Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýulda Türkmenistanyň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrligine bir hytaý kompaniýadan bu netbuklary satyn almak üçin degişli şertnamany baglaşmaga ygtyýar berýän karara gol çekipdi.
Türkmenistanda birinji klas okuwçylaryna döwletiň hasabyna netbuklary paýlamak däbi geçen ýyl ýola goýuldy. Resmi maglumatlardan çen tutulsa, geçen ýyl birinji klas okuwçylaryny netbuklar bilen üpjün etmek üçin 26 million dollara golaý serişde goýberilipdir.
Şu ýyl netbuk alan çagalardan birem, Aşgabadyň orta mekdepleriniň birine birinji klasa okamaga giren 7 ýaşly Aýjahan. Emma, Aýjahan häzirlikçe şol kompýuterdan oýun oýnamakdan başga nähili peýdalanjagyny bilenok.
“Men kompýuterde işläp bilemok entäk. Ýöne, oýunlar oýnaýan. Mekdepdäki kompýuter kiçijik we üýtgeşik. Ýöne öýdäki kompýuter mekdepdäkiden gowy” diýip, Aýjahan özüne berlen netbuk barada gürrüň berýär.
Aýjahanyň okaýan klasynda 25 sany okuwçy bar, olaryň hersine-de bir netbuk berlipdir. Aýjahanyň mugallymynyň aýtmagyna görä, çagalar netbuklardan hepdede bir sapakda peýdalanarlar.
“Olar esasan kompýuterden peýdalanmagyň başlangyçlary hem-de netbuklarda goýlan käbir elektron görnüşli sapaklary geçerler” diýip, Aýjahanyň okaýan orta mekdebiniň mugallymy Gülzada aýdýar.
Şertler ýetmezçilik edýär
Emma netbuklar arkaly häli-şindi sapak geçmek üçin orta mekdepleriň ählisinde tehniki taýdan şertleriň doly üpjün edilendigini aýtmak kyn. Esasanam, klaslarda netbuklaryň akkumulýatorlaryna tow bermek üçin ýeterlikli elektrik rozetkalary ýok. Bir netbugyň akkumulýatoryna tow bermek üçin azyndan 6 sagat gerek bolýandygyny orta mekdebiň mugallymy Gülzada aýdýar.
Onuň sözlerine görä, mekdepde netbuklary saklamakda hem käbir kynçylyklar bar.
“Netbuklary 3-nji klasa çenli bolan okuwçylar öýe äkidip bilmeýärler. Şonuň üçin mekdepde ýörite gulplanýan seýf şkaflaryny gurmaly bolýar. Munuň üçin ene-atalardan pul ýygnalýar – diýip, Gülzada gürrüň berýär.
Şol bir wagtda-da netbuklar arkaly sapak berip bilýän mugallymlaryň hem azdygy aýdylýar. Bilim işgärleriniň aýtmaklaryna görä, ýurtda başlangyç klaslarynyň mugallymlarynyň köpüsi informasion tehnologiýalardan başy çykmaýan kadrlar.
“Olaryň köpüsi tejribeli mugallymlar. Oňa söz ýok. Emma olaryň köpüsi kompýuterleri ulanyp bilmeýärler. Bu hili tehnikadan başy çykýan ýaş mugallymlar bolsa az. Ylaýta-da oba ýerlerindäki mekdeplerde informasion tehnologiýalar boýunça sapak berip biljek mugallymlar ýetmezçilik edýär. Şol sebäpdenem netbuklaryň sapaklarda asla ulanylmaýan mekdepleri hem bar” diýip, aşgabatly bilim işgäri aýdýar.
Aslyýetinde netbuklar internetden peýdalanmaga niýetlenip döredilen enjam. Internet bolsa Türkmenistanda gaty çäkli. Düýbi Parižde ýerleşýän ”Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň hasabatlaryndan çen tutulsa, Türkmenistan dünýäde internediň iň az ornaşan ýurtlaryndan biri.
Emma, muňa garamazdan, çagalaryň kompýuterler bilen üpjün edilmegi, diňe olary däl, olaryň ene-atalaryny hem begendirýär, ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bilim işgäriniň aýtmagyna görä, zerur şertler döredilmän kompýuterleriň paýlanmagy, bu proýektiň we oňa goýberilen serişdäniň näderejede täsirli boljagy barada soraglary döredýär.