Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Taksiçiligiň hupbatlary


Awtoulag eýeleriniň käbirleri üçin taksiçilik olaryň esasy girdeji çeşmesidir.
Awtoulag eýeleriniň käbirleri üçin taksiçilik olaryň esasy girdeji çeşmesidir.
Paýtagtdaky awtoulag sürüjileriň arasynda taksiçilik bilen meşgullanýanlary az däl. Awtoulag eýeleriniň käbirleri, olaryň öz aýdyşlary ýaly, “benzin puly” üçin kireý edýän bolsalar, käbirleri üçin taksiçilik olaryň esasy girdeji çeşmesidir.

“Benzin puly” üçin kireý edýänleriň aglabasy döwlet ýa-da hususy kärhanalarda işleýän adamlar. Olardan birem döwlet edarasynda işleýän Maksat. “Işden soň 1-2 sagat kireý edip, 15-20 manat gazanýaryn. Bu pul meniň benzine edýän harajatymy ýapýar. Şeýle-de aýlygymyň üstüne az-owlak goşmaça girdeji bolýar” diýip, 35 ýaşly Maksat gürrüň berýär.

“Hýundaý Elantra” kysymly sary reňkli taksi. Aşgabat
“Hýundaý Elantra” kysymly sary reňkli taksi. Aşgabat
Emma Maksat taksiçilik girdejilerinden salgyt tölemeýär. Ýöne bu ýagdaýyň mundan beýläk dowam etmezligi mümkin. Beýleki bir taksiçi Amanyň aýtmagyna görä, soňky günler Salgyt gullugynyň işgärleri tarapyndan salgyt tölemeýän hususy taksiçilere jerime salnyp başlanypdyr.

Aman patentli işleýän hususy taksiçi. Ol 6 aýlyk patent üçin 240 manat töleýär. “Salgyt gullugynyň işgärleri patentsiz taksiçini tutsalar, 150 manat jerime salýarlar. Öňem käwagt şular ýaly jerime salynýan halatlary bolýardy. Ýöne bu gezek olar has berk çemeleşýärler” diýip, Aman aýdýar.

Amanyň pikiriçe, Salgyt gullugynyň patent tölemeýän hususy taksiçilere jerime salmagy paýtagtyň köçelerinde kireý edýän taksiçileriň sanyny azaldar. Bu ýagdaý bolsa esasanam welaýatlardan gelip kireý edýänler üçin kynçylyklary döreder.

Döwletiň eýeçiligindäki taksiler

Salgyt gullugynyň patentsiz taksiçilik bilen meşgullanýanlara jerime salmak çäresini paýtagtyň şäher taksi gatnawynyň işindäki gelejekde bolup geçjek özgerişler bilen hem baglanyşdyrylýar. Häzir paýtagtyň köçelerinde hususy taksiler bilen bir hatarda döwlete degişli taksiler hem işleýär.

“Hýundaý Elantra” kysymly sary reňkli taksi. Aşgabat
“Hýundaý Elantra” kysymly sary reňkli taksi. Aşgabat
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir taksi sürüjileriň aýtmaklaryna görä, Aşagabadyň taksomotor awtoulag kärhanasynyň işinde indiki ýyl uly özgerişlige garaşylýar. Kärhana indiki ýyldan başlap, öz eýeçiligindäki “Hýundaý Elantra” kysymly sary reňkli taksi awtoulaglaryny welaýatlara iberip, olaryň deregine “Mercedes” kysymly täze taksi awtoulaglaryny satyn almakçy.

Bu habar henize çenli resmiler tarapyndan tassyklanmady. Emma täze taksileriň satyn alynjakdygy aýdylýan häzirki wagtda agzalýan kärhananyň eýeçiligindäki taksileriň käbir sürüjileri gündelik planlaryny hem dolup bilmeýandiklerini aýdýarlar.

“Her smenada tabşyrmaly 100 manady köplenç halatda dolup bolmaýar. Şol sebäpden hem ýol kireýini hasaplaýan “sçýotçikleri” işletmeýäris. Kärhanamyzyň başlyklary hem ýagdaýa düşünip, muňa gözlerini ýumýarlar” diýip, Aşagabadyň taksomotor awtoulag kärhanasynyň taksiçisi Arslan gürrüň berýär.

Arslan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde häzirki döwürde hususy taksiçilere garşy Salgyt gullugy tarapyndan gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň bir sebäbiniň döwlet eýeçiligindäki taksileriň sürüjileriniň öz planlaryny dolup bilmeýändikleri bilen baglydygyny aýdýar.

Arslanyň sözlerine görä, hususy taksileriň köplügi sebäpli, döwlet eýeçiligindäki taksileriň muşderileri azalýar. Bu hem olaryň gündelik girdejisine ýaramaz täsirini ýetirýär.

2010-njy ýylda Aşagabadyň taksomotor awtoulag kärhanasyna 300 sany “Hýundaý Elantra” kysymly taksi awtoulaglary satyn alyndy. Kärhananyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir işgärleri häzirki döwürde şol taksileriň ýarpysynyň işledilmeýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG