Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Howanyň sowamagy öýsüz-öwzarsyz adamlar üçin jebir-jepa öwrülýär


“Sowuk gyşy geçirmek agyr hem bolsa erkinlikde bolanyň gowy” diýip, Aman aýdýar.
“Sowuk gyşy geçirmek agyr hem bolsa erkinlikde bolanyň gowy” diýip, Aman aýdýar.
Aşgabadyň ýaşaýjysy, 40 ýaşyndaky Aman Parahat mikroraýonyndaky 9 gatly jaýyň üçeginde ýaşaýar. Adaty günler ol çem gelen ýerde ýatyp-turýar. Emma gyş paslyny ol üçekde geçirýär.

—Parahat mikroraýonyndaky 9 gatly ýaşaýyş jaýlaryň üçeginde sowuk gyşy geçirmek üçin öýsüz-öwzarsyz adamlar üçin amatly şertler bar. Ýaşaýjylar kowmasa, gyşy geçirip bolýar—diýip, Aman aýdýar.

40 ýaşly Amanyň ýatyp turýan ýeri
40 ýaşly Amanyň ýatyp turýan ýeri
Howanyň sowamagy jemgyýetiň sosial taýdan goragsyz gatlagy bolan öýsüz-öwzarsyz ýaşaýan adamlar üçin agyr jebir-jepa öwrülýär. Il içinde “bomž” diýlip atlandyrylýan öýsüz-öwzarsyzlara gyşyň sowuk günlerini başdan geçirmek kynlaşýar. Gyşyň sowuk günleri olar ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerinde ýa-da podwallarynda ýatyp-turýarlar.

Käbir öýsüz-öwzarsyz adamlar jaýlary ýylatmak üçin geçirilen ýyly turbalaryň arasynda, açyk asmanyň aşagynda hem ýatýarlar. Ýöne, muňa garamazdan, sowuk howada dürli kesellerden heläk bolýan öýsüz-öwzarsyz adamlar az däl.

Aşgabatly lukmanyň aýtmagyna görä, sowuk howadan iň köp heläkçilige uçraýan adamlar öýsüz-öwzarsyzlar. Lukman bu hakda şeýle diýýär:

—Öýsüz-öwzarsyzlaryň sowukda doňup ýa-da keselläp heläk bolan halatyny hiç kim bilmeýärem. Olar heläk bolansoňlar birnäçe gün geçen soň olaryň jesetleri tapylýar.

Sowet döwründen galan propiska ýa-da belli bir ýerde ýazgyda durmak düzgüni saklanyp gelýän Türkmenistanda öýsüz-öwzarsyz adamlar bolmaly däl ýaly hem bolup görünýär. Emma öýsüz-öwzarsyz galýan adamlar bar.
Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Merdan öýsüz-öwzarsyz galýan adamlaryň aglabasynyň öz ýaşaýan jaýlaryndan bikanun mahrum edilenlerdigini aýdýar:

—Olaryň ählisi diýen ýaly neşekeş ýa-da arakhor adamlar. Ýeke ýaşaýan neşekeş, arakhor adamlaryň kwartiralary domuprawleniýäniň hem-de polisiýanyň ýerli wekilleriniň aýratyn gözegçiliginde bolýarlar. Olar şol adamlara kömek etmek üçin olary gözegçilikde saklanoklar. Olaryň esasay maksady şol adamlaryň kwartiralaryny almak. Kwartiralaryny almak üçin kähalatlarda olary LTP-ä ýa-da türmä hem basýarlar. Kähalatlarda bolsa neşekeş ýa-da arakhor bolmadyk ýeke ýaşaýan garry adamlar hem öýsüz-öwzarsyz galýarlar. Hatda, domuprawleniýäniň käbir işgärleri hem-de polisiýa işgärleri gijelerine ýeke ýaşaýan garry adamlaryň kwartirasynyň çyrasynyň ýanýandygyny ýa-da ýanmaýandygyny hem ýörite barlaýarlar.

Ýardam berilýärmi?

Jemgyýetiň sosial taýdan goragsyz agzalary bolan öýsüz-öwzarsyzlara döwlet tarapyndan ýardam berilýäne meňzänok. Dünýäniň siwilizlenen ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda öýsüz-öwzarsyz adamlar üçin ýörite ýatak jaýlary ýa-da olara gyzgyn nahar berilýän ýerler barada maglumat tapyp bolmady. Öýsüz-öwzarsyz adamlaryň özleri hem döwletiň şolar ýaly sosial ýardamyndan bihabar.

Öýsüz-öwzarsyzlar zir-zibil taşlanýan çeleklerden iýmitlenýärler.
Öýsüz-öwzarsyzlar zir-zibil taşlanýan çeleklerden iýmitlenýärler.
Öýsüz-öwzarsyzlar zir-zibil taşlanýan çeleklerden iýmitlenýärler. Şol ýerde hem zyňlan eşikleri alyp geýýärler. Zir-zibilden tapan “oljalaryny” paýlaşyp bilmän, uruşýan mahallary seýrek däl.

Ilat arasynda hem öýsüz-öwzarsyzlara kömek etjek adamlar az. Jemgyýetde öýsüz-öwzarsyz adamlara bolan garaýyş esasan biparh ýa-da negatiw. Munuň hem öz sebäbi bar. Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Merdan bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýýär:

—Olaryň öýleri bolmansoň, gije ýatmak üçin ýaşaýyş jaýlaryň üçeklerinde düşleýärler. Elbetde, bular ýaly goňşuçylygyň erbet tarapy köp. Olar zir-zibile zyňlan ýorgan-düşekleri ýaşaýyş jaýlarynyň üçeklerine getirýärler. Üçekler zir-zibile öwrülýär. Ýanlary bilen ýoldaşlaryny getirip, serhoşlyk hem edýärler.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik polisiýa işgäriniň aýtmagyna görä, öýsüz-öwzarsyzlaryň käbirleri açlykdan ölmekden hem-de sowuk gyşdan gutulmak üçin ýörite ownuk jenaýat edip, türmelere düşýärler. Ýa-da arakhorlukdan, neşekeşlikden gutulmak bahanasy bilen LTP-ä meýletin barýarlar. Çünki ol ýerlerde olara nahar berilýär hem-de nähili-de bolsa olaryň ýatak ýerleri bolýar. Ýöne öýsüz-öwzarsyz adamlaryň aglabasy gyşyň sowuk howasyny ýaşaýyş jaýlaryň üçeklerinde ýa-da podwallarynda geçirýärler.

40 ýaşyndaky Aman hem birnäçe gezek LTP-de bolup gören. Emma ol LTP-de bolanyndan gyşda üşänini gowy görýär. “Sowuk gyşy geçirmek agyr hem bolsa erkinlikde bolanyň gowy” diýip, Aman aýdýar.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG