Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dokumentsiz jaýlar nireden döredi?


Gulgeldiýew: "Dokumentsiz jaýlar esasan, Aşgabat şäheriniň ileri tarapynda, şäheriň gatbar-gat jaýlarynyň tamamlanýan ýerinde, Köpetdaga tarap uzap gidýän baýyrlaryň ýüzünde gurlupdy".
Gulgeldiýew: "Dokumentsiz jaýlar esasan, Aşgabat şäheriniň ileri tarapynda, şäheriň gatbar-gat jaýlarynyň tamamlanýan ýerinde, Köpetdaga tarap uzap gidýän baýyrlaryň ýüzünde gurlupdy".

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheriniň durkuny täzelemek hem-de ony gözel görke getirmek üçin Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda örän köp jaýlar ýykyldy.

Bu günler şäheriň halk içinde «Gorwodoprowod» («Şähersuwprowody»), «Nahalstroý», «Gaža» diýlip atlandyrylýan ýaşaýyş jaý massiwindäki öýler aldygyna ýykylýar. Ol jaýlaryň örän köpüsi «Öý kitaby» bolmadyk jaýlar. Öýe degişli hiç hili dokument bolmadyk ýagdaýynda hökümet ol ýerde ýaşaýanlara jaý bermeýär. Dokumentsiz öýler bolsa örän kän. Olarda ýaşaýanlaryň ählisine jaý bermäge hökümetde ýagdaý ýok. Sebäbi şäheriň durkuny täzelemek maksady bilen Aşgabat şäherinde şeýle bir kän öýler ýykyldy, şu sebäpli, dokumenti düzüw öýlerde ýaşaýanlar-da öý bilen kanagatlanarly üpjün edilenok. Şeýle ýagdaýda dokumentsiz öýler ýykylan halaty olarda ýaşaýanlar nirä gider? Häkimiýetler bolsa olara «Baryň, nirä gitseňiz, şoňa gidiň, gelen ýeriňize gidiň!» diýip, jogap berýärler.

Dokumentsiz öýleriň döreýşi

Bir welaýatdan başga bir welaýatyň çägine baryp ýaşamak edähedi sowet hökümeti gelmezden öň türkmenleriň arasynda ýokdy diýsek, ýalňyşmasak gerek. Sowet hökümeti adamlary bir welaýatdan başga bir welaýata işe ugratmak bilen, tire-taýpalaryň, welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň ondan-oňa göçüp-gonmagyna sebäp boldy. Ýöne hökümet özüniň işe ugradýan adamlaryna ýaşar ýaly tünek berýärdi.

Hökümet ilki wezipeli adamlary ondan-oňa göçürdi, soňabaka işçi-daýhan gatlagy hem uly şäherlerdäki zawod-fabriklerde işlemek, şeýdip gazanç etmek maksady bilen şäherlere göçüp başladylar.

Aşgabat şäherine gelmek esasan, 1948-nji ýylda bu şäherde tebigy betbagtçylygyň ýüz bermeginiň netijesinde, şäherde ýer titremeginiň bolup geçeninden soň başlandy. Ýer titremesinde örän köp adamlaryň ýogalmagynyň netijesinde öýler, hatda şäher boşap galdy. «Şonda hakyky aşgabatlylaryň barysy diýen ýaly gitdi» diýip, ýaşuly adamlar aýdýarlar.

Aşgabadyň töweregindäki obalardan, Aşgabada ýakyn etraplardan adamlar göçüp geldiler. Olaryň köpüsine hökümet ýer berip, salan jaýlary üçin öý kitaplaryny-da düzedip berdi. Kimler hökümet edaralaryna, zawod-fabriklere işe girip, etaž jaýlaryndan kwartira aldylar.

1960-1970-nji ýyllarda Aşgabada göçüp gelmeler, ýokary okuw jaýlaryna okamaga gelip, ellerine diplom alan ýaşlaryň köpüsiniň paýtagtda işe galmagy ýoň boldy. Bir ýandan, şol döwürlerde kolhozçy, işçi ýaşlar hem paýtagta ýaşamaga gelip, şäheriň dürli zawod-fabriklerine işe girýärdiler. Şeýle köpçülikleýin göçüp gelmegiň sebäpleriniň birem — ol döwürde şähere ýazga girmek (propiska) meselesi aňsatdy. Haýsydyr bir zawod-fabrigiň umumy ýaşaýyş jaýyna-da ýazga girip bolýardy, okuw jaýlarynyň umumy ýaşaýyş jaýlaryna-da ýazga girip bolýardy, rehimdarrak dogan-garyndaşyň öýüne-de ýazga girip bolýardy. Razylygyny alyp bolsa, tanyş-biliş, dost-ýarlaryň öýüne-de ýazga girip bolýardy.

Ýazga girýänler hem bäş ýyl işlänsoň, giç bolanda — on ýyl işlänsoň, hökümetden özbaşdak jaý alyp bilýärdiler. Ýöne şol — jaý nobaty gelýänçä garaşylmaly bäş-on ýyl geçýänçä ýaşamak üçin hem tünek gerekdi. Şeýle tünegi işeňňir adamlar bir gijede salýardylar. Ähli gurluşyk materiallary taýýarlap, ussalary üýşürip, bir gijede bir otagly jaý salynýardy. Milisionerler jaý salnyp durka görse, ýykyp gidýärdiler, salnyp bolan jaýa bolsa degmeýärdiler. Ol jaýlara «wremýankalar» (wagtlaýyn gurlan jaýlar) diýilýärdi. Ilki bir otag salynsa-da, adamlar soňy bilen olary iki-üç otaga öwürýärdiler. Olarda hiç hili dokument bolmaýardy. Ol jaýlarda başga ýerlerde ýazgyda duran adamlar ýaşaýardylar.

Şeýle jaýlar esasan, Aşgabat şäheriniň ileri tarapynda, şäheriň gatbar-gat jaýlarynyň tamamlanýan ýerinde, Köpetdaga tarap uzap gidýän baýyrlaryň ýüzünde gurlupdy. Ol jaýlaryň gurlan ýerlerine «Nahalstroý» diýlip at berilmesi ýöne ýere däl. Bu sözler hökümetden soraman, öz bähbidi üçin özbaşdak hereket edibermäniň subutnamasy bolup durýar. Şäher suw prowodynyň töwerekleri, köne telestudiýanyň töwerekleri, «Gaža» diýlip atlandyrylýan uly ýaşaýyş meýdanlary şeýle wagtlaýyn jaýlardan, hökümetden rugsatsyz gurlan jaýlardan dolduryldy. Olarda ýaşaýanlaryň bäri-aňyrsy ýok. Ol jaýlaryň häzirki ýaşaýjylary üçin iň bir howply ýeri hem şeýle — jaýlary ilki salanlar hökümetden jaý alyp, özleriniň dokumentsiz jaýlaryny başga adamlara satyp göçüp gitdiler. Ikinji satyn alanlar üçünji satyn alanlara satdylar. Şeýle ýagdaýda dokumentsiz jaýlar elden-ele geçdi. Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe paýtagt şähere başga welaýatlardan gelýän adamlary propiska etmek (ýazga salmak) hem gadagan edildi. Indi ol jaýlarda şäherde ýazgyda durmaýan, ýöne şol jaýlary öňki eýelerinden satyn alan adamlar ýaşaýarlar.

Hökümetiň ýoly dogrumy?

Aşgabat şäherinde gymmat bahaly, «elita» diýlip atlandyrylýan jaýlaryň örän köp gurulmagynyň netijesinde şäher ulalyp, täze — Çandybil etraby döredi. Çandybil etraby ýurdy Eýran bilen serhetleşdirýän Köpetdagyň etegindäki baýyrlaryň üsti bilen paýtagtyň gündogar tarapyndan günbatarlygyna uzap barýar. Ol misli, ýuwdarha gelýän ýaly, öz öňündäki — sowet döwründe gurlan hütdükleri holtumyna düýrläp dykyp barýar. Täze dörän etrabyň eýeleýän meýdanlaryndaky ähli köne jaýlar (hatda olar etaž jaý bolsa-da) ýumrulyp, olaryň ýerine dört otagly kwartirasy iki ýüz müň amerikan dollaryna durýan, «elita» diýlip atlandyrylýan, köp adamlaryň satyn almaga gurby çatmaýan 12-16 gatdan ybarat jaýlary salynýar.

Ýykylýan jaýlarda ýaşaýanlara hökümetiň jaý bermeýänligini bir tarapdan ýazgaryp bolmaýar. Sebäbi ol jaýlaryň kime degişlidigi hakda hiç hili dokument ýok. Olar ýöne bir döwürde kimdir biriniň wagtlaýyn oturmagy üçin bikanun salnypdyr. Hiç bir dokumentsiz öýlerde ýaşap ýörenlere «Nämäniň esasynda jaý bermeli?» diýen kanuny sowal ýüze çykýar.

Eger bu ýagdaýy adamkärçilik ýoly bilen çözmek isleseň, dokumentsiz bolsa-da, ol jaýlarda adamlar otuz-kyrk ýyl, köpüsi elli ýyla golaý ýaşapdyrlar. Olary nirä kowjak? Ol adamlar dogduk obalaryna ugradylanda-da, olara obada-da tünek ýok. Otuz-kyrk ýyl öň obasyndan çykyp gaýdan adamlara obada jaý berlermi?

Ýolbaşça arz etmek netije berermi?

Şäherde ýaýran resmi däl gürrüňlere görä, bir hepde mundan öň «Şähersuwprowody», «Nahalstroý», «Gaža» diýlen ýerlerde, dokumentsiz öýlerde ýaşaýanlar döwlet ýolbaşçysynyň öňünden çykyp, özlerine-de öýleri ýykylan çagy öý bermegi haýyş edipdirler. Döwlet ýolbaşçysy olara öýüň hökman beriljekdigine söz beripdir. Käbir adamlar bolsa köçä çykan adamlaryň döwlet ýolbaşçysynyň ýanyna hatda goýberilmändigini, olary häkimleriň prezidentiň ýanyna geçirmän, kowandygyny aýdýarlar. Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýüz berýän şeýle wakalar hakdaky hakykaty halka ýetirmese, anyk faktlara ýüzlenip bolmaýar.

Bu agzalan ýerlerde ýaşaýanlaryň arasynda ýurduň ähli welaýatlaryndan, etraplaryndan, obalaryndan bolan adamlar bar. Hatda rus dilli milletleriň-de bardygyny adamlaryň üýşüp duranyny görenler aýdýarlar.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG