Türkmenistanda medeni çärelere hem ýurdy abadanlaşdyrmak işlerine soňky döwürde has köp üns berilýär. Bu ugurda ummasyz uly möçberde pul serişdelerini sarp etmek göz öňünde tutulýar. Könäniň ýanyndan täze gurulýar. Täze ýer-ýurt atlary peýda bolýar. Elbetde, ol hem biziň täze taryhymyz. Ýöne täzelik könäni we köne ýer-ýurt atlaryny düýpden ýok etmeli däl.
“Ýer-ýurt atlary biziň aýrylmaz gündelik hemramyz. Bu atlaryň aňladýan manylary, olaryň ýüze çykyş sebäpleri bilen adamlar has irki döwürlerden bäri gyzyklanyp gelipdirler” diýip, belli toponim alymy, akademik S. Atanyýazow ýazýar. Bu alymyň aýtmagyna görä, oba-şäherleriň atlary özlerini döreden şol gadymy halklardan galan ajaýyp ýadygärlikler hökmünde biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Ýer-ýurt atlary diliň we halkyň taryhyny öwrenilende möhüm ähmiýete eýedir. Olardan biri Darganata toponimi bolsa gerek. Bu ady göterýän şäher möhüm taryhy wakalar bilen berk baglanyşykly. Bir mysala ýüzlensek, 1220-nji ýylyň gyşynda Çingiz hanyň goşuny şol ýerde, derýanyň sag kenarynda gyşy gyşlap, ýaz çykanda şol sebitden derýadan geçip, häzirki Türkmenistanyň çäginde ýykgynçylykly ýörişe başlapdyr. Şeýle taryhy wakalar ýer-ýurt atlary bilen baglanyşykly halkyň hakydasynda ýaşaýar.
Indi Darganata sözüniň manysyna gelsek, onuň başky “Dargan” bölegi biziň eramyzdan öňki döwre degişli hasap edilýär. Ol dürli taryhy şertleri başdan geçiripdir. Adamzat jemgyýetiniň iň gadymy ýaşaýyş merkezlerinden biri bolan Türkmenistanyň çäginde, şol sanda Darganatada hem dürli döwürlerde aýry-aýry dilleri hem medeniýeti bolan halklar ýaşapdyr. Dargan, soňra Darganata sözleriniň emele gelşi hem şeýle taryhy pursatlar bilen baglanyşykly saýylýar.
Lebap welaýatynyň iň demirgazyk etraby bolan Darganata, häzirki ady Birata etrabynda irki we giçki orta asyrlardan Horezm döwletine degişli bolan Dargan şäheriniň galyndylary guma garylyp ýatyr.
Eýsem Dargan sözüniň manysy näme? Ol haçandan bäri Darganata atlandyrylýar? Belli dilçi alym S. Atanyýazowyň “Türkmenistanyň toponimiki sözlügi” (Aşg. 1970) atly kitabynyň 108-nji sahypasynda bu toponim barada şeýle ýazylýar: “Amyderýanyň çep kenarynda raýon, posýolok, demir ýol stansiýasy. Dargan sözüniň manysy belli däl. Ata bolsa edil hoja, baba sözleri ýaly öwlüýä atlarynda köp duş gelýän sözdür. Ony şu ýerde atalaryň ýaşaýandygy bilen hem baglanyşdyrýarlar. Emma bu nädogrudyr”.
Dargan şäheriniň öz wagtynda Horezmiň iri şäherlerinden biri bolandygyny, onuň gadymydygyny subut edýän taryhy maglumatlar az däl. Onunjy asyrda ýaşap geçen arap taryhçysy Istihry irki Horezmiň iri 12 şäherini sanap geçende, Dargany Kätden soň ikinji orunda goýýar. Şol döwrüň taryhçysy al-Makdisi hem ony şol sebätdäki 2-nji uly şäher hökmünde belleýär. Bu şäheriň orta asyrlarda nähili uly bolandygyny göz öňüne getirmek kyn däl. Beýleki bir arap taryhçysy al-Mukaddesi Darganata bilen birlikde şol töwerekde ýerleşen Sedwer, Jigerbent, Däneşir, Kapyraz şäherleriniň-de bolandygyny aýdýar. Şu günler hem şol etrapda şol atlary göterýän obalar bar.
Dargan toponiminiň Magtymguly Pyragynyň döwründe-de belli bolandygy mälim. Şahyryň goşgusynda “Darganyň şährine gökden ses geler” diýen setir bar.
Dargan sözüniň yzyna ata sözüniň goşulmagyna gelsek, gadymy şäheriň golaýynda Dargan diýen bir piriň mawzoleýi bar. Il arasynda oňa Darganata ýa-da Darganbaba diýilýär. Dilçi alym S. Atanyýazow bu mawzoleýiň adynyň ata taýpasynyň ýüze çykmazyndan öň bolandygyny belleýär. Häzirki atalar bolsa ol ýere XX asyryň 2-nji ýarymynda göçüp barypdyrlar. Şeýle-de bolsa, atalar özlerinuiň taýpa adyny dört Çaryýarlaryň üçünjisi, arap halyfy Osman ibn Affanyň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Bu taýpanyň özüni-de şol şahsdan gaýdan hasaplaýarlar. Ýöne akademik S. Atanyýazow ata sözüniň türki sözdügini, onuň aslynda çaganyň atasy-kakasy manysynyň bardygyny belleýär. Soňra bu söz hormatly, köp halatda bolsa öwlatlara degişli adamlaryň adynyň yzyna goşulypdyr.
Käbir taryhçy alymlar gadymy Darganyň golaýyndaky mawzoleýde jaýlanan şahsyň hakyky adynyň unudylyp, şäheriň ady bilen atlandyrylan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Sebäbi Merkezi Aziýanyň toponimikasynda ýer-ýurt adynyň şahsa, şahsyň adynyň ýer-ýurda geçmeginiň mysallary gaty kän.
Öňki prezident S. Nyýazow bolsa bu barada alymlaryň pikirlerini-de, dargan sözüniň aýdylyşyny-da nazara almazdan, Darganata adyny Birata diýip üýtgetdi oturyberdi. Ýogsam bolmasa dargan sözi gysga aýdylyp, onuň darga:an, pytran manyny bermeýändigini alymlar birnäçe gezek aýdypdylar.
Türkmenisatndaky käbir beýleki oba-şäherleriň taryhy atlary-da hiç hili esas bolmazdan üýtgedildi.
Osman Hallyýew garaşsyz žurnalist, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.