Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýada protestçilere hüjüm edilýär


Liwiýada wertolýotlardan protest geçirýän märekä ot açylandygy aýdylýar.
Liwiýada wertolýotlardan protest geçirýän märekä ot açylandygy aýdylýar.
Özüne wepaly adamlaryň wezipeden çekilmegi, iki harby uçaryň pilotlarynyň Malta gaçyp atmagy bilen Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafiniň häkimiýete kontrollygy barha gowşaýana meňzeýär.

Malta gaçyp atan uçarmanlaryň aýtmagyna görä, Liwiýanyň harby howa güýçlerine hökümete garşy çykýan demonstrantlary bombalamak barada buýruk berlipdir.

Žunalistler ýurduň harby uçarlarynyň paýtagt Tripoliniň käbir böleklerini bombalandygyny habar berdiler. Bu iş protestçileriň ýygnanyp, Kaddafiniň režiminiň häkimiýet başyndan gitmegini talap eden beýleki şäherleriniň hem azyndan ikisinde bolupdyr. Wertolýotlardan hem protest geçirýän märekä ot açylandygy aýdylýar.

Aýdylyşyna görä, howa hüjümlerini buýran Kaddafiniň özi. Ol "Wenesuela gaçyp gitdi" diýilýän habary ýalana çykarmak üçin duşenbe güni agşam döwlet telewideniýesinde beýanat etdi.

"Men özümiň Wenesuelada däl-de, Tripolidedigimi görkezmek isleýärin. Enteşip ýören itleriň telekanallaryna ynanmaň. Men Ýaşyl meýdança ýygnanan ýaşlar bilen gürleşip, gije çenli olaryň arasynda bolmakçydym. Ýöne ýagyn başlady. Hudaýa şükür, bu bir gowy zat" diýip, Kaddifi aýtdy.

Liwiýanyň döwlet telekanaly habarçylaryň: "Howpsuzlyk güýçleri we hökümetiň uçarlary adamlary gyrýar" diýen habaryny ret etdi.

Adam hukuklary toparlary hökümet güýçleriniň öten hepde 400-e golaý adamy öldürendigini aýdýarlar.

Halkara reaksiýalar

Halkara derejesinde Kaddafiniň režimine garşy görkezilýän reaksiýalar gitdigiçe artýar. Onuň demonstrantlara edýän sütemini Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Moon-da ýazgardy: "Liwiýanyň häkimiýetleri demonstrantlara harby uçarlardan, wertolýotlardan ot açypdyr. Bu kabul ederliksiz. Bu iş derrew togtadylmaly".

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Liwiýadaky wakalar barada ýygnak geçirýär. Bu guramanyň adam hukuklary boýunça komissary Neýwi Pillay Liwiýada ýüzlerçe protestçiniň öldürilmegi boýunça halkara derňewiniň geçirilmegine çagyrdy.

Indi Kaddafiniň esasy ýaranlarynyň hem režime bolan ynamy gowşaýana meňzeýär. Olar özleriniň halkyň garşysyna ulanylýan zorlugy oňlamaýandykalaryny dürli çäreler bilen bildirýärler. Mysal üçin, hökümetiň demonstrantlara edýän gazaply basyşyna protest hökmünde ýurduň Arap Ligasyndaky ilçisi, şeýle hem Hindistandaky we beýleki ýurtlardaky ilçileri wezipeden çekildiler. Liwiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky missiýasynyň işgärleri hem özleriniň Kaddafä däl-de, halka wepalydyklaryny bildirdiler.

Liwiýanyň BMG-däki ilçisiniň orunbasary Ibrahim al-Dabaşi: "Kaddafi häkimiýet başyndan çekilmese, Liwiýa halkynyň özi ondan dynar" diýip, duýduryş berdi. Ol şeýle hem "demonstrantlaryň köpçülikleýin jenaýatçylykly öldürilmegini" ýazgardy.

"Biz Liwiýada nämeleriň bolýanyny gördük. Liwiýa halkynyň garşysyna uruş yglan edilendigini gördük. Bu işi düýn Kaddafiniň ogly etdi. Bu zatlardan soň biz dymyp oturman, Liwiýa halkynyň sesini bütin dünýä ýetirmeli" diýip, al-Dabaşi aýtdy.

Liwiýada protestçilere hüjüm edilmegini Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ýewropa Bileleşigi, Eýran, Hindistan, Hytaý we Indoneziýa hem ýazgardy.

Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aşton: "Biz Liwiýada demonstrantlara edilýän zulum-sütemi ýazgaryp, parahat ilatyň ölümine, olara zorluk edilmegine gynanýarys. Demonstrantlara garşy güýç ulanylmagynyň derrew togtadylmagyny isleýäris. Taraplary gazaply hereketlerden saklanmaga çagyrýarys" diýdi.
XS
SM
MD
LG