Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý garşylygyny dowam etdirýär


Hytaýyň DIM-niň metbugat sekretary Jiang Ýu Nobel bayragy meselesi barada çykyş edýär. Pekin, 7-nji dekabr, 2010.
Hytaýyň DIM-niň metbugat sekretary Jiang Ýu Nobel bayragy meselesi barada çykyş edýär. Pekin, 7-nji dekabr, 2010.

Şu ýyl Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň Liu Şiabo berilmegine bolan Hytaýyň gahar-gazaby ýatyşmaýana meňzeýär.


Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Jiang Ýu şu gün, 9-njy dekabrda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň Hytaýda jenaýatçy diýlip hasaplanylýan adama berilmegini “nädürslik” diýip atlandyrdy.

Şeýle hem, ol dünýä jemgyýetçiliginiň Norwegiýanyň Nobel komitetitiniň bu barada çykaran kararyny makullamaýandygyny öňe sürüp, bu mesele bilen bagly Hytaýa basyş etmäge synanyşyklaryň şowsuzlyga uçrajakdygyny nygtady.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Jiang Ýu Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasyny “masgarabazlaryň sahna çykyşy ýaly dabara” diýip häsiýetlendirdi.

Hytaýyň “öz parahatçylyk baýragy”

Hytaýyň häkimiýetleri ýakynda Hytaýyň “Konfusiniň parahatçylyk baýragy” ady bilen Nobel baýragyna garşy öz Parahatçylyk baýragyny döredendigini we Hytaýyň öz parahatçylyga düşünişini dünýä jemgyýetçiligine ýetirjekdigini öňe sürýarler.

“Konfusiniň parahatçylyk baýragy” diýlip atlandyrylan bu baýragyň ilkinji gezek ýakynda Taýwanyň wise-prezidenti Lien Çana onuň Taýwan bilen Hytaýyň arasynda parahatçylygy ornaşdyrmakda eden tagallalary üçin berlendigi habar berilýär.

Ýöne Taýwanyň wise-prezidenti Lieniň edarasy özleriniň bu baýrakdan habarlarynyň ýokdugyny aýdýar. Bu baýragyň Pekinde başga bir ýaş gyza gowşurylandygy barada-da maglumatlar bar.

Şu ýylyň oktýabr aýynda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň hytaýly dissident Liu Şiabo beriljekdigi barada karara gelnende, resmi Pekin gahar-gazaba münüp, baýragyň gowşurylyş dabarasyna bökdençlik döretmek ugrunda işjeň kampaniýa ýöredip başlapdy.

Bu tagallalar belli bir derejede netije berdi diýseň hem boljak. Sebäbi Nobel baýragynyň taryhynda diňe ikinji gezek bu baýragy almaga ne oňa mynasyp bolan dissidentiň özi, ne-de oňa wekilçilik edýän ýakynlary gelip bilýärler.

Nobel baýragyny diňe onuň eýesine ýa-da onuň maşgala agzalaryna gowşurmak zerur şertdir. Bu baýragyň eýesi hytaýly Liu Şiabo häzir türmede otyr, onuň aýaly bolsa öý tussaglygynda saklanýar. Liu Şiabonyň beýleki dogan-garyndaşlaryna hem ýurtdan çykmak gadagan edildi.

Liu Şiabo 2008-nji ýylda çap edilen «Düzgünnama 08-e», ýagny, Hytaýda giň reformalara çagyrýan dokumente ilteşigi bolandygy üçin 11 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi we ol häzirem tussaglykda saklanýar.

Hytaýy goldaýanlar hem bar

Norwegiýanyň Nobel komitetitiniň berýän maglumatyna görä, Hytaý bilen birlikde ýene dünýäniň 18 döwleti Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy üçin çakylygy kabul etmändirler.

Anna güni geçiriljek bu dabara käbir döwletleriň, şol sanda, Owganystanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Päkistanyň, Orsýetiň, Serbiýanyň we Ukrainanyň wekilleri-de dürli sebäplere görä gatnaşmazlar.

Nobel komitetiniň aýtmagyna görä, Hytaý Liu Şiabo baýrak bermek dabarasyna beýleki ýurtlaryň wekillerini gatnaşdyrmajak bolup, elden gelenini edipdir. Emma muňa garamazdan, hytaýly dissidenti goldap çykyş edýänler hem örän köp boldy.

Nobel baýragy boýunça komitetiň ýolbaşçysy Tobjoern Jagland şu gün norweg telewideniýesinde eden çykyşynda “Dogrusy, Hytaýa ykdysady hem syýasy taýdan garaşly ýurtlaryň köpdügini göz öňünde tutsaň, biz bu meselede özümizi syýasy taýdan goldajaklaryň sanynyň şeýle köp boljagyna kän garaşmandyk” diýdi.

“Frans Press” habar gullugynyň ýaýradan maglumatynda şu gün Hytaýda birnäçe daşary ýurt habar agentlikleriniň internet sahypalarynyň petiklenendigi aýdylýar. Olaryň arasynda CNN, BBC, Norwegiýanyň jemgyýetçilik telewidiniýesi ýaly Nobel baýragynyň gowşurylyş dabarasy barada halkara derejesinde maglumat ýaýratjak habar gulluklary bar.
XS
SM
MD
LG