Orsýetiň Krasnoýarsk şäheriniň gimnaziýasynyň okuwçysy Matweý Siwinýuk, özüniň okaýan okuw jaýynda “Bütewi Orsýet” partiýasynyň agitasion plakatlaryny ýyrtandygy üçin, gimnaziýanyň direktory bilen bolan gürrüňi ýaşryn wideo ýazga düşürip, ony internete ýerleşdirdi hem birnäçe günüň içinde meşhurlyk gazandy.
Orsýetiň Krasnoýarsk şäheriniň gimnaziýasynyň binalarynda ýurduň dolandyryjy partiýasy bolan “Bütewi Orsýet” partiýasynyň parlament saýlawlaryna hödürlenýän dalaşgärleriniň agitasion plakatlary asyldy. Bu gimnaziýanyň okuwçylarynyň biri Matweý Siwinýuk bu plakatlary ýyrtyp, olaryň käbirlerinde paýyş sözleri ýazyp, öz graždanlyk pozisiýasyny beýan edipdir.
Maglumata görä, Matweý Siwinýuk öz hereketleri üçin gimnaziýanyň direktorynyň kabinetine çagyrylypdyr. Direktoryň Matweýi polisiýa tabşyrjakdygy baradaky haýbat atmalaryna garamazdan, 15 ýaşly okuwçy kanun boýunça syýasy agitasiýalaryň bilim berýän edaralarda geçirilmeýändigini aýdyp, gimnaziýanyň direktory Aleksandra Pronina öz hereketlerini düşündürjek bolupdyr. Direktor hatda Leniniň hem garagolluk edenligi üçin öz döwründe gimnaziýadan kowulandygyny aýdyp, Siwinýugi dek gezmäge çagyrypdyr.
Matweý Siwinýuk bu bolan gürrüňdeşligi gizlinlik bilen mobil telefony arkaly ýazga geçirip, ony “YouTube” internet saýtynda ýerleşdiripdir. Bu gürrüňdeşlikde 15 ýaşly Matweý Siwinýugyň Orsýetiň anyk kanunçylyk aktlaryna salgylanmak bilen, gimnaziýanyň direktoryna okuw jaýynda syýasy agitasiýanyň gadagandygyny düşündiryändigini görmek bolýar.
Bu gürrüňdeşlikde gimnaziýanyň direktory saýlawlara dalaşgärleriň agitasion plakatlaryny: “Agitasiýa däl. Bu diňe dalaşgärleriň terjimehallaryny adamlaryň okamagy üçin asylan plakatlar” diýip, bu yagdaýy ýuwmarlamaga çalyşýar.
15 ýaşly Matweý okuw jaýynda syýasy agitasiýanyň bikanundygyny aýtsa-da, “Bütewi Orsýet” partiýasynyň regional bölüminiň ýokary derejeli wekili Alekseý Dodatko plakatlaryň gimnaziýada asylmagy bikanun däl diýýär.
Dodatko bu wakanyň yzy bilen eden çykyşynda: “Men ýene bir gezek ýuristler bilen maslahatlaşdym. Olar belli bir edaranyň ýa-da guramanyň ýolbaşçysynyň rugsady bilen haýsy-da bolsa bir syýasy reklamany ýerleşdirip bolýar diýdiler” diyip, bu işiň kanuna laýykdygyny subut etmäge çalyşdy.
Şeýle hem, Alekseý Dodatko Matweý Siwinýuk bilen gimnaziýanyň direktorynyň arasyndaky konfliktiň aňyrsynda syýasy däl-de, pedagogiki sebäpleriň ýatandygyny öňe sürdi. Ol Matweý Siwinýuk bilen bagly ýüze çykan konflikte “Bütewi Orsýet” partiýasynyň dahylynyň ýokdugyny nygtady.
Krasnoýarsk Şäher Geneşiniň deputaty Alekseý Seleznew bolsa, bu konfliktiň ilatyň ýurdy dolandyrýan partiýadan ýadandygyna şaýatlyk edýändigini aýdýar diýýär. Ol Azatlyk Radiosynyn Rus gullugyna beren interwýusynda: “Meniň pikirimçe, bizde şeýle gimnaziýanyň okuwçylary köpräk bolsa, onda ýurduň syýasy sistemasy hem has erkin bolardy. Umumy alanyňda bolsa, bu saýlawlar üçin adaty ýagdaý. Ýagny, häkimiýet başyndakylar ýurdy dolandyrýan partiýanyň haýryna administratiw resurslardan peýdalanyp, syýasy bäsleşigi çäklendirýärler” diydi.
Krasnoýarsk şäheriniň Bilim bölüminiň baş administrasiýasynda bu mesele bilen bagly barlag geçirilip, okuwçylaryň gimnaziýanyň direktory bilen gödek gürleşmeginiň kabul ederlikli däldigi aýdylypdyr. Munuň üstesine, Krasnoýarsk ülkesiniň wise-gubernatory Sergeý Ponomorenko hem “Facebook” internet saýtyndaky sahypasynda 15 ýaşly Matweýiň wideo ýazgyda özüni alyp barşyny “agressiw bisowatlylyk hem bihaýalyk” diýip atlandyrypdyr. Yöne Matweý Siwinýugy goldap, onuň wideo ýazgysyna teswir ýazan ýüzlerçe adam Ponomorenkonyň bu garaýşy bilen ylalaşmandyrlar.