Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mugallym ýetmezçiliginiň hupbatlary


Okuwçy gyzjagaz
Okuwçy gyzjagaz
Rus filologiýasy ugry boýunça ýokary bilim alan Lälezar mugallym ýakynda welaýat bilim bölüminden gelip, öz okuw sapaklaryna gatnaşan barlagçylary yzyna ugratdy. Sapak geçilişiniň hiline gözegçilik etmäge gelen barlagçylarda özüniň okadyş metodikasynyň nähili täsir galdyrandygyny welin, Lälezar mugallym häzirlikçe bilenok.

Emma bu barlag tamamlanansoň mugallymyň arkasyndan agyr ýük aýrylan ýaly bolupdyr. Sebäbi onuň ýokary bilim alan ugry rus filologiýasy bolup, onuň häzirki döwürde sapak berýän ugry-da türkmen dili. Lälezar mugallym tabşyrylan bu ugruň özüne kyn düşýändigini aýdýar.

Galkynyş etrabynda ýaşaýan Lälezar mugallym etrabyň 1-nji orta mekdebiniň işgäri, ýöne şol etrapda ýerleşýän beýleki käbir mekdepler göz öňünde tutulyp aýdylanda, Lälezar mugallym öz ugry boýunça sapak bermeýän ýeke-täk mugallym däl.

Lebap welaýatynyň beýleki bir mekdebinde işleýän mugallym, inglis dilinden başynyň çykmaýandygyna garamazdan, özüne ol sapagyň tabşyrylandygyny aýtdy. Mugallym ýetmezçiliginden gelip çykýan şeýle ýagdaýlara etrap mekdeplerinde ýygy-ýygydan duş gelinýär.

Pensiýa ýaşyndaky mugallymlar

Welaýatdyr etraplarda ýerleşýän mekdepler barada aýdylanda bolsa, ol mekdeplerde mugallymlaryň ýetmezçilik etmeginden gelip çykýan ýene bir ýagdaý hem bireýýäm pensiýa ýaşyna ýeten baýry mugallymlaryň henizem mugallymçylyk edip, mekdeplere gatnap ýörendikleridir.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan mugallymlaryň gürrüňlerinden çen tutsaň, mugallym kadrlarynyň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýan ýagdaýlaryň ýene biri hem mugallymlaryň iş ýüküniň hasam artmagydyr. Bu ýagdaý hem öz nobatynda professional we ukyply mugallymlaryň öz işleri üçin ýeterlik wagt tapyp bilmezligine getirýär.

Problema kabul edilýär

Professional mugallym kadrlarynyň bilim pudagynda ýetmezçilik etmegi we bilim pudagyndaky beýleki problemalar barada il arasynda gürrüň kän, hatda geçen hepde prezident G.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen ýygnakda hem bu mesele barada durlup geçildi.

Emma bu problemanyň nähili hötdesinden gelinjegi we bu baradaky planlaryň nämelerden ybaratdygy barada anyk gürrüň edilmedi. Halk köpçüligine aýan edilen resmi maglumatlar ýok hem bolsa, problemanyň sebäpleri hem-de ondan çykalgalar hakda il arasynda dürli gürrüňler bar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan mugallymlaryň sözlerinden çen tutulsa, mekdeplerdäki mugallym kadrlarynyň ýetmezçiliginiň sebäplerinden biri - garaşsyzlyk ýyllarynda öňki prezident S.Nyýazowyň döwründe ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän studentleriň sanynyň görnetin azaldylmagy bilen bagly.

Şol wagtky resmi maglumatlardan çen tutulsa, Nyýazowyň ýurda ýolbaşçylyk eden döwründe, ýokary okuw jaýlaryna bir ýylda üç müň töweregi student kabul edilýärdi we käbir okuw jaýlary bolsa ýapylypdy. Ýapylan okuw jaýlarynyň hatarynda Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherindäki mugallymçylyk mekdebini hem agzasa bolar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň orta mekdeplerine ýokary bilimli mugallymlary taýýarlaýan ýokary okuw jaýlary - Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky uniwersitet, daşary ýurt dileri boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Diller instituty, Lebabyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky mugalymçylyk institutlarydyr.

Ýörite orta bilimli mugallymlar bolsa Aşgabatdaky Aman Kekilow adyndaky, Marydaky Hydyr Derýaýew adyndaky we Daşoguzdaky Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdeplerinde taýýarlanylýar. Şol okuw jaýlaryndan her ýyl näçe studentiň diplom alyp, mugallym bolýandygy hakda, gynansagam, takyk maglumat ýok.

Emma orta mekdeplerdäki ýagdaýlardan çen tutulsa, şol uçurymlaryň sany ýa-ha ýeterlik däl, ýogsa-da olar okuwy gutaransoňlar, mugllaymçylygy däl-de, başga käri saýlaýan bolmaly.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan mugallymlaryň aýdanlaryndan çen tutsaň, munuň üçin hem ýeterlik sebäp bar.

“Nyýazowyň döwründe rus dili, iňlis dili sapaklary azaldyldy, bedenterbiýe sapaklary bolsa tutuşlygyna mekdep programmasyndan aýryldy. Şol döwürde ençeme mugallym başga ugurlara geçip gitdi. Indi mugallymlaryň ýetmezçilik edýän häzirki döwründe olary yzyna getirmek kyn” diýip, adynyň agzalmagyny islemedik ýene bir mugallym Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Höwes pes

Mugallymyň aýtmagyna göra, bu ýagdaý hem belli bir derejede mugallymçylyga bolan höwesiň peselendigini görkezýär. Bu käre höwesiň peselendigini görkezýän ýene bir mysal hem gazetlerde wagtal wagtal çap edilip durlan bildirişlerdir.

Mälim bolşy ýaly, işsizligiň ösen ýurdy bolan Türkmenistanda iş orunlary ýetmezçilik edýär, şunlukda, iş gözleýän köp, emma ony tapýan az, ýöne “Türkmen Gündogary” gazetiniň şu ýylyň 4-nji fewralda çap edilen sanynda tutuş Lebap boýunça her ugurdan mugallymlaryň işe alynjakdygy barada bildirişler bar.

Şeýle bildirişler wagtal-wagtal göze ilýär, bu ýagdaý ýa kadr ýetmezçiligini görkezýär ýa-da bu kär bilen ilatyň o diýen gyzyklanmaýandygyny görkezýär. Meseläniň sebäbi nämede bolsa-da, mekdeplerde mugallym kadrlarynyň ýetmezçiligi indi ýokary derejeli hökümet maslahatlarynyň hem esasy temasyna öwrülip başlady.

XS
SM
MD
LG