Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Media barada kanuna nähili garalýar?


Türkmenistanyň mediýasynyň redaktorlary hökümet maslahatynda, 10-njy ýanwar, 2011.
Türkmenistanyň mediýasynyň redaktorlary hökümet maslahatynda, 10-njy ýanwar, 2011.

Türkmenistanda Media barada kanunyň kabul edilmegine, žurnalistler we žurnalistleri goraýan halkara guramalar nähili garaýarlar?
Azatlyk Radiosy düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz Reportýorlar” Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça býurosynyň wekili Ýohan Bir, Bolgariýada ýerleşýän “Türkmen Helsinki Fondunyň” başlygy Täjigül Begmedowa we Orsýetde ýaşaýan türkmen žurnalisti Batyr Muhammedow bilen söhbetdeş boldy.

Orsýetde ýaşaýan türkmen žurnalisti Batyr Muhammedow Türkmenistanda Media barada kanunyň kabul edilmeginiň köpden bäri garaşylan wakadygyny aýtdy: “Bu wajyp meseläniň kanun taýdan düzgünleşdirilmeginiň özi makullanmaga mynasyp bir ädim. Emma bu kanunyň netijeliligi ýurduň ýolbaşçylarynyň habar serişdeleriniň hakykatdan ösmegine ýol bermek islegine bagly bolar”.

Žurnalistleri goraýan “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň wekili Ýohan Bihr türkmen hökümetiniň Media barada kanuny kabul etmeginiň belli bir derejede geň galma döredenligini belledi.

Johan Biriň pikirine görä, Türkmenistanda habar serişdeleriniň işini düzgünleşdirýän kanunyň kabul edilmegi bilen nähili maksatlaryň göz öňünde tutulýandygy kesgitsiz görünýär: “Türkmenistanda garaşsyz habar serişdeleri ýok diýen ýaly. Şeýle ýagdaýda täze kanun ýok zady nädip düzgünleşdirmeli diýen sowal ýüze çykýar. Meniň pikirimçe, bu göz üçin edilýän bir herekete meňzeýär. Mälim bolşuna görä, türkmen hökümeti öz kanunlaryny halkara standartlaryna laýyk getirmäge çalyşýar. Emma Türkmenistandaky şertlere göz aýlasak, ýurtda garaşsyz habar beriş serişdeleri bolmadyk ýagdaýda täze kanun diňe döwlet mediasynynyň işini düzgünleşdirmeli bolar. Bu gowy zat, emma döwlet mediasy hökümetiň düzgünlerine görä, işleýär”.

Garaşsyz žurnalist Batyr Muhammedow Türkmenistan Media barada kanuny kabul etmek bilen, halkara jemgyýetçiliginiň öňünde öz abraýyny galdyrmak isleýär diýip hasap edýär.

“Türkmen Helsinki Fondunyň” başlygy Täjigül Begmedowa Türkmenistanda Media barada kanunyň kabul edilmegini pozitiw adim hökmünde kabul edýär.

Emma ynsan hukuklaryny goraýjy bu täze kanunyň-da, Türkmenistanda kabul edilen beýleki kanunlar ýaly kagyz ýüzünde galmagyndan howatyrlanýar: “Türkmenistanyň halkara guramalarynyň kanunlary üýtgetmek baradaky çagyryşlaryna üns bermegi gowy zat. Emma beýleki kanunlara gezek gelende bolşy ýaly, bu ädimem diňe göz üçin edilen bir hereket bolup galmasa gowy bolardy. Türkmenistanyň kabul eden täze kanunlarynyň köpüsi işlemeýär. Olaryň işlemegi üçin zerur mehanizmler şu çaka çenli işlenilmän galýar. Bu kanunda habar beriş serişdeleriniň erkinliligi-de we olaryň häkimiýet bilen aragatnaşygy-da göz öňünde tutulsa gowy bolardy”.

XS
SM
MD
LG