Ysraýylyň premýer-ministri Eýran Yslam respublikasynyň atom bombasyna eýe bolmagynyň öňüni almakda “howply çägi” yglan etmäge çagyryş edeninden soň, Tähran islendik hüjüme gaýtawul berjekdigini mälim etdi.
Eýranyň BMG-däky ilçisiniň orunbasary Eşagh al-Habib penşenbe güni (27-nji sentýabrda) BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda “Yslam respublikasynyň özüni goramaga ýeterlik güýjüniň bardygyny we islendik hüjüme gaýtawul bermäge hukugyndan doly peýdalanjakdygyny” aýtdy.
Al-Habib Eýranyň “diňe parahat maksatlara gönükdirilen” ýadro programmasy barada Ysraýylyň “esassyz we manysyz çaklamalar” edýändigini sözüne goşdy.
Mundan öň günüň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Tähran atom ýaragyny döreden ýagdaýynda Eýranyň garşysyna hüjüm edilip bilinjekdigine duýduryş berýän “hopwly çägi” girizmäge zerurlygyň bardygyny aýtdy.
Netanýahu: “Häzirki wagtda Eýranyň atom ýaragyny döretmeginiň parahat usul bilen öňüni almagyň diňe bir ýoly bar. Bu bolsa Eýranyň ýadro programmasyna howply çägi girizmekdir”.
Ysraýylyň liderleri Eýranyň atom ýaragyny döreden ýagdaýynda birtaraplaýyn harby hüjümlerini amala aşyrjakdyklaryny soňky hepdeleriň dowamynda yzygiderli duýduryş edip geldiler.
Netanýahu “howply çäkler urşa getirmeýär, howply çäkler urşuň öňüni alýar” diýdi.
Ol 2013-nji ýylyň tomsunyň ahyryna çenli Eýran atom bombasyny döretmek üçin baýlaşdyrylan uranyň ýeterlikli “derejesine” eýe bolar diýdi.
Netanýahu: “Biziň ählimiziň geljegimize Eýranyň atom ýaragyna eýe bolmagyndan beter howp abandyrjak zat ýokdur. Atom ýaragyna eýe bolan Eýrana düşünmek üçin atom ýaragly “Al-Kaýdany” göz öňüne getiräýiň”.
Bu çykyşdan soň ABŞ-nyň döwlet departamenti döwlet sekretary Hillary Klintonyň 75 minutlap Netanýahu bilen duşuşandygyny aýtdy. Olar Eýrany ýadro ýaragyny edinmekden saklamakda ABŞ-nyň we Ysraýylyň “maksatlarynyň birdigini” tassykladylar.
Şol bir wagtyň özünde ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Katrin Aşton ýadro programmasy boýunça Eýranyň gyssagly hereket etmelidigi barada dünýäniň ösen döwletleriniň maslahat edendigini aýtdy. Ol ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň, Orsýetiň we Hytaýyň daşary işler ministrleri bilen BMG-de geçiren duşuşygy barada žurnalistlere gürrüň berdi.
Aşton halkara jemgyýetçiliginiň Eýran bilen gepleşikleri geçirýän wekili hökmünde bu prosesi dowam etdirmek üçin Eýranyň wekilleri bilen ýene-de duşuşjakdygyny aýtdy.