Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"MTS-Türkmenistan" işläp başlady


Aşgabadyň "Gülüstan" bazaryndaky "MTS-Türkmenistan" kompaniýasynyň edarasy. 30-njy awgust, 2012 ý.
Aşgabadyň "Gülüstan" bazaryndaky "MTS-Türkmenistan" kompaniýasynyň edarasy. 30-njy awgust, 2012 ý.
Penşenbe güni Orsýetiň MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň "MTS-Türkmenistan" bölümi Türkmenistanda mobil aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürläp başlady. 2010-njy ýylyň dekabrynda MTS mobil operatorynyň lisenziýasynyň möhleti uzaldylmansoň, ol Türkmenistandaky işlerini bes etmäge mejbur bolupdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Myrat Gurbanow kompaniýanyň Aşgabatdaky edarasyna baryp gördi. Ol "MTS-Türkmenistan" kompaniýasynyň berip başlan ilkinji hyzmatlary barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: MTS-iň ilkinji hödürlän hyzmatlarynda nähili tarif planlary bar?

Myrat Gurbanow: MTS-iň işiniň togtadylmagynyň öňüsyrasynda, 2010-njy ýylyň dekabrynda, onuň 14 sany tarif plany bardy. Emma häzir sentýabryň ahyryna çenli şolaryň bäşisi hereket eder. Olar: ”Söýgüli”, ”Köp jaňlar”, ”Uzak gepleşikler”, ”Otliçnyý”, ”Profi-tarif” planlaryndan ybarat.

Galan dokuz tarif planlaryny öň ulanan müşderileriň hem şol bäş tarif planyna geçirilekdigi barada MTS kompaniýasy maglumat ýaýradýar. Mysal üçin, ”Red Start”, ”Red leto”, ”Red energy”, ”Welaýat+” ýaly tarif planlaryny ulanan müşderileriň nyrh meýilnamalary ”Otliçnyý” tarif planyna geçiriler.

Şeýle-de öňki müşderilere 2010-njy ýylyň dekabr aýyna çenli hasabynda bolan puldan galyndynyň 20%-i möçberinde bonus hem berilýär. 30-njy awgustdan tä 30-njy sentýabra çenli ulgamyň içindäki özara jaňlar üçin günde ýeňillikli 30 minut gazanyp bolýandygy hem aýdylýar. Emma oktýabr aýyndan täze tarif planlarynyň we hyzmatlaryň girizilmegine garaşylýar.

Azatlyk Radiosy: Täze SIM-kartalaryň 1-nji oktýabrdan satylyp başlanjakdygy habar berilýär. Bu barada nähili maglumatlar bar?

Myrat Gurbanow: Häzir diňe MTS kompaniýasy bilen mobil aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek baradaky şertnamalary ýatyrylmadyk müşderileriň sim-kartlary işleýär ýa-da dikeldilýär. Täze sim-kartlar satylmaýar. Emma MTS-iň hyzmat ediş nokatlarynda oktýabr aýyndan täze sim-kartlaryň satylyp başlanmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar. MTS kompaniýasynyň bildiriş bukletinde hem 30-njy sentýabrdan gijä galmazdan, täze nomerleri satuw ofislerinde birikdirip boljakdygy barada aýdylýar.

Azatlyk Radiosy: Aşgabatda MTS-iň täze hyzmatlaryna isleg nähili?

Myrat Gurbanow: MTS-iň açylmagyna garaşan türkmenistanlylar örän köp. MTS-iň hyzmatlaryna ilat arasynda isleg uly. Sebäbi ”Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy 2010-njy ýylda işi togtadylan MTS-iň ornuny tutup bilmedi.

MTS-iň şu gün irden açylan müşderilere hyzmat edýän nokatlarynda adamlar köpdi. Olaryň käbirleri ýanlaryna pasportlaryny alyp, ýörite arzany dolduryp 3 manat töläp, ýitiren sim-kartlaryny doldurýardylar. Hyzmat ediş nokatlarynda öz hasaplaryny doldurýanlar hem az däldi.

Emma Parahat bazaryndaky MTS-iň müşderilere hyzmat ediş nokadynda häzirlikçe hasaby diňe töleg kartlary bilen dolduryp bolýandygyny aýtdylar. Ýeri gelende aýtsak, häzir MTS-iň aragatnaşygynyň hem hili o diýen gowy däl. Ýöne bu ýagdaýdan nägilelik bildirýän MTS-iň müşderilerini görmedim. Adamlar wagty bilen bar zat gowulanar diýen umytda.
XS
SM
MD
LG