Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow günbatar ýurtlaryny Orsýete garşy meýilleri tutaşdyrmakda aýyplady we bu syýasatyň Ýewropanyň durnuklylygyna howp döredip biljekdigini aýtdy.
Orsýet mart aýynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny eýelänsoň günbatar döwletleri Moskwany Ýewropany durnuksyzlaşdyrmakda aýypladylar we käbir orsýetlilere gönükdirilen sanksiýalary girizdiler.
NATO Orsýeti onuň Ukraina bilen serhede golaý ýerde ýerleşdiren köp sanly harbylaryny yzyna çekmäge çagyrdy.
Orsýetiň talaby
Lawrow 11-nji aprelde eden çykyşynda krizisi gowşatmak isleýän ýurtlaryň Ukrainanyň täze hökümetini “ykrar” etmäge synanyşyklaryny bes etmelidigini aýtdy.
“Biz Ukrainadaky krizisiň gowşamagyny üpjün etmek mümkin diýip hasap edýaris. Munuň üçin bolan faktary [başgalaryň] boýnuna zor bilen dakmagy bes etmeli, Ukrainanyň ähli syýasy güýçleri we regionlary bilen dialogy ösdürmezden, Maýdan hökümetini islendik ýol bilen kanunlaşdyrmak synanyşyklaryny bes etmeli”.
Moskwa Ukrainada fewral aýynda döwlet başyna gelen häkimiýetleri ret edýär we Wiktor Ýanukowiçi henizem ýurduň kanuny prezidenti diýip hasap edýändigini aýdýar.
Orsýet Ukrainanyň täze premýer-ministri Arseniý Ýatsenýugyň hökümetini we Oleksandr Turçynowy wagtlaýyn prezident hökmünde ykrar etmeýän dünýäniň az sanly ýurtlarynyň biridir.
Ukrainany terk eden Ýanukowiç häzirki wagtda Orsýetde ýerleşýär. Moskwa
Ýanukowiçi Ukraina tabşyrmakdan boýun gaçyrýar. Lawrow Orsýetiň bu pozisiýasyny 11-nji aprelde ýene-de gaýtalady.
Lawrow öz çykyşynda Moskwanyň Ukrainanyň NATO goşulyşmagyna garşy çykyş edýändigini nygtady we Ukrainanyň “bitaraplygyna” kanuny kepil gerekdigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde-de Orsýetiň daşary işler ministri Moskwanyň indiki hepdede ABŞ, ÝB we Ukraina bilen dört taraplaýyn gepleşiklere taýýardygyny belledi.
Lawrow energiýa meselesiniň, şol sanda Ukrainanyň Moskwa gaz üçin bergisiniň gepleşikleriň gün tertibinde maslahat ediljekdigini aýtdy.
Anneksiýadan soňky netijeler
Geçen aýda Ukrainadan bölünip, Orsýete goşulan Krymda anneksiýany gollan kanunçykaryjylar ýarymadany “Orsýetiň Krym respublikasy” diýip ykrar edýän konstitusiýany kabul etdiler.
Munuň öňüsyrasynda 10-njy aprelde ABŞ we Germaniýa Orsýetiň Ukraina goşulyşmagy bilen baglylykda Moskwa garşy täze sanksiýalaryň girizilmeginiň mümkindigini duýdurdylar.
Ak tamyň beýannamasynda aýdylyşyna görä, prezident Barak Obama bilen Germaniýanyň kansleri Angela Merkel özara telefon gepleşiginde Orsýet Ukraina bilen serhetdäki goşunlaryny yza çekmeli diýip ylalaşypdyrlar. Orsýetiň Ukrainanyň gündogaryna goşun salmak mümkinçiligi aladalanmalary güýçlendirýär.
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň kömekçisi Wiktoriýa Nuland 10-njy aprelde Senatda geçirilen diňlenişikde Ukrainadaky krizisiň Orsýetiň ykdysadyýetine erbet täsir ýetirip biljekdigini belledi: “Soňky 5-6 hepdäniň dowamynda Orsýet Federasiýasy tarapyndan rubly goramak üçin 25 milliard dollardan gowrak pul sarp edildi”.
Şeýle-de Nuland ýylyň birinji çärýeginde Orsýetiň daşyna çykarylan kapitalyň möçberiniň 2013-nji ýylda tutuş ýylyň dowamyndaky möçberinden hem köp bolandygyny belledi