Türkmenistanda bu sene resmi taýdan bellenmeýär. Muňa garamazdan, Türkmen Helsinki fondy bu senä gabatlap, ýurtdaky problemalara ünsi çekýär.
Türkmen Helsinki fondy 10-njy oktýabrda bellenýän Ruhy saglygyň bütindünýä gunüne gabatlap ýaýradan öz beýannamasynda halkara guramalaryny Türkmenistandaky ýagdaýa jikme-jik baha bermäge çagyrýar.
Guramanyň başlygy Täjigül Begmedowa beýannama ýaýratmagynyň sebäbini adamyň ruhy saglygyna degişli temanyň Türkmenistan üçin aktuallygy bilen düşündirýär.
“Birinjiden, prezidentimiz professional lukman bolansoň, medisina problemalary onuň üçin ýakyn tema bolmaly. Ikinjiden, saglygy saklaýyşa we adamlaryň ruhy saglygyna degişli problemalar Türkmenistanda örän ýiti durýar, emma, muňa garamazdan, ýaşyrylýar. Biz öz beýannamamyz arkaly aladalandyrýan problemalara halkara jemgyýetçiliginiň, ilkinji nobatda-da, türkmen hökümetiniň ünsüni çekmäge çalyşýarys” diýip, Täjigül Begmedowa belledi.
Ýapyklygyň täsiri
Türkmen Helsinki fondunyň beýannamasynda ýurtdaky ýapyklygyň raýatlaryň ruhy saglygyna degişli ýagdaýyň ýaşyrylmagyna we şu sebäpden ýaramazlaşmagyna getirýänligi aýdylýar.
Beýannamada Türkmenistanda raýatlaryň ruhy saglygyna degişli bar bolan problemalar barada şeýle diýilýär: “Ruhy keselhanalardaky ýagdaý barada açyk maglumatyň berilmezligi, keselhanalardaky ýagdaýy, ýagny maddy-üpjünçilik ýagdaýy, näsaglaryň saklanyş şertlerini we olara berilýän bejerişdir-hyzmatlaryň hilini has-da erbetleşdirýär”.
Türkmen Helsinki fondunyň bellemegine görä, problemalardan ýene birem ruhy hassahanalaryň raýatlaryň syýasy taýdan yzarlanmagy üçin gural hökmünde ulanylmagy. Ynsan hukuklaryny goraýjy köpsanly beýleki guramalar hem bu ýagdaýa alada bildirip, türkmenistanly graždan aktiwistleri Kakabaý Tejenowyň, Gurbandurdy Durdykulyýewiň, Durdymyrat Hojamuhammedowyň, Sazak Durdymyradowyň we Amangelen Şapudakowyň dürli dowürlerde Türkmenistanyň ruhy hassahanalaryna ýerleşdirilmeklerini olaryň graždanlyk pozisiýasy üçin olara garşy ulanylan syýasy jeza çäresi hökmünde hasiýetlendirýärler.
Türkmen Helsinki fondy öz beýannamasynda bu meselede korrupsiýanyň hem Türkmenistanda uly rol oýnaýandygyny belleýär. “Ýurduň penitensiar, ýagny jezany ýerine ýetiriji sistemasyndaky güýçli korrupsiýa sebäpli jenaýatçylaryň ruhy hassahanalardan peýdalanyp, çekmeli jezasyndan gutulmagy ýurtda adamyň ruhy saglygy meselesine degişli problemalaryň ýene biridir” diýlip, Türkmen Helsinki fondunyň maglumatynda bellenýär.
Ruhy saglyk üçin synaglar
Guramanyň başlygy Täjigul Begmedowa Türkmenistanda ýapyklygyň we üzňeligiň-de adamlaryň ruhy saglygyna goşmaça täsir ýetirýänligini aýdyp, onsuzam häzirki döwürde adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan işsizlik ýaly sosial-ykdysady problemalarynyň olar üçin ruhy taýdan agyr synagdygyny belleýär.
“Häzirki döwrüň durmuşy dürli stresslere sebäp bolýar. Aýratynam awtoritar döwletlerde işsizligiň ýokary derejede, ýaşlaryň bilim almagyna mümkinçilikleriň orän çäkli, korrupsiýanyň bolsa güýçli bolmagy adamlarda geljege bolan umydy gowşadýar. Şeýle-de, saglygy saklaýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge borçly häkimiýetlere ilatyň ynamsyzlygyny güýçlendirýär. Bu ýagdaý agyr depressiýalara sebäp bolýar. Muňa garamazdan, Türkmenistanda şeýle meseleler düýpden öwrenilmeýär” diýip, T.Begmedowa belleýär.
Graždan jemgyýetiniň ähmiýeti
Türkmen Helsinki fondy türkmen hökümetini ýagdaýa çynlakaý üns berip, bar bolan problemalary çözmäge çagyrýar we bu işde problemalaryň üstüni açmak ugrunda hereket edýän graždan jemgyýetiniň, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň we köpçülikleýin habar serişdeleriniň edýän hyzmatyna ähmiýet bermegi ündeýär.
“Türkmen Helsinki fondunyň” bellemegine görä, Türkmenistandaky häzirki ýagdaýda ýapyklyk ýurduň raýatlarynyň informasiýadan we saglygy saklaýyş hyzmatlaryndan peýdalanmak hukuklaryny-da çäklendirýär, şeýle-de graždanlaryň pikir azatlygyny çäklendirmek üçin ulanylýar.
Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa bu dogruda şeýle diýýär: “Gynansak-da, türkmen režimi aktiwistlere, ynsan hukuklaryny goraýjylara negatiw garaýar. Eger hökümet aktiwistleriň, ynsan hukuklaryny goraýjylaryň we žurnalistleriň edýän işini jemgyýetde bar bolan problemalary çözmek we öňüni almak üçin peýdalanyp bilse, ilat üçin bähbitli netije gazanyp, özüne ilat tarapyndan bolan ynamy-da artdyryp bilerdi”.