Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet 'serhet aşmak niýetim ýok' diýýär


Rus-Ukrain serhedindäki barlag nokady, Uspenka, gündogar Ukraina, 25-nji mart, 2014 ý.
Rus-Ukrain serhedindäki barlag nokady, Uspenka, gündogar Ukraina, 25-nji mart, 2014 ý.
Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Orsýetiň öz ýaragly güýçlerine ukrain serhedinden geçmegi buýurmak niýeti asla ýok diýdi.

Lawrow şenbe güni Orsýetiň döwlet telewideniýesine beren interwýusynda Moskwanyň we Günbataryň arasynda Ukrain krizisi babatda dörän agzalalyk «gitdigiçe kemelýär» we soňky gatnaşyklar «biziň ukrain kärdeşlerimize bilelikde bir inisiatiwanyň hödürlenmek ähtimallygyny» görkezdi diýdi.

Mundan öň beýleki rus resmileri hem şuňa meňzeş zatlary aýdypdylar.

Anna güni, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň brifiňinden soň, BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun golaýda Moskwada we Kiýewde geçiren gepleşikleri barada şeýle diýdi:

"Bu maňa [Orsýetiň] prezidenti [Wladimir] Putiniň hem aýdan zady: ol özüniň [Ukraina garşy] hiç bir harby hereket niýetiniň ýokdugyny aýtdy."

Orsýetiň BMG-däki wekili Witaliý Çurkin Bandan soň derhal Howpsuzlyk geňeşiniň Günbatar agzalaryny günäläp, ýagny olaryň abanyp duran rus agressiýasy barada galp pikir döretmäge synanýandyklaryny aýdyp çykyş etdi:

"Biziň Orsýetdäki goşunlarymyz adaty durmuşlary bilen meşgul, olar kazarmalarynda we käbir türgenleşik işlerini edýärler. Olar gowy esgerler, men muny aýtmaly, emma ol ýerde Orsýetiň Ukraina garşy hiç bir inisiatiwasy barada alada ýok."

Şeýle-de anna güni Ak tam Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Saud Arabystanynda saparda ýören Barak Obama telefon edendigini aýtdy.

Bir sagada çeken gürrüňiň dowamynda Obama Orsýeti öz goşunlaryny Ukraina bilen serhetden yzyna çekmäge hem-de Waşingtonyň Ukrain krizisi babatda hödürlän diplomatiki teklibine ýazmaça jogap bermäge çagyrdy.
Prezident Barak Obama rus kärdeşi Wladimir Putin (Ç) G20-ler sammitinde, Peterburg, 5-nji sentýabr, 2013
Prezident Barak Obama rus kärdeşi Wladimir Putin (Ç) G20-ler sammitinde, Peterburg, 5-nji sentýabr, 2013


Bu teklip Ukraina we beýleki ýewropa partnýorlary bilen edilen maslahatlardan soň işlenip düzülipdi. Aýdylmagyna görä, onda Krymdaky rus dilli ilatyň hukuklaryny goramak üçin halkara gözegçilerini ýerleşdirmek we rus goşunlaryny öz bazalaryna yzyna dolamak meselesi goýulýar.

Obama bilen Putin döwlet sekretary Jon Kerriniň Lawrow bilen duşuşyp, indiden eýläk edilmeli işler barada maslahatlaşmagyny karar etdiler.

Obama Putine Ukrainanyň hökümetiniň, Orsýetiň Kryma girendigine garamazdan, ýagdaýy ýitileşdirmezlige çalyşýandygyny aýtdy we Putini mundan aňyrky prowokasiýalardan, şol sanda Ukraina bilen serhede goşun toplamakdan gaça durmaga çagyrdy.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Andriy Parubiy penşenbe güni 100 müň çemesi rus esgeriniň ukrain serhedine toplanandygyny aýtdy. Günbatar resmileri bolsa mundan azrak sanlary getirdiler.

Kremliň metbugat gullugynyň beýanatynda Putin bilen Obamanyň arasynda bolan telefon gürrüňinde Putiniň Obamanyň ünsüni «Ukrainada ekstremistleriň bozgaklygynyň dowam etmegine» hem çekendigi bellenilýär.
XS
SM
MD
LG