Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatarly diplomatlar Siriýa garşy has berk sanksiýalaryň girizilmegini talap edýärler


Prezident Başar al-Assada ygrarly esgerler Edleb şäherinde, 2011-nji ýylyň 10-njy awgusty.
Prezident Başar al-Assada ygrarly esgerler Edleb şäherinde, 2011-nji ýylyň 10-njy awgusty.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine girýän ýewropa ýurtlarynyň diplomatlary Siriýanyň hökümeti protestleri basyp ýatyrmagyny bes etmese, bu ýurda garşy berk sanksiýalary girizmelidigini aýdýarlar. Prezident Obamanyň edarasy özüniň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady wezipesinden çekilmäge çagyrýan dokumenti taýýarlaýandyklaryny mälim etdiler. Ýöne Siriýa bilen bagly meselede Orsýetdir Hytaýyň pozisiýalary özgerişsiz galdy.


Şu günler Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine garşy halkara jemgyýetçiliginiň basyşynyň artýandygyna garamazdan, bu ýurtda heläk bolan protestçileriň sany baradaky maglumatlaryň yzy üzülmeýär.

10-njy awgustda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen maslahatda Siriýa bilen bagly meselä garaldy. Bu maslahata gatnaşan günbatar diplomatlary Siriýanyň halkara jemgyýetçiliginiň çagyryşlaryna gulak asman, protestleri rehimsizlik bilen basyp ýatyrmagy bilen bagly bu ýurda garşy sanksiýalary girizmeli diýen pikiri öňe sürdüler.

Emma weto hukugyna eýe bolan Orsýet bilen Hytaý bu pikire garşy çykyp, Damasky wada beren reformalaryny tizden-tiz amala aşyrmaga çagyrdy. Siriýa garşy sanksiýalaryň girizilmegini goldamaýan ýurtlaryň hataryna başga-da Braziliýa, Hindistan hem Günorta Afrika ýaly ýurtlar girýärler.

Maglumatlara görä, Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda BMG-niň Syýasy işler boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Oskar Fernandez-Taranko çykyş edip, mart aýyndan bäri Siriýada parahat ilatdan iki müňe golaý adamynyň öldürilendigini aýdypdyr. Şeýle hem Fernandez-Taranko geçen hepde BMG-niň Siriýany, eglenmezden, zorlugy bes etmäge çagyrandygyna garamazdan, ýurtda protestçileriň öldürilmeginiň bes edilmändigini nygtapdyr.

Betbagtçylygyň derejesi

Siriýada iki müňe golaý adam öldürildi, olaryň köpüsi ýaragsyz asuda ýaşaýjydy. Üç müňe golaý adam zorluk bilen alnyp gaçyldy, olaryň nirededigi belli däl. Biz Siriýada 13 müňe golaý adamyň tussag edilendigini bilýäris.
BMG-de Britaniýa wekilçilik edýän ilçiniň orunbasary Filip Parhamyň aýtmagyna görä, bu maslahatda berlen hasabatdan soň, adamyň sussy basylýar: “Men nähili betbagtçylyk barada gürrüň edilýändigini ýatladasym gelýar: Siriýada iki müňe golaý adam öldürildi, olaryň köpüsi ýaragsyz asuda ýaşaýjydy. Üç müňe golaý adam zorluk bilen alnyp gaçyldy, olaryň nirededigi belli däl. Biz Siriýada 13 müňe golaý adamyň tussag edilendigini bilýäris. Ýurduň demirgazygynda hökümet goşunlaryndan gaçyp, on müňlerçe adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy. Birnäçe müň siriýaly bosgunyň Türkiýä aşandygy mälim. Ýurduň içine ne metbugat wekillerine, ne-de ynsanperwerlik guramalara girmek rugsat edilýär”.

Bu aýdylanlara jogap berip, Siriýanyň BMG-däki ilçisi Başar Jaafari Siriýadaky protestçileri Britaniýadaky bulagaýlar bilen deňeşdirdi: “Şu günler biz Britaniýanyň premýer-ministriniň köçelere çykan ýaşlary “garakçy topar” diýip atlandyryşyny eşidýäris. Şol bir wagtda-da olar biziň ýurdumyzdaky ýaragly hem terrorçy toparlar barada gürrüň edilende, şeýle sözleri ulanmaga rugsat bermeýärler. Bu ikiýüzlülik hem biziň äsgerilmeýändigimiziň alamaty”.

Britan ilçisi muňa jogap berip, Başar Jaafariniň deňeşdirip bolmajak zatlary deňeşdirýändigini nygtady.

Şol aralykda Birleşen Ştatlaryň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs Waşingtonda Siriýanyň režimine garşy aýgytly çykyş etdi: “Biz Assadyň özüni alyp barşynyň kabul ederlik däldigini subut etmek ugrunda iş alyp barýarys. Ol öz hereketleri bilen kanuny esasda ýurdy dolandyrmak hukugyndan mahrum boldy. Şonuň üçinem, biziň pikirimizçe, Siriýa, Siriýanyň halky üçin Assad wezipesinden çekilse, gowy bolardy”.

Prezident Obamanyň administrasiýasy özleriniň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň wezipesinden çekilmegine çagyryş edýän dokumenti taýýarlaýanlyklaryny mälim etdi.

10-njy awgustda bolsa ABŞ Siriýa garşy täze sanksiýalary kabul etdi. Bu çäklendirmeler Siriýanyň iň iri Täjirçilik bankyna we Assadyň doganoglanyna degişli öýjükli telefon operator kompaniýasyna garşy girizildi.
XS
SM
MD
LG