Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen futbolçylary halkara ýaryşyny şowly başlady


Arslan: "Ilkinji nobatda döwletiň biziň ýurdumyzda sporty dikeltmek bilen çyndan gyzyklanmagy gerek. Onsoňam, men Türkmenistanyň daşary ýurtly trenerleri ýurda çagyryp getirmegi örän möhüm rol oýnarmyka öýdýärin".
Arslan: "Ilkinji nobatda döwletiň biziň ýurdumyzda sporty dikeltmek bilen çyndan gyzyklanmagy gerek. Onsoňam, men Türkmenistanyň daşary ýurtly trenerleri ýurda çagyryp getirmegi örän möhüm rol oýnarmyka öýdýärin".

Türkmenistanly futbolçylar Arkalaşyk kubogy ugrundaky ýaryşy estoniýaly futbolçylary utmak bilen başladylar.


2012-nji ýylyň Arkalaşyk kubogy Orsýetiň futbol bileleşiginiň 100 ýyllyk baýramçylygynyň çäklerinde geçirilýär. “Peterburgskiý” sport kompleksinde 19-njy ýanwarda Türkmenistan bilen Estoniýanyň ýetginjekler komandasynyň arasynda geçirilen ýaryş 1:0 hasabynda Türkmenistanyň komandasynyň peýdasyna gutardy.

Arkalaşyk kubogy ugrundaky bu nobatdaky turnir Sankt-Peterburgda 19-29-njy ýanwar aralygynda geçirilýär. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy “A” toparda çykyş edip, 20-nji ýanwarda Gazagystanyň, 22-nji ýanwarda bolsa Orsýetiň ýaşlar komandasy bilen bäsleşýär.

Bu ýaryşa Ukrainanyň, Moldowanyň, Gyrgyzystanyň, Latwiýanyň, Belarusyň, Eýranyň, Täjigistanyň we Litwanyň komandalary hem geldiler. Azatlyk Radiosy Ýewropada ýaşaýan türkmen studenti we türkmen futbolçylarynyň janköýeri Arslan bilen düýnki ýaryş we indi boljak oýunlar barada gysgaça söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Arslan, Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy 18-nji ýanwarda bolan ýaryşda Estoniýanyň ýaşlar ýygyndysyny 1:0 hasabynda utmagy başardy. Siz türkmen futbolçylarynyň janköýerleriniň biri hökmünde bu oýna nähili baha berýärsiňiz?

Arslan: Elbetde, bu ýeňiş şowlulyk, nesibe bilen bagly. Biziň oýunçylarymyzyňky şowuna boldy, sebäbi estoniýalylar öz mümkinçiliklerini gowy ulanyp bilmediler. Ýöne, şol bir wagtda-da, biziň oýunçylarymyz ýeterlik derejede erjellik, tutanýerlilik görkezdiler we hut şunuň netijesinde-de, ýurdumyz üçin örän möhüm bolan ýeňşi gazanmagy başardylar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen futbolçylarynyň indiki garşydaşlarynyň rus we gazak futbolçylary boljagy aýdylýar. Siz bu oýunlardan nämä garaşýarsyňyz? Ýagny, bu oýunlarda kim utar öýdýärsiňiz?

Arslan: Rus futbolçylarynyň komandasyna garşy durmak örän çylyşyrymly bolar, sebäbi häzir Orsýetde futbol uly galkynyşda we ol ýerde ýaş oýunçylary ýetişdirmäge, olaryň oýun başarnygyny ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Şeýle-de, Orsýetde futbolyň ähli ugurlaryny dikeltmek üçin örän kän pul dökülýär.

Azatlyk Radiosy: Siz türkmen futbolçylarynyň şular ýaly ýaryşlarda has netijeli çykyş etmegi üçin Türkmenistanda nämeler edilmeli diýip pikir edýärsiňiz?

Arslan: Ilkinji nobatda döwletiň biziň ýurdumyzda sporty dikeltmek bilen çyndan gyzyklanmagy gerek. Onsoňam, men Türkmenistanyň daşary ýurtly trenerleri ýurda çagyryp getirmegi örän möhüm rol oýnarmyka öýdýärin.

Men adamlaryň sport bilen gyzyklanmagy, sporta gelmegi üçin, ozaly, strukturany, gurluşy dikeltmeli diýip hasaplaýaryn. Ýurtda geçirilýän sport çärelerini adamlar biler ýaly, ýaryşlar ýarym boş stadionlarda, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçmez ýaly, olary telewideniýede has köp bermeli.

Eger janköýerleri gyzyklandyrmagy başarsaň, olary sport ýaryşlaryny görmäge köp çekip bilseň, tutuş strukturany dikeldip bilersiň. Bu iş sporty ösdürmegiň örän möhüm bölegi.
XS
SM
MD
LG