Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lilit: Demirýol proýektine şübhäm bar


Demir ýol
Demir ýol
20-nji martda Täjigistanyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň liderleri, bu üç ýurdy biri-birine baglaýan demirýol gurluşygy baradaky ylalaşyga gol çekdiler. Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasynda ýerleşýändigine garamazdan, Özbegistan bu proýektden çetde galdyrylypdyr.

Eýse, bu ýagdaýa nähili düşünmeli? Şeýle-de bu proýekti amala aşyrmakda agzalýan ýurtlaryň öňündäki böwetler nämelerden ybarat we Türkmenistan bu proýektden nähili bähbit gözleýär?

Azatlyk Radiosy bu soraglar bilen gyzyklanyp, düýbi Londonda ýerleşýän Jane’s Information toparynyň Merkezi Aziýa boýunça spesialisti Lilit Geworgýan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistany, Täjigistany we Owganystany baglanyşdyrjak demirýol gurluşygy baradaky ylalaşyga gol goýuldy. Bu ylalaşykdan Özbegistanyň çetde galdyrylmagy barada näme aýdyp bolar?

Lilit Geworgýan: Meniň pikirimçe, Owganystan we Täjigistan, özlerini dünýä bilen baglanyşdyrjak infrastrukturany ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Täjigistan bu proýekte aýratyn gyzyklanma bildirýär, sebäbi ol Özbegistan bilen yzygiderli problemalara duçar bolup gelýär. Özbek hökümeti Täjigistanyň dawaly gidroelektrik stansiýasyny gurmagynyň öňüni almak üçin Tajigistana barýan demir ýollary bekläpdi.

Täjigistan üçin bu proýekt şol problemalardan çykalga tapmak işine-de uly goşant goşar. Owganystan hem infrastrukturasyny ýola goýmakda uly gyzyklanma bildirýär. Emma bu proýekti amala aşyrmagyň öňünde birnäçe problemalar bar.

Azatlyk Radiosy: Gürüňini edýän bu problemalaryňyz nämelerden ybarat, bu barada hem durup geçäýseňiz.

Lilit Geworgýan: Meniň pikirimçe, bu ýerde ilkinji problema bu proýekte kimiň maýa goýjagy belli däl. Beýle demirýollary gurmak ýaly [käbir] proýekterler ozal hem teklip edilipdi. Bu täze pikir däl. Emma şol wagt hem esasy problema maliýe serişdesi bolupdy.

Ondan başga-da demir ýoluň geçjek ýerini saýlamak hem problema döredip biler. Geografiki şertler muňa böwet bolup biler, sebäbi bu ýagdaý köp serişde talap eder, bu hem proýektiň amala aşyrylmagyny hasam kynlaşdyrar.

Şeýle-de bu ýurtlaryň ýerleşýän ýeri sebäpli ýatyrylan islendik maýadan geljek girdejiniň ujypsyz boljagy hem daşary ýurt inwestorlarynyň bu proýekte ünsüni çekmekde kynçylyk döreder. Ýogsa, şol ýurtlaryň hökümetleri regionyň ykdysady ösüşi bilen gyzyklanýan donor guramalara kömek sorap, ýüzlenip bilerdi.

Emma şu wagta çenli biz infrastruktura boýunça uly proýektleriň daşardan maliýeleşdirilendigine şaýat bolmadyk. Şonuň üçin men bu gol çekilen ylalaşygyň maksatlarynyň amala aşjakdygyna şübhe bildirýärin.

Azatlyk Radiosy: Täjigistan bilen Özbegistanyň arasyndaky problemalary göz öňünde tutsak, Türkmenistanyň munuň ýaly proýekte goşulmagyna nähili baha bermeli?

Lilit Geworgýan: Soňky döwürde Türkmenistan daşary syýasatda has aktiw çykyş edýär, ol, esasanam, regional proýektlere gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär, muňa agzalýan demirýol proýekti we Transowgan gazgeçirijisi mysal bolup biler. Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň regional proýektlere gatnaşygy onuň göz öňünde tutýan planlaryna görä bolýar.

Ýurduň geçmişdäki liderlik pozisiýasy bilen deňeşdirsek, öň Türkmenistan diňe özündäki tebigy baýlyklary satmak bilen gyzyklanýardy. Indi bolsa ol regional derejedäki proýektlere gyzyklanma bildirýär. Bu täzelik we, meniň pikirimçe, bu gowulygyň alamaty.

Azatlyk Radiosy: Siziň pikiriňizçe, bu proýekte, Özbegistanyň reakasiýasy nähili bolar?

Lilit Geworgýan: Olar muny Özbegistandan sowa geçmek üçin amala aşyrylýan proýekt hökmünde häsiýetlendirip bilerler, emma öň hem aýdyşym ýaly, bu proýekt maliýeleşdirilýänçä Özbegistana aladalanmaga sebäp ýok.

Şol bir wagtyň özünde-de Täjigistan bu proýekt arkaly Özbegistan bilen aradaky problemalaryny çözmegiň deregine, Özbegistanyň gapdalyndan aýlanyp geçjek bolýana meňzeýär. Emma beýle etmek bilen Täjigistan özüniň uly goňşusy bilen aralaryndaky problemalarynyň soňuna çykyp bilmez.
XS
SM
MD
LG