Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine degişli bolan jygyldyk bazarynyň Garagum çölüniň has içrägine göçürilendigi barada tankydy göz bilen köp habarlar ýazyldy. Bu bazar hakda gowy söz aýdyp bolarmy?
Jygyldygy öňki ornundan täze tipde salnan bazar jaýyna göçürmek bilen utulan zat köp. Şonuň bilen bir hatarda utduranlar-da köp.
Ilkinji nobatda bazar ýygnanypdyr. Tertiplenipdir. Eger öňki jygyldygy «Garyplaryň kwartaly» diýip atlandyrsak, täze jygyldygy «Baýlaryň kwartaly» diýip atlandyryp bolar. Bazaryň territoriýasyna degişli ähli ýer asfaltlanan, daş-töweregine arçajyklar ekilen.
Her pawilýonda ýüz adam haryt satýandyr diýip, doly aýdyp bolar. Şundan çen tutsaň, owadan bazarda zat satmak hukugyny edinenleriň sany bir müňe ýetýändir. Köne jygyldykda welin haryt satýanlaryň sany täze bazardan juda kändir diýip aýdyp bolar. Köne bazaryň aňyrsyna-bärisine göz ýetmeýärdi.
Täze jygyldykda üsti ýükli arabalary eginleri bilen çekip ýören arabaçylar (hamallar) ýok. Sebäbi haryt satylýan prilawkalaryň ählisiniň aşagy haryt goýmak üçin şkafjyklardan düzülen. Indi söwdagärler harytlaryny şol şkafjyklarda goýup gaýdýarlar. Bazaryň islendik nokadyna maşyn barmaga mümkinçilik barlygy sebäpli indi söwdagärlere arabaçynyň geregi ýok. Ähli harytlary bazara maşynlar bilen eltip bolýar.
Arabaçylary köpräk haryt alýan alyjylar küýseýärler. Ýöne olaryň aladasyny hiç kim etmändir. Umuman, bazaryň esasy derwezesiniň agzynda duran polisiýa işgärlerinden, täze bazarda arassaçylygy, owadanlygy, tertipliligi berk saklamagyň düzgünlerinden çen tutsaň, arabaçylar bazara goýberilmeýän bolarly. Bäş welaýatyň çar künjünden gelip, ýükli arabalary eginleri bilen çekip, gazanç edip ýören dürli ýaşdaky ýetginjekler, juwanlar, ýaşuly adamlar belki, paýtagtdan kowlandyrlar, belki-de, başga-başga bazarlara siňip gidendirler.
Bazar owadan hem arassa. Daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň ýanynda bazarymyzy güjeňläp, mazaly öwnüp boljak. Bu bazarda asly aşgabatly bolan, özüni oňarýan gurply adamlar baý harytlary satýarlar. Artykmaç zat ýok. Diňe arassalyk hem owadanlyk höküm sürýär. Bu ýerde bir döwüm çörek puly gazanmak üçin gaýnadylan mekgesini satjak bolup, bogazyna sygdygyndan öten-geçene ýalbarýan pukara gelinler ýok. Alaja ýüp, sallançak bagy satyp gün görmäge çalyşýan garryja eneler, orakdyr piljagaz satmak üçin aýlanyp ýören garry babalar-da ýok. Gaty kän adamlar ýok.
Jygyldyk bazarynyň içinde tamdyr ýasap, täzeje tamdyr gutabyny bişirip satýan aýaldyr-u-erkekler, çaldyr-agaran satýanlar, telpekdir don satýanlar, köneje maşynlaryndan gopan şaý-sepleri satýanlar-da ýok. Iň esasy zat — täze jygyldykda el serip, geçenden bäş şaýy ýygnap duran gedaýlar-da ýok. Daşary ýurtlardan gelýän myhmanlaryň gözünden bukmak üçin polisiýa olary kowalap-kowalap tükedip bilmezdi. Täze jygyldyk öz meýdançasyna gedaýlaryň aýagyny-da sekdirmeýär.
Ýeri gelende aýtsak, bahasy 30-40 müň amerikan dollaryna barabar bolan dükanlar örän dar. Olara bir alyjy girse, ikinji alyjy daşarda garaşaýmasa, ýer darlyk edýär. Şonça ummasyz pula alnan dükanlaryň ini – uzynlygy iki metrden köp däl.
Satyjylaryň az bolşy ýaly, alyjy hem köp däl. Köne jygyldykda eýläk-beýläk geçmek üçin uly dyknyşyklar döreýärdi. Täze jygyldykda welin, alyjylar keliň saçy ýaly, her ýerde bir görünýär.
Alyjylar az bolansoň, öňler ötere-geçere ýer goýmaýan, ýolagçy daşaýan uly awtobuslar hem ýok. Bu ýagdaý öz şahsy awtobuslarynda kireý edip, maşgala ekleýän ençeme sürüjileriň bir gazanç ojagyndan çetleşdirileninden habar berýär.
Täze jygyldygy owadanlykda, arassalykda näçe öwseň-öwüp oturmaly. Ýöne ol — bazardan çörek puly gözläp barýan garyplaryň welin hiç birine çörek puly berjek ýer däl. Täze bazar özlerini kabul etmänsoň, olar nirädir bir ýerlere siňip gidipdir.
Alyjylaryň öz aralarynda: «Jam nirede satylýarka? Köwüş nirede satylýarka? Ýag niredekä? Pagta niredekä?» diýşip gygyryşýan sesleri halkyň täze hem owadan bazar sebäpli başagaý bolanyndan habar berýär.
Her zadam bolsa, bazar owadan hem arassa. Häzir Türkmenistanda şygar şeýle —ähli zat dünýäň öňünde owadan hem arassa görünmeli.
Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.