Türkmenistanda ýygnalan galla hasylynyň möçberiniň eýýäm 1 million 400 müň tonnadan aşandygy resmi derejede habar berildi.
Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň gündogarynda döredilen emeli kölüň häzir ulanylmaýandygy, onuň daş-töwereginde abadanlaşdyryş işleriniň geçirilmeýändigi aýdylýar.
Lebap welaýatynyň käbir etraplarynda et dükanlarynyň ýapylandygy habar berilýär. Maglumata görä, resmiler etiň 1 kilogramynyň bahasyny 12 manatdan geçirmeli däl diýip tabşyryk berensoň, gassaplaryň birnäçesi öz et dükanlaryny ýapypdyrlar.
Şu hepdäniň başynda resmi metbugatda prezident Berdimuhamedowyň “Täze Ýyl” we “Bitaraplyk” baýramçylygynyň öňýanynda, ýurduň bazarlaryny zerur bolan ähli harytlar bilen üpjün etmek barada degişli resmilere tabşyryk berendigi habar berildi.
Lebap welaýatynda döwlete degişli “Lebap oba gurluşyk” edarasynyň käbir etrap bölümleriniň işgärleri özlerine eýýäm ençeme adýan bäri, käbirlerine 1 ýyldan bäri aýlyk hakynyň berilmeýändigini aýdýarlar.
5-nji dekabrda Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndaky elektrik stansiýasynda dörän näsazlyklar sebäpli tutuş etrabyň çäginde alty sagatlap elektrik togy kesildi.
Türkmen hökümeti ýurtda täze ýollaryň gurulmagy, öňden bar bolan gara ýollarda gurluşyk işleriniň geçirilmegi üçin ençeme million amerikan dollary möçberinde maliýe goýýandygyny wagtal-wagtal yglan edýärler.
Lebap welaýatynda ençeme täze binalary gurmak boýunça tenderler yglan edildi. Şol guruljak desgalaryň aglabasynyň medeniýet öýleridigi bellenilýär. Emma ýaşaýjylar sebitde bu görnüşli desgalaryň eýýäm ýeterlikdigini, ozalkylaryň hem ulanylman boş durandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň gyzmagy bilen, ýurduň köp sebitlerinde elektrik togy bilen bagly kynçylyklaryň ýüze çykýandygy habar berilýär.
6-njy iýulda Türkmenistanda umuň, çöregiň we beýleki un önümleriniň bahalarynyň galdyrlanyna bir ýyl doldy. Şol wagt bahalary, resmi taýdan hiç ýerde yglan edilmezden, galdyrylmagy adamlaryň arasynda belli-bir nägileligiň döremegine sebäp bolupdy.
Türkmenistanda tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, mekdep okuwçylarynyň girdeji gözleginde dürli ownuk işler bilen meşgul bolýandyklary aýdylýar.
1-nji iýunda galla oragyna girişildi. Ýöne bu ugurda geçirilen mahabatlandyryş, alkyş äheňli çärelere garamazdan, ýurduň bazarlarynda, esasan, daşary ýurtlardan getitirilen un önümleriniň agdyklyk edýändigi aýdylýar.
Ýene-de sanlyja hepdeden Türkmenistanyň ähli mekdeplerinde “soňky jaň” dabaralary geçirilip, mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi başlanar.
Türkmenistandan gowuşýan maglumatlara görä, soňky ýyllar ýurtdaky gonamçylyklaryň arassaçylygyna, durkuna üns artdyrylyp başlanypdyr.
Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda döwlet lideriniň “baş saglygyna” sadaka bermek ýaly çäreler peýda bolup başlady.
Türkmеnistanly käbir raýatlar ýurduň käbir edara-kärhanalarynda adamlaryň dynç almak baradaky kanuny hukuklarynyň bozulýan halatlarynyň sеýrеk bolmaýandygyny aýdýarlar.
Türkmеnistanda uly-uly gurluşyklar edilýär, ol gurluşyklarda daşary ýurtlardan gеlеn işçilеriň hеm zähmеt çеkýändigi aýdylýar. Şol bir wagtda, ýurt içindäki işsiz adamlaryň eklеnç üçin günlükçilik bilеn mеşgul bolmaga mejbur galýandygy hem habar berilýär.
Türkmenistanda 15-nji dekabrdan başlap ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna girişildi. 1995-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň maglumatlaryna görä, şol döwür ýurtda milletleriň we halkyýetleriň ondan gowragy ýaşapdyr.
Ýene-de ýükle