Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Galaýmor galasy barada eşidipmidiňiz?


Bu ýerde galanyň bolandygyny onuň töwereginde ýatan küýze döwükleri we iňňän berk kerpiç örümleri subut edýär.
Bu ýerde galanyň bolandygyny onuň töwereginde ýatan küýze döwükleri we iňňän berk kerpiç örümleri subut edýär.
Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň Galaýmor şäherçesiniň demirgazyk-dündogarynda köne galanyň harabasy bar. Oňa gadymy Galaýmor galasy diýilýär. Bu gala Mary welaýatynyň heniz doly öwrenilmedik medeni-taryhy mirasyna degişli hasaplanýar.

Galaýmor sözüniň toponimy hakda ýerli ilatyň arasynda her hili çaklamalar bar, olaryň biri hem “Gala we Mor” (mur – ar. garynja), ýagny “Garynjalar galasydyr”. Bu ýerde galanyň bolandygyny onuň töwereginde ýatan küýze döwükleri we iňňän berk kerpiç örümleri subut edýär. Ýöne galanyň haýsy döwre degişlidigi ýa-da näçeräk meýdan tutanlygy barada anyk maglumat ýok.

Galanyň ýerleşýän ýeri Galaýmor şäherçesinden takmynan 2 km uzakda hem bolsa, ýaşaýjylaryň käbiri öz howlularynda dört metr çuňlukda çukur gazanlarynda köne galadaky ýaly kerpiçleriň üstünden barandyklaryny aýdýarlar.

Aýdylmagyna görä, Galaýmor şäherçesiniň “Garagum” diýen ýerinde köne daş käni bar, şol käniň köne relsleriniň gutaran ýerinde kerpiçden örülen taryhy diwar bar. Adamlar şol diwaryň juda berkdigini, ekskawatoryň kepçesi bilen uranlarynda oňa hiç zat bolmaýandygyny aýdýarlar.



Şeýle kerpiçleri Galaýmor şäherçesiniň gaýrasyndan akýan jaryň (Guşgy derýasynyň) içinden hem tapmak mümkin. Bu bolsa galanyň örän uly bolandygyny çaklamaga esas döredýär. Hormatly il ýaşulusy Hümmi aganyň aýtmagyna görä, şol ýer öň galanyň içinden geçýän käriz ýollarynyň biri bolupdyr.

Häzirki wagtda Galaýmor şäherçesinde ýerden çykýan suwlar ajy, bu ýere süýji suw günortadaky Serhetabat şäherinden otly bilen getirilýär. "Eger şol kärizleriň ugruny tapyp açyp bolsa, onda ýene-de Galaýmora süýji suw çekip bolardy” diýip, Hümmi aga aýdýar.

Adamlar galanyň töwereginden abat küýzeleri hem tapandyklaryny aýdýarlar, hatda tapylan käbir küýzeleriň içine takmynan 200 litr suw ýerleşýär eken. Ol küýzeleriň käbirlerinde gaplaňa ýa barsa meňzeş haýwan şekilleri hem bar. Tapylan küýzeleriň käbiriniň içinden köne mis pullar hem çykypdyr.

Jaryň geçen ýerinden galanyň ýanyna baryp göreniňde, adam süňkleriniň çykyp durandygyny görmek mümkin. “Ol ýere degmeli däl, ýatanlaryň ruhyny biynjalyk etmäli däl” diýip, ýerli ilat bu ýere kän barmaýar.

Ýerli synçylaryň käbiri galanyň suwagynyň, kerpiçleriniň, şol ýerden çykan küýzeleriň berkliginden, galyberse-de, ol küýzelerdäki käbir nagyşlardan çen tutup, bu ýerde uly bir medeniýetiň bolanlygyny çak edýärler. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda bu ýere arheologlar gelip, gazuw agtaryş işlerini geçirip başlan ekenler. Ýöne soňra bu işler togtadylypdyr.

Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisi “Milli taryhy-medeni mirasy gorap saklamak” baradaky kanuny kabul etdi. Emma häzir bu galanyň üstünden her-hili tehnika geçýär, onuň töweregine zir-zibil dökülýär. Bahar aýlarynda gelýän güýçli sil bolsa açyk meýdandaky bu taryhy-medeni mirasyň galyndylaryny dargadýar. Ýerli ýaşuly nesil bolsa bu ýere bir gün alymlar we arheologlar gelip, onuň taryhyny halka ýetirerler diýip, umyt edýär.
XS
SM
MD
LG