Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ÝOJ: Jogapdan sorag kän


Ýokary okuw jaýynda tölegli okuwyň bahasynyň näçe boljakdygy, nyrhlar hem entäk resmiler tarapyndan aýan edilenok.
Ýokary okuw jaýynda tölegli okuwyň bahasynyň näçe boljakdygy, nyrhlar hem entäk resmiler tarapyndan aýan edilenok.
Türkmenistanda tölegli esasda bilim berýän, täze ýokary okuw jaýy açylýar. “Halkara ynsanperwerlik ylymlary we ösüş uniwersiteti” diýen at bilen dörediljek ýokary okuw jaýy 2014-2015-nji okuw ýylyndan bilim berip başlar.

Bu uniwersitete her ýyl 300 okuwçy kabul edilip, onda sapaklaryň iňlis dilinde okadyljakdygy aýdylýar. Resmi maglumata görä, uniwersitetde 5 sany fakultet, bir bölüm we 13 sany kafedra bolar. Şeýle-de onda talyplara ýörite bir ýyl iňlis dili boýunça taýýarlyk kurslarynda sapak berler.

Täze ÝOJ-yň gurulýan binasy
Täze ÝOJ-yň gurulýan binasy
Bu ýokary okuw jaýynda halkara ykdysadyýeti, halkara žurnalistikasy, halkara hukuk we menejment ýaly ugurlar boýunça bilim berler. Ýokary okuw jaýy bakalawrlary we magistrleri taýýarlar. Bu ýokary okuw jaýyndaky ýene bir tapawut bolsa, onda sapak bermek üçin daşary ýurtlardan hem mugallymlary çagyrmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň prezidentiniň Halkara ynsanperwerlik ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 1-nji iýundan işläp başlamalydygy baradaky ýörite karara gol çekendigine garamazdan, onuň Andalyp prospektinde, Halkara gatnaşyklary institutynyň gapdalynda ýerleşýän binasy henize çenli hem doly gurlup gutarylmandyr.

Jogapsyz soraglar

Uniwersitetiň okuw prosesi bilen baglylykda hem käbir soraglara häzirlikçe takyk jogap ýok.

Ýokary okuw jaýynda tölegli okuwyň bahasynyň näçe boljakdygy, nyrhlar hem entäk resmiler tarapyndan aýan edilenok.

Täze açyljak uniwersitetde okuwyň tölegli bolmagy bilen oňa giriş ekzamenleriniň boljakdygy hem belli däl. Ýa-da bolmasa, giriş ekzamenleri bolup, olar adaty ýokary okuw jaýlaryndaky ýaly giriş synaglary bolarmy ýa-da test görnüşinde bolar, bu hem belli däl.

Şeýle-de bu ýokary okuw jaýyna girmek isleýänler üçin kwotalaryň girizilip-girizilmejekdigi hem anyk däl. Mälim bolşy ýaly, ýurtda ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmeli paýtagtly ýaşlar we welaýat ýerlerinde ýaşaýan ýaşlar üçin ýörite san, kwota bellenilýär.

Halkara standartlarynda bilim beriljekdigi aýdylýan bu täze ýokary okuw jaýyna girmek üçin nähili resminamalary tabşyrmalydygy barada hem häzirlikçe hiç hili resmi maglumat ýok.

Wagty gelende [maglumat] metbugatda çap ediler.
Bilim ministrligiň işgäri
Azatlyk Radiosy täze açyljak Halkara ynsanperwerlik ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen bagly bu we beýleki meseleleri anyklamak üçin Bilim ministrligi bilen habarlaşanda, ol ýerden takyk maglumat almak başartmady.

Bilim ministrliginiň resmileri beýleki türkmenistanlylary hem gyzyklandyrýan soraglara “wagty gelende metbugatda çap ediler” diýip, goşmaça maglumat bermekden saklandylar.

Paýtagtda täze açyljak bu uniwersitet Türkmenistanda “halkara” statusyny göterýän üçünji ýokary okuw jaýy bolar. Mundan ozal ýurtda halkara statusly Halkara türkmen-türk uniwersiteti hem-de Halkara nebit we gaz uniwersiteti bar.
Täze uniwersitetiň açylmagy bilen şu ýyl Türkmenistanyň harby bolmadyk ýokary okuw jaýlarynda azyndan 300 sany okuw orunlary köpeler. Geçen ýyl ýurduň harby bolmadyk ýokary okuw jaýlaryna 6 müň 100 sany oglan-gyz okuwa kabul edilipdi.
XS
SM
MD
LG