Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa: azyk harytlary zäherlenýär


Moriýadaky daýhan ysmanak ekilen melleginde, Ibraki, 20-nji mart.
Moriýadaky daýhan ysmanak ekilen melleginde, Ibraki, 20-nji mart.

Ýaponiýada ýüze çykan elhenç tebigy betbagtçylykdan 10 gün geçendigine garamazdan, ýurtdaky ýagdaýyň kadalaşandygy barada aýdardan entek ir.

Ýurduň Fukuşima atom elektrostansiýasyndaky awariýadan soň, bu ýerden çykýan radiasiýanyň möçberi köpleri alada goýýar. Radiasiýanyň täsiri suwda we ysmanak, süýt ýaly azyk harytlarynda hem tapyldy. Ýapon ilatynyň köpüsi mundan beýläk ýurtda atom elektrostansiýalaryny ulanmakdan saklanmaly diýen pikirde.

Adamlar närazy


20-nji martda ýüzlerçe ýaponlar paýtagt Tokioda ýygnanyp, Fukuşima ýadro elektrostansiýasynda bolan awariýanyň netijesinde ýüze çykan krizisiň öňüni almaklygy ýapon häkimiýetleriniň başarmandygyny aýdyp, öz närazylyklaryny bildirdiler.

Ýapon häkimiýetlerine 20-nji martda Fukuşima ýadro elektrostansiýasynyň üç reaktoryna elektrik toguny geçirmek başartdy. Indi elektrik togy bolan halatynda ýadro reaktorlarynyň sowadyş sistemasyny işledip, ýadro heläkçiliginiň öňüni almak mümkin diýen umyt peyda boldy.

Ýöne protesti gurnanlaryň biri Takaşi Musimi häkimiýet başyndakylaryň bu heläkçilik bilen bagly hakykaty boýun almaga başarmandyklaryny aýdýar. Onuň pikiriçe, Ýaponiýa, eglenmezden, öz ýadro programmasyndan el çekmeli: “Häkimiýetlerde atom programmasyny duruzmak meýli ýok ýaly bolup görünýär. Olar şeýle ýagdaýyň geljekde hiç haçan gaýtalanmajakdygyny aýdýarlar. Men dünýä jemgyýetçiligine ýüzlenip, ýadro programmasynyň örän howpludygyny aýdasym gelýar”.

Tokiodan 250 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu atom stansiýasyna 11-nji martda bolan ýer yranmasy we sunami sebäpli zeper ýetipdi.

Azyk harytlaryndaky radiasiýa

Ýaponiýanyň ýadro elektrostansiýasynda ýüze çykan awariýa dünýäde ýadro elektrik stansiýalarynyň howpsuzlygy bilen bagly aladanyň döremegine getirdi. Häzir Fukuşimadan çykýan radiasiýanyň azyk harytlarynda hem tapylandygy baradaky soňky maglumatlar bu baradaky howatyrlanmalaryň has-da artmagyna esas döretdi.

Hong Kongdaky ýapon söwda merkezinde Ýaponiýadan getirilen almalar, 20-nji mart.
Ýapon hökümetiniň baş sekretary Yukio Edano 20-nji martda geçirilen metbugat konferensiýasynda Fukuşimanyň golaýyndaky iki welaýatda ösdürilip ýetişdirilen azyk önümlerinde radiasiýanyň tapylandygyny boýun aldy. Ol hökümetde şol welaýatlarda öndürilen azyk harytlarynyň gadagan edilip-edilmezligi barada geňeşilýändigini aýtdy.

Bu habar Fukuşima ýadro elektrostansiýasynyň golaýynda ýerleşýän welaýatlaryň daýhanlaryny alada goýdy. Olaryň biri, 80 ýaşly Teruko Saka öz ýetişdiren ysmanagyny satyp bilmese, tutuş hasyly zyňmaga mejbur boljakdygyny aýdýar.

“Azda-kände netije berdi”

Ýapon häkimiýetleri 20-nji martda Fukuşima ýadro elektrostansiýasynyň 6 reaktoryndan üçüsine elektrik toguny geçirmekligiň başardanlygyny üstünlik hökmünde suratlandyrmakdan saklanýarlar. Bu işi amala aşyrmak üçin, radiasiýanyň ömre howply dozasyny almak towekgelçiliginiň ýokarydygyna garamazdan, 300-ze golaý inžener işledi.

"Fukusimo - Daiçi" atom stansiýasyndaky 3-nji reaktordan tüsse çykýar, Tomioka, 21-nji mart.
Edanonyň aýtmagyna görä, bu işler azda-kände netije berdi. Emma bu işleriň netijesinde atom krizisiniň öňüni almaklygyň başardyp-başartmanlygy barada bir zat aýtmakdan entek irdigini ýapon hökümetiniň baş sekretary belledi.

21-nji martda ýapon inženerleri Fukuşimada ýadro reaktorlarynyň gyzyp, olaryň özeniniň eremeginiň oňuni almak ugrundaky aladalaryny dowam etdirýärler. Bu ýadro elektrostansiýasyna elektrik togunyň geçirilendigi baradaky hoş habardan soň, energobloklaryň birinde basyş artyp, ýene-de radiasiýanyň syzyp çykmak howpunyň artandygy barada howatyrlandyryjy habarlar gelip gowuşdy.

Şu günki berlen maglumatlarda 11-nji martda bolan ýer yranma we sunami sebäpli ölenleriň we dereksiz ýitenleriň resmi sany 20 müň adama golaý diýilýär. Emma ýapon polisiýasy heläkçilik bolan dört welaýatyň diňe birinde - Miýagi prefekturasynda 15 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny çaklaýar.

Bütindünýa banky 21-nji martda ýaýradan maglumatynda Ýaponiýada bu elhenç tebigy betbagtçylykdan soňky dikediş işlerine 5 ýyla golaý wagtyň gerek boljakdygyny, dikeldiş işlerine 235 milliard dollara barabar serişdäniň sarp ediljekdigini çaklaýar.
XS
SM
MD
LG