Äpet balykgulagy ýatladýan “Aşgabat” stadionynyň suduryny paýtagtyň islendik ýerinden diýen ýaly görmek bolýar. Baýyrlykda ýerleşen “Aşgabat” stadiony häzirki wagtda paýtagtda gurlan döwrebap sport desgalarynyň biri.
Üç ýyl mundan ozal ulanyşa berlen bu köpugurly stadionda emeli ot örtükli futbol meýdançasy, onuň töwereginde ýeňil atletika sporty üçin ylgaw ýodasy bar. Stadionyň binasynda bolsa sportuň 17 sany dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin sport zallary bar.
Bu sport zallarynda tennis, basketbol, woleýbol, badminton ýaly sportuň görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik bar. Boks sporty üçin bolsa olimpiýa standartlaryna gabat gelýän ringli zal bar. Žurnalistler üçinem amatly şertler döredilipdir. Ýörite press-konferensiýalar üçin zal, žurnalistlere foto we beýleki materiallaryny gaýtadan işlemek üçin aýratyn kabinetler bar.
380 müň m2 meýdanda bina edilen bu spotkompleksiň çäginde bäş sany türgenleşik futbol meýdançalary, dört sany tennis kortlary hem-de awtosport ýaryşlary üçin trek gurlan.
Göräýmäge, bu stadion-sport kompleksinde sportuň ençeme görnüşi boýunça meşgullanmaga hem-de ýaryşlary geçirmäge ähli şertler bar. Emma, bu sport kompleksi ozalbaşdan, esasan, futbol ýaryşlaryny geçirmek niýeti bilen gurlan. Ýöne sport kompleksiniň 20 müň tomaşaça niýetlenip gurlan futbol stadionynda ýylyň dowamynda, dorusy, hut barmak büküp sanaýmaly az sanly futbol duşuşyklary geçirilýär.
Ýurduň futbol boýunça çempionatynyň final duşuşygy hem-de Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara futbol ýaryşynyň duşuşyklarynyň käbirleri geçirilýär diýäýmeseň, bu stadionyň futbol meýdançasy köplenç halatda boş ýatyr.
Resmi metbugatda ýurduň futbol boýunça milli çempionatynyň käbir duşuşyklarynyň bu stadionda geçirilýändigi barada habar berilýän-de bolsa, aslyýetinde şol duşuşyklar bu sport kompleksiniň türgenleşik futbol meýdançasynda geçirilýär.
Çäreler
Şol bir wagtda hem bu sport kompleksiniň beýleki sport zallarynyňdyr, sport meýdançalarynyň köplenç boş durýandygy aýdylýar. Mysal üçin, bu ýerdäki awtotrek we woleýbol, basketbol zallary hem-de tennis kortlary köplenç ulanylmaýar.
Stadionyň tribunalary tomaşaçylardan doldurylyp geçirilýän çäreler ýokarda ady agzalan halkara futbol ýaryşy bilen çäklenmeýär. Köpugurly statusyny göterýän bu sport kompleksinde Garaşsyzlyk baýramynyň “stadion” baýramçylyk çäresi hem geçirilýär.
Şol bir wagtda hem 20 müň tomaşaça niýetlenen bu stadionyň tribunalarynyň hiç wagt öz islegine görä bu ýere gelen tomaşaçylardan dolmaýandygy aýdylýar. Bu stadiondaky köp tomaşaçyly birnäçe “çärelere” gatnaşan ýokary okuw jaýynyň mugallymy Yklymyň aýtmagyna görä, stadion, esasan, mejbury “çäreçilerden” doldurylýar.
“Men şu stadion gurlaly bäri [bu ýerdäki] her bir köpçülikleýin çärä diýen ýaly gatnaşdym. Şol çäreleriň ählisinde hem şol öňki çäreçiler – mekdep, uniwersitet okuwçylarydyr studentleri ýa-da býujetnikler. Öz islegi bilen bu stadiona geleni görmedim diýsem ýalňyşmaryn” diýip, Yklym gürrüň berýär.
Paýtagtyň il içinde öňler “Leningrad kolhozy” diýlip atlandyrylýan ýerindäki baýyrlykda ýerleşýän “Aşgabat” köpugurly stadion-sport kompleksi 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli uly baýramçylyk çäresi bilen açylypdy.