Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň aýaly Swetlana Medwedewa Türkmenistanyň ‘Ruhubelentlik” ordenine eýe boldy. Resmi maglumatlarda Türkmenistanyň Medwedewany bu beýik sylaga mynasyp görmegi onuň türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşan goşandy bilen düşündirildi. Türkmenistan Medwedewa bilen bilelikde Orsýetiň parlamentiniň ýolbaşçysy Sergeý Naryşkini hem sylaglady, oňa “Bitaraplyk” ordenini berdi.
Azatlyk Radiosy 15-nji oktýabrda Aşgabatda gowşurylan sylaglar temasyndan orsýetli bilermen, Moskwadaky “Syýasy informasiýa merkeziniň” müdiri we W.Putin barada kitaplaryň awtory Alekseý Muhin bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň Swetlana Medwedewany beýik döwlet sylagy bolan “Ruhubelent” ordeni bilen sylaglamagyna nähili garaýarsyňyz?
Alekseý Muhin: Ýakynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň dzýudo boýunça 8-nji dan bilen sylaglanandygyny ýatladasym gelýär. Bu sylagy Ýaponiýanyň Dzýudo boýunça halkara federasiýasy gowşurypdy. Türkmenistanyň Orsýet wekillerine gowşuran häzirki ordenleri-de şoňa meňzeş sylaglar bolmaly. Şeýle sylaglar, adatça, awans hökmünde berilýär. Şeýle sylagy beren tarap geljekde öz bähbitlerine sylaglanan adam tarapyndan has uly üns we hormat bilen garalmagyny isleýär.
Azatlyk Radiosy: Ýurduň bähbitleri barada aýdylanda orden ýaly sylaglaryň berilmegi iş ýüzünde nähili täsir ýetirip bilýär?
Alekseý Muhin: Bu hilli forma, satyn almak diýesim-ä gelenok, ýöne özüňe ünsi gönükdirmek günbatarda kabul edilen we giňden ýaýran bir usul. Şeýle sylaglar juda ýakymly bolýar, olar adamyň ähmiýetini artdyrýar. Umuman, döşüňde sylaglaryň agramyny duýmak ýakymlydyr, adamyň öz özüňe has gymmatly görünmek üçin peýdalydyr. Ýöne sylaglar belli bir borçlary hem göz öňünde tutýar. Şonuň üçin, Türkmenistanyň ýolbaşçysynyň beren sylaglary, onuň orsýet wekilleriniň eden işlerini ykrar edýänliginiň alamaty däl-de, Orsýetiň ýolbaşçylary bilen gatnaşyklaryň täze ugruny ýola goýmaga synanyşyk, diýip hasap edýärin. Türkmenistan orsyýetiň pemýer-ministri Dmitriý Medwedewe ýakynlyşmak üçin ýol gözläp, muny onuň aýaly Swetlana Medwedewanyň üstünden edýän bolmagy mümkin.
Azatlyk Radiosy: Türkmen prezidentiniň Swetlana Medwedewany Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ylym, bilim, medeniýet we gumanitar ugurlardan ösdürilmegine şahsy goşant goşanlygy üçin sylaglandygy habar berildi. Medwedewanyň Türkmenistana degişli alyp barýan işleri köpçülige mälim däl. Ol Orsýetde nähili iş alyp barýar?
Alekseý Muhin: Swetlana Medwedewa ynsanperwer meselelerinde we jemgyýetçilik inisiatiwalar nukdaý nazaryndan dogrudanam aktiw. Onuň bu işleri sylaglanmaga mynasyp. Şeýle-de Swetlana Medwedewa aragatnaşykly adam hökmünde tanalýar, ol ýuduň we daşary ýurtlaryň täsirli adamlary bilen gatnaşyklary ýola goýýan adam hökmünde tanalýar. Türkmen häkimiýetleriniň onuň şu häsiýetlerinden peýdalanmak isleýän bolmaklary ähtimal.
Azatlyk Radiosy: Türkmenistan tarapyndan berilen sylaglaryň “awans” häsiýetlidigini aýtdyňyz. Türkmen ýolbaşçylary Orsýetden näme isleýär, diýip pikir edýärsiňiz?
Alekseý Muhin: Türkmenistan, ilkinji nobatda, öz energiýa syýasatynyň ugruny üýtgetmek isleýär. Ol bu ugurdan gatnaşyklaryny diňe bir Orsýet bilen däl-de, Ýewropa Bileleşigi hem Birleşen Ştatlar bilen osdürmekçi bolýar. Dmitriý Medwedewiň Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge ýykgyn edýän syýasatçydygyny hasaba alsak, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň Orsýetiň Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklara tarapdar syýasy topary bilen gatnaşykda bolmak isleýändigini çäk etmek mümkin. Şeýle bolanda, Türkmenistanyň Medwedewiň aýalyna sylag we hormat bildirmeginiň sebäbi düşnükli görünýär. Türkmenistanyň Orsýet bilen gaz ylalaşygynyň Aşgabadyň energiýa syýasatyny çäklendirip gelýändigini bellemek gerek. Häzirki ýagdaýda Türkmenistan köpugurly energiýa syýasaty barada aýdýan hem bolsa, iş ýüzünde, Orsýet bilen ylalaşyklaryny şu günki güne çenli berjaý edip gelýär.