Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Galyň – owgan türkmenleriniň uly meselesi


Owganystanly käbir türkmenleriň aýtmagyna görä, häzirki wagt galyňyň möçberi käbir welaýatlarda 10,000 amerikan dollaryndan hem geçýär.
Owganystanly käbir türkmenleriň aýtmagyna görä, häzirki wagt galyňyň möçberi käbir welaýatlarda 10,000 amerikan dollaryndan hem geçýär.
Gyzlara galyň salmak musulman ýurtlarynda, şol sanda Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň arasynda-da giňden ýayran däp-dessurlardan biri.

Owganystanly türkmenleriň käbir wekilleriniň aýtmagyna görä, häzirki döwürde galyňyň möçberi käbir welaýatlarda 10,000 amerikan dollaryndan hem geçýär. Bu bolsa, kämillik ýaşyna ýeten ýigitleriň we gyzlaryň wagtynda maşgala gurmagyny kynlaşdyrýar.

Şol bir wagtyň özünde, bu problemany aradan aýyrmak üçin ýurtda käbir çäreler hem görülýär. Azatlyk Radiosynyň “Türkmen sesi” gepleşiginiň bu tapgyrynda şu mesele barada gürrüň edilýär.

Bu söhbetdeşligiň myhmany Owganystanyň Milli Mejlisiniň ýokary palatasynyň agzasy, senator Baýmyrat Goýunly, hususy “Ariana” telekanalynyň türkmen dilindäki gepleşiginiň ýolbaşçysy Arne Juma, bilermen Abdylgani Çerkez we owganystanly türkmen zenanlarynyň hak-hukuklaryny goraýjy medeni jemgyýetiniň ýolbaşçysy doktor Aýşa Uýgun.

Bu programmany Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady alyp barýar.

Şu temadan taýýarlanan “Türkmen sesi” gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:12 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG