Nobel komitetiniň beýanatynda ol zenanlara “aýallaryň hak-hukuklary hem howpsuzlygy ugrunda zorluga daýanmaýan göreş alyp barýandyklary üçin hem-de parahatçylygy ornaşdyrmak prosesine gatnaşýandyklary üçin” Nobel baýragynyň berlendigi bellenýär.
Laureatlary yglan eden Norwegiýanyň Nobel komitetiniň ýolbaşçysy Turbýörn Ýagland bu baýrak Ellen Jonson Sirlife, Leýma Gbowä hem Tawakul Karmana berlensoň, aýallaryň kemsidilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň azalmagyna umyt edýändiklerini aýtdy.
Şeýle hem, ol bu bayragyň aktiwist zenanlara berilmegi aýallaryň dünýäde demokratik gymmatlyklary hem parahatçylygy ornaşdyrmak meselesine uly goşant goşmaga ukyplydyklaryna köpleriň düşünmegine ýardam berer diýdi.
Liberiýaly iki zenanyň roly
Norwegiýanyň Nobel komitetiniň ýolbaşçysy Liberiýanyň ilkinji zenan prezidenti Ellen Jonson Sirlife baýragyň berilmegini şeýle düşündirdi: “Ellen Jonson Sirlif Afrikada demokratik saýlawlar arkaly saýlanan ilkinji zenan prezident. 2006-njy ýylda öz wezipesine girişeli bäri, ol Liberiýanyň howpsuz bolmagy ugrunda tagalla edip, ýurduň ykdysady hem sosial ösüşine, aýallaryň jemgyýetde oýnaýan roluny berkitmäge uly goşant goşýar”.
Liberiýaly syýasy aktiwist Leýma Gbowä Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň berilmegi onuň Liberiýada hem Günbatar Afrika ýurtlarynda parahatçylygy ornaşdyrmak meselesine uly goşant goşandygy bilen düşündirildi.
Bu syýasy aktiwist 2002-nji ýylda aýallaryň parahatçylyk ugrundaky hereketini gurnady. Bu hereketiň goldawy bilen Liberiýada 2006-njy ýylda häkimiýet başyna ilkinji gezek zenan prezident - Ellen Jonson Sirlif geldi.
Bu barada Norwegiýanyň Nobel komitetiniň ýolbaşçysy Turbýörn Ýagland şeýle diýdi: “Leýma Gbowi dürli dine uýýan, dürli etniki toparlara degişli zenanlary ýygnap, olary birikdirip bildi. Bu bolsa Liberiýadaky urşuň soňlanmagyna hem aýallaryň saýlawlara gatnaşmagyna getirdi. Şondan bäri ol Günbatar Afrikada uruş döwründe hem uruşdan soň aýallaryň jemgyýetdäki täsirini artdyrmak ugrunda tagalla edip gelýär”.
Ýemenli Tawakul hem mynasyp görüldi
Ýemenli üç çaganyň enesi, 32 ýaşly Tawakul Karmana Nobel baýragyny bermek bilen, arap ýurtlarynda aýallaryň kemsidilmegi meselesiniň iň uly problemalaryň biridigine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek isledik diýip, Norwegiýanyň Nobel komitetiniň ýolbaşçysy Turbýörn Ýagland nygtady.
Tawakul Karman Ýemende 2005-nji ýylda “Zynjyrsyz aýal žurnalistler” atly guramanyň düýbüni tutdy. Bu gurama demokratik azatlyklar hem erkin metbugat ugrunda göreş alyp baryp, Ýemeniň paýtagty Sanaanyň merkezinde ýurduň awtoritar prezidenti Ali Abdullah Salehiň režimine garşy protest çärelerini gurnady.
Şu ýylyň aprel aýynda Azat Ýewropa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Karman özüniň ýakyn dostlarynyň hökümet goşunlary tarapyndan urlup-ýenjilendigini, käbirleriniň öldürilendigini gürrüň berdi. Onuň özüne garşy hem ençeme gezek hüjüm edilendigi habar berilýar.
Muňa garamazdan, aktiwist zenan özi tarapyndan çuňňur hormatlanýan Nelson Mandelanyň, Martin Luter Kingiň hem Mahatma Gandiniň zorluksyz göreş alyp barmak ideýasyna wepalydygyny nygtady.
Ýemende prezident Abdylla Ali Salehiň režimine garşy dowam edýän rewolýusiýanyň enesi diýlip atlandyrylýan 32 ýaşly Tawakul Karman Nobel baýragyny Ýemeniň rewolýusion ýaşlaryna hem ýemen halkyna bagyşlaýandygyny beýan etdi.
Nobel baýragyna mynasyp bolan zenanlara Nobeliň diplomy hem altyn medaly gowşurylar. Olar 1.48 million dollara barabar pul baýragyny hem özara paýlaşarlar.