniň, adynyň tutulmazlyk şerti bilen habar bermegine görä, hususy taksiçileriň lisenziýalary wagtlaýynça togtadylypdyr. Ol bu ädimi hususy mikroawtobus taksileriň işini ygtyýarlandyrmakda käbir özgerişikleri geçirmegi göz öňünde tutulýandygy bilen düşündirdi. Emma mundan artyk takyk bir maglumat bermekden saklandy.
Şol bir wagtda hem Salgyt gullugynda hususy taksiçilik bilen meşgullanýan sürüjilere patentleriň maý aýynyň başyndan bäri berilmeýändigini habar berdiler. “Öň patenti bolanlar täze lisenziýalary alyp, täzeden patent almaly” diýip, Salgyt gullugynda habar berdiler. Şol sebäpden öň lisenziýasy we patenti bolan mikroawtobus taksiçilerine hem işlemäge rugsat berilmeýändigini Salgyt gullugynda aýtdylar.
Ozallar hususy mikroawtobuslarda şäheriň daşyna gatnaýan ýolagçylar indi diňe döwlete degişli marşrut awtobuslaryna münmeli bolýarlar. Emma döwlet awtotransportunyň gatnaw ýygylygy we iş tertibi olary o diýen kanagatlandyryp barmaýar.
“Döwlet awtobuslary sagat 18.00-dan soň işlemeýärler. Irden hem adamlaryň şähere işe gitmeli wagty olara münmek kyn. Mikroawtobuslar bolsa adamlaryň islegi boýunça işleýärdiler” diýip, her gün Gökdepeden paýtagta işlemäge gelýän hususy firmanyň işgäri Aman gürrüň berýär.
Amanyň aýtmagyna görä, öňki Büzmeýin şäheriniň käbir ýaşaýjylary häkimlige baryp, mikroawtobuslaryň işlemegine ýol berilmegini hem sorapdyrlar. Emma häkimlikden “döwlet-jemgyýetçilik transportundan peýdalanyberiň” diýen jogaby alypdyrlar.
Hususy mikroawtobuslarda ýol kireýiniň birneme gymmatdygyna garamazdan, olaryň hyzmatlaryndan peýdalanýanlar ýeterlikdi. Şäher içinde gatnaýan döwlete degişli awtobuslarda ýol kireýiniň bahasy 20 teňňe bolsa, hususy mikroawtobuslarda 40-60 teňňe. Şäheriň daşyna gatnaýan döwlet transportynyň ýol kireýiniň bahasy bolsa 1 manat. Hususy mikroawtobusda bolsa ýol kireý nyrhy marşruta görä, 1-1,60 manat aralygyndady.