Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri 'eşek blogçylary' azat edildi


Blogçylaryň internet arkaly ýaýradan satiriki wideo ýazgylarynda Adnan Hajyzäde eşegiň maskasynda hökümetiň metbugat konferensiýasyny geçirýän kişi bolup çykyş edýär.
Blogçylaryň internet arkaly ýaýradan satiriki wideo ýazgylarynda Adnan Hajyzäde eşegiň maskasynda hökümetiň metbugat konferensiýasyny geçirýän kişi bolup çykyş edýär.

Azerbaýjanyň sudy halkara jemgyýetçiliginiň aladasyna sebäp bolan tussaglykdaky iki sany internet blogçylaryny möhletlerinden öň türmeden boşatdy.

Huligançylykda aýyplanylyp 2 ýyl türme tussaglygyna hökum edilen Adnan Hajyzadäniň we 2,5 ýyl azatlykdan mahrum edilen Emin Milliniň öz türme möhletleriniň ýarsyny oturandyklaryna garamazdan, Baku şäheriniň sudy olary tussaglykdan boşatmak barada karar çykardy.

Penşenbe güni türmeden çykmagynyň yzy bilen Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Adnan Hajyzade suduň çykaran bu kararynyň özi üçin garaşylmadyk waka bolandygyny aýtdy.

Anna güni azatlyga çykarylan Emin Milli bolsa özüniň düşen ýagdaýynyň “Azerbaýjandaky adam hukuklarynyň has gowy goralmagyna getirjekdigine we ýaşlaryň öz güýçlerine bolan ynamlaryny artdyrjakdygyna” umyt bildirdi.

Bu iki blogçy 2009-njy ýylyň iýulynda ýerli restoranlaryň birinde gümürtik ýagdaýlarda tussag edilip, olara huligançylykda aýyplama bildirildi. Azerbaýjanyň sudy Adnan Hajyzadä 2 ýyl, Emin Millä bolsa 2,5 ýyl türme tussaglygyny berdi.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar we oppozision toparlar bu iki blogçynyň tussag edilmegini ýurtdaky oppozision aktiwistleri gorkuzmak üçin ulanylan çäre diýip häsiýetlendirdiler.


Özüniň tussaglykdan azat edilmegine begenýändigini aýdýan Adnan Hajyzade türmeden boşadylmagyny hem heniz ýeterlik çäre diýip hasaplamaýandygyny nygtady.

«Ozaly bilen men jenaýatçy däl, türmede-de men özümi tertipli alyp bardym. Meniň pikirimçe, bu soňky waka hem meniň günäsizdigimi tassyklady. Ýöne men özümiň doly aklanmagymy isleýän, sebäbi men huligan däl» diýip, Adnan Hajyzade aýtdy .

Beýleki blogçy Emin Milli bolsa, syýasy bloglaryny ýöretmäge dowam etjekdigini we Strasburgdaky Adam hukuklary boýunça Ýewropanyň suduna Azerbaýjanyň hökümetini şikaýat etjekdigini mälim etdi.

“Meniň tussag edilmegim adalatsyz suduň netijesi. Men entegem muňa düşünip bilemok, ol düýbünden adalatsyzdy. Köp adamlar adalatsyzlyga duçar bolýarlar, emma muňa hemme kişi üns berenok. Haçan-da şular ýaly kiçijek waka ula tursa, bu jemgyýetiň kämilleşmegine goşant goşýar” diýip, Emin Milli aýtdy.


Bu iki internet blogçysynyň tussag edilmegi olaryň internet arkaly ýaýradan satiriki wideo çykyşlary üçin olara berlen jeza hökmünde kabul edilipdi. Olaryň internet arkaly ýaýradan satiriki wideo ýazgylarynda Adnan Hajyzäde eşegiň maskasynda hökümetiň metbugat konferensiýasyny geçirýän kişi bolup çykyş edýär.

Bu wideo klipiň netijesinde Adnan Hajyzade bilen Emin Milli «eşek blogçylar» diýen lakam bilen meşhur boldular. Olaryň bu çykyşy Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň gaharyny getiren bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar.

Soňky ýyllar synçylar Azerbaýjanyň häkimiýetleriniň jemgyýetçilik tankytlaryna gazaply çäreler bilen jogap berýändiklerini belleýärler.

Azerbaýjanly blogçylaryň tussag edilmegi metbugat azatlygyny goraýjy guramalar we daşary ýurt hökümetleri tarapyndan ýiti tankyt bilen garşy alyndy. Şu ýylyň sentýabrynda prezident Ylham Alyýew bilen duşuşygynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama hem bu blogçylaryň tussaglykdan azat edilmegine çagyryş etdi.

Blogçylaryň azatlyga goýberilmegine Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy hem hoşallyk bilen reaksiýa bildirdi we žurnalist Eýnulla Fatullaýewiň hem azatlyga goýberilmegine umyt bildirýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG