Müsürde mundan ozal gadagançylykda bolan “Musulman Doganlygy” partiýasyndan täze saýlanan prezident Muhammad Mürsi şenbe güni resmi ýagdaýda prezidentlige kasam etdi.
Ýurduň Ýokary Konstitusion sudunyň öňünde eden kasamynda Muhammad Mürsi konstitusiýa we kanunçylyga hormat goýmaga söz berdi.
“Men respublika sistemasyny wepalylyk bilen gorajakdygyma, konstitusiýa we kanunçylyga hormat goýjakdygyma, halkyň bähbidi üçin alada etjekdigime, milletiň özbaşdaklygyny we onuň howpsuzlygyny gorap saklajakdygyma Taňrydan ant içýärin” diýip, Muhammet Mürsi kasam etdi.
60 ýaşly Muhammad Mürsi ýakynda geçirilen ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynda ýurduň ozalky premýer-ministri Ahmed Şafik bilen özara bäsleşip, sesleriň 51.7 prosentine eýe boldy we ýeňiji diýlip yglan edildi. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda inžener hünäri boýunça ýokary bilim alan.
Yslam meselesini gozgamady
Muhammad Mürsi Müsürde mundan 60 ýyl ozal monarhiýa häkimiýeti agdarlaly bäri döwlet başyna geçen bäşinji liderdir. Ol bu ýurtda taryhda ilkinji gezek geçirilen erkin saýlawlaryň netijesinde häkimiýet başyna geldi.
Inagurasiýa dabarasyndan bir gün öň, anna güni Kairiň merkezi meýdançasyna üýşen özüniň on müňlerçe tarapdarynyň öňünde eden çykyşynda Muhammad Mürsi ýurduň musulman we hristian ilatyna ýüzlenip, Müsürde “raýat, milli we konstitusion döwlet” döretmeklige söz berdi.
Ol “Musulman Doganlygy” partiýasynyň arzuw edýän yslam kanunçylygy barada hiç hili gürrüň etmedi.
Özüniň bu çykyşynda ol ýurduň harby liderleriniň özüniň prezidentlik ygtyýarlyklaryny çäklendirmäge çalyşýandyklary barada-da durup geçdi. Onuň bu çykyşy adaty müsürlilerde dürli hili reaksiýalary döretdi.
Real zatlara garaşylýar
Kairiň ýaşaýjysy Sami Farag “Roýter” habar agentligine beren interwýusynda bu barada şeýle diýdi: “Biz bu sözleri real zada öwürjek syýasy ädimlere garaşýarys. Prezidentiň komandasy, garaşsyz premýer-ministr, koalision hökümet – ine, şu zatlar bu sözleri reallyga öwürjek zatlar. Şu zatlaryň bolmadyk ýagdaýynda, ähli zat owadan söz bolmagynda galar”.
Iýun aýynyň başynda Müsüriň Ýokary sudy saýlawlardaky bikanunlyga salgylanyp, “Musulman Doganlygy” partiýasynyň deputatlarynyň agdyklyk edýän parlamentini dargydypdy. Şol wakanyň yzy bilen bolsa, harby geňeş prezidentiň ygtyýarlyklarynyň-da köpüsini öz eline aldy.
Öz-özüni kanuny organ diýip yglan eden bu harby geňeş indi ýurduň konstitusiýasynyň taslamasyny taýýarlamak ýaly ygtyýarlyklara-da eýelik edýär. Munuň üstesine, prezident Muhammad Mürside bu harby geňeşiň agzalaryny bellemeklige ýa olary wezipeden boşatmaklyga-da ygtyýar ýok.