Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Repetitorlara talap köpelýär


Mugallym we okuwçylar
Mugallym we okuwçylar
Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda 2013-14-nji okuw ýylynyň başynda orta mekdepleriň 1761 sanysy işläp, olarda milliona golaý okuwçy okaýar. Her ýyl 100 müň töweregi okuwçy orta mekdepleri tamamlaýar. Şol resmi çeşmelerde hem orta mekdeplerde berilýän bilimiň hiliniň ýokarydygy aýdylýar.
Emma, muňa garamazdan, 3-nji martda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedow şol mekdeplerde berilýän bilimiň hiliniň özüni kanagatlandyrmaýandygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu ugurda degişli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Bir hepde aradan geçensoň bilim barada hökümet maslahatynda ýene bir gezek gürrüň edilip, bu gezek hem okuw kitaplarynyň hili hakda durlup geçildi. Türkmen telewideniýesiniň ”Watan” programmasynda görkezilen bu maslahat baradaky reportaždan çen tutulsa, meseläniň çözgüdi hakda maslahatda jikme-jik gürrüň bolmandyr.
Emma hökümet derejesinde edilen bu gürrüňler bilim pudagynyň dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüzdügini we muny indi hökümet ýolbaşçylarynyň-da belli bir derejede ykrar edýandigini görkezýär.
Repetitorlar
Emma il arasynda welin, mekdepler bilen baglanyşykly problema indi ep-esli wagtdan bäri bilinýär. Ene-atalar bu ýagdaýdan özleriçe çykalga agtaryp, çagalaryna okuwyň daşyndan repetitorlary tutýarlar. Olaryň sany hakda takyk maglumat ýok, emma sebäbi welin bir meňzeşräk.
“Meniň ogullarym mekdepden daşary iňlis dilinden repetitor mugallymdan sapak alýarlar. Mekdebi gutaransoňlar okuwlaryny daşary ýurtlarda dowam etdirmekleri üçin bu diller hökmany” diýip, Aman gürrüň berýär.
Paýtagt Aşgabadyň ýaşaýjysy Amanyň iki ogly 55-nji orta mekdepde okaýar, bu mekdep paýtagt boýunça iň abraýly mekdepleriň biri diýlip hasaplanýar. Emma Amany çagalaryna mekdepde berilýän okuwyň hili kanagatlandyrmaýar.
Türkmenistanda orta mekdeplerde sapak berýän mugallymlaryň arasynda, esasanam, daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlar bilen bagly kadr problemasyndan şikaýat edilýär. Munuň sebäbi, bir tarapdan, şeýle kadrlaryň ýetmezçiligi bolsa, beýleki tarapdan, agzalýan dillere bolan talabyň artmagy.
Talabyň sebäpleri
Bu talabyň artmagynyň dürli sebäpleri bar.Emma sebäpleriň arasynda daşary ýurt dillerinden başy çykýan adamlaryň iş tapmak mümkinçiliginiň ýokarrak bolmagy hemem daşary ýurt dilini gowy bilýän okuwçynyň ýokary okuwlaryny daşary ýurtlarda dowam etdirmek islegi bilen bagly.
Esasanam iňlis hem rus dillerine uly isleg bar. Özüni Muhammet diýip tanadan aşgabatly mugallym iňlis dilinden repetitorlyk edip, maşgalasyny ekleýän türkmenistanlylardan biri. Muhammediň okuwyny gutaranyna köp wagt bolmandyr, gazanjy welin, kadaly işi bar adamlaryňkydan az däl.
Repetitorlyk bilen meşgullanýan adamlaryň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, olaryň öz hyzmatlary üçin sagadyna alýan nyrhy 15 manatdan tä 50 manada çenli ýetýär.
Repetitor bolup gazanç edýänleriň käbirleri orta ýa-da ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary bolsa, olaryň käbirleri üçin repetitorlyk ýeke-täk eklenç çeşmesi. Olaryň arasynda hatda ýokary okuw jaýlarynyň studentleri-de bar.
Kähalatlarda, repetitorlyk bilen meşgullanýan adamlaryň bildirişlerine hem duş gelmek mümkin. Emma olaryň müşderileriniň esasy köpçüligi ozal bu repetitorlardan bilim kömegini alan we häzirki döwürde ýokary okuw jaýlarynda okap ýören okuwçylaryň üsti bilen gelýär.

XS
SM
MD
LG