Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Freedom House”: Türkmenistan “ýaramazlaryň ýaramazy”


Arç Puddington:“Türkmenistanyň häzirki lideri öz şähsyýet kultuny döretdi. Demokratik gymmatlyklar boýunça Türkmenistanda göze ilýän öňegidişlik bolmady”.
Arç Puddington:“Türkmenistanyň häzirki lideri öz şähsyýet kultuny döretdi. Demokratik gymmatlyklar boýunça Türkmenistanda göze ilýän öňegidişlik bolmady”.
19-njy ýanwarda düýbi ABŞ-da ýerleşýän “Freedom House” guramasy 2012-nji ýyl boýunça “Dünýäde azatlyklaryň ýagdaýy” atly ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. Geçen ýyllarda bolşy ýaly Türkmenistan bu ýyl hem “ýaramazlaryň ýaramazy” diýlip atlandyrylýan iň repressiw ýurtlaryň hataryna girdi.

“Freedom House” guramasynyň soňky ýaýradan hasabatynda 2011-nji ýylda arap ýurtlarynda bolan halk rewolýusiýalarynyň, Sowet Soýuzy dargansoň bolşy ýaly, repressiw ýurtlarda ýaşaýan ilatda optimistik duýgulary döredendigi aýdylýar.

Täze tendensiýalar peýda boldy

“Freedom House” guramasynyň barlaglar boýunça wise-prezidenti Arç Puddingtonyň aýtmagyna görä, 70-nji, 80-nji, 90-njy ýyllarda dünýaniň dürli künjeklerinde ýüze çykan demokratik özgerişliklerden alysda bolan arap ýurtlaryndaky wakalar adamlaryň köne repressiw dolandyryş usullaryny mundan beýläk kabul etmejegini görkezýär.

“Häzir dürli wakalar ýüze çykýar, adamlar köne režimiň sütemkärçilikli dolandyryş ýollaryny kabul etmekden ýüz öwürýärler. Şonuň üçin-de, 2011-nji ýyl adamlarda lapykeçlik däl-de, optimistik duýgularyň peýda bolmagyna getirdi ” diýip, Arç Puddington belledi.

“Freedom House” guramasy şeýle ýyllyk hasabatlary indi 1972-nji ýyldan bäri her ýyl taýýarlap gelýär we onda dünýä ýurtlaryndaky syýasy hukuklaryň hem-de graždan azatlyklarynyň ýagdaýyna “Azat”, “Bölekleýin azat” we “Azat däl” diýen kategoriýalar boýunça baha berilýär.

Bu gezek dünýäniň 195 ýurdundaky hem 14 regionyndaky ýagdaýlara syn berlip taýýarlanan bu hasabatda 87 ýurda “Azat” diýlip baha berlipdir. Hasabata görä, soňky 6 ýylyň dowamynda adam hukuklarynyň berjaý edilişi hem raýatlaryň azatlygy bilen bagly ýagdaý 12 ýurtda gowulaşan bolsa, dünýäniň 26 ýurdunda bu ýagdaý ýaramazlaşypdyr.

Türkmenistan we Özbegistan tapawutlanýar

Hasabatda Merkezi Aziýa regionynda ilatyň azatlygy bilen bagly iň ýaramaz ýagdaý Türkmenistanda hem Özbegistanda diýilýar.

“Freedom House” guramasynyň barlaglar boýunça wise-prezidenti Arç Puddington.
“Freedom House” guramasynyň barlaglar boýunça wise-prezidenti Arç Puddington.
“Freedom House” guramasynyň wekili Arç Puddington Türkmenistana Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk edip başlamagy bilen, başda ýagdaýyň Nyýazowyň döwründäkiden gowulanjakdygyna umyt döräpdi diýýär: “Emma Türkmenistanyň häzirki lideri öz şähsyýet kultuny döretdi. Demokratik gymmatlyklar boýunça Türkmenistanda göze ilýän öňegidişlik bolmady”.

Hasabatda Türkmenistanyň ýakyn goňşusy Özbegistanda hem adam hukuklary we azatlyklary bilen bagly ýagadaýyň Türkmenistandaka meňzeşlikde ýaramazdygyna garamazdan, bu ýurduň repressiw usullardan el çekmäge synanyşýandygy aýdylýar.

“Freedom House” guramasynyň barlaglar boýunça wise-prezidenti Arç Puddingtonyň aýtmagyna görä, 1990-njy ýyllarda Özbegistanda berk režimi ornaşdyran Yslam Karimow, Gazagystanda Nazarbaýewiň edişi ýaly, repressiw syýasatdan daşlaşmaga synanyşýar. Muňa Günbataryň bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurlygy hem sebäp bolýar. Şol zerurlyk hem Owganystandaky uruş sebäpli Özbegistanyň oňyn geosyýasy ýerde ýerleşýänliginden gelip çykýar.

Arç Puddington bu barada şeýle diýýär: “Özbegistanyň strategik ýerleşişi üçin ABŞ we beýleki ýurtlar Karimowa geçirimlilik edýärler. Ol ýurduň içinde musulman terroristlerine garşy göreş alyp barýan diýip, din wekillerine basyş görkezýär. Netijede, diniň kadaly ösüşine böwet döredilse, gaýta tersine, munuň dindarlaryň radikallaşmagyna getirmegi mümkin”.

“Freedom House” guramasynyň hasabatynda raýatlaryň hukuklary hem azatlyklary ýaramazlaşan ýurtlaryň hataryna Gazagystan we Azerbaýjan ýaly ýurtlar hem girizilipdir.
XS
SM
MD
LG