Rubluň hümmeti pajygaly ýagdaýda aşaklamagyny dowam etdirip, öten aý ýene bir gezek ozal görlüp-eşidilmedik derejede pese gaçdy. Munuň agyr azaby bolsa tutuş Orsýetiň hemme ýerinde duýulýar.
Bakuwda geçýän Ýewropa oýunlarynyň öň ýanynda bir awtobusyň Awstriýadan bäsleşige gatnaşmaga gelen ýetginjekleri kakyp geçişini görkezýän wideoýazgy peýda boldy.
Ikinji jahan urşunyň weteranlarynyň portret suratlarynyň ýoluň gyrasyndaky hapa taşlanýan gapyrjaklarda ýatmagy ýaňy-ýakynda uly tutumda toý-dabara bilen Ýeňşiň 70 ýyllygyny bellän Orsýetde gahar-gazap döretdi.
Kristian Jeregi Orsýetiň raýaty. Bu azyndan ýene birnäçe gün şeýle. Moskwada doglan we kemala gelen Kristiana, ýurduň gündogarynda orsýetçi separatistlere garşy söweşendigi üçin, ukrain raýatlygy berilýär.
Gapma-garşylykly satirigiň Pariždäki ýewreý dükanynda dört adamy öldüren terrorça simpatiýa bildirmek bilen baglylykda tussag edilmegi Fransiýada söz azatlygy babatda kyn sowallaryň orta atylmagyna sebäp boldy.
Ukraina Kiýewde Ýewromaýdan rewolýusiýasynyň başlanmagynyň bir ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar. Bu sene protestleriň dowamynda wepat bolanlaryň maşgalalarynyň agyryly ýarasyny gozgady.
Russiýanyň metbugatynda germaniýaly professor Lorenz Haag diýlip atlandyrylýan şahsyýete Kremli öwüp, Russiýanyň Ukrainadaky hereketlerini goldaýan adam hökmünde giňden salgylanylýar.
Azerbaýjanly adam hukuklaryny goraýjy aktiwist we Waslaw Gawel adyndaky Adam hukuklary boýunça 2014-nji ýylyň halkara baýragynyň eýesi Anar Mämmädli Azerbaýjanda adam hukuklarynyň depelenmeginiň güýçlenýändigini yzygiderli aýdyp gelipdi.
Orsýetiň kanun çykaryjylary kabel we satellit telewideniýesinde reklamany gadagan edýän garaşylmadyk kanuny kabul etdiler. Bu garaşsyz telewizion stansiýalara urlan uly zarbadyr.
Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko belarus dilini ikinji derejeli dil hasaplap, şu günlere çenli ony äsgermän gelýärdi. Ýöne şu ýyl ol 20 ýylyň dowamynda ilkinji gezek belarus dilinde çykyş etdi.
Soňky döwürde Ukraina sebäpli Günbatar bilen rus prezidenti oňuşmaýanam bolsa, Wladimir Putiniň öz ýurdunyň içindäki abraýy barha arşa galýar. Rus prezidenti mundan diýseň hoşal.
Russiýanyň polisiýasy tanymal žurnalist Alekseý Wenediktowa garşy bidüzgünçilikde aýyplamalar boýunça derňew işlerine başlady. Žurnalistiň tarapdarlary derňewleri şahsyýete hüjüm diýip, doly ret edýärler.
Ukrainanyň ýaragly güýçleri ýene ýurduň gündogarynda separatistleriň eýelän ýerlerini yzyna aljak bolýar, şol bir wagtda orsýetçi gozgalaňçylar başga pikirlilere garşy, adam gynamak bilen, assyryn söweş alyp barýar.
Orsýetiň prezidenti öz ýurdunyň Ukraina goşun salmaga hakynyň bardygyny aýdanyndan bir gün soň, Moskwada we Peterburgda gurnalan demonstrasiýalar ýüzlerçe adamy özüne çekdi.
Ýetmiş ýyl öň Iosif Staliniň emri bilen çeçenler we inguşlar Orta Aziýa sürgün edilipdiler. Aradan ýetmiş ýyl wagt geçenem bolsa, Muhazar Jebraýylowa bolan wakalary edil düýnki ýaly ýatlaýar.
“Ýewromaýdan” protestlerine gatnaşan aktiwist Dmitro Bulatow alnyp gaçyldy we göz-görtele gynamalara sezewar edildi. Soňra Bulatow saglygyny bejertmek üçin Litwa döwletine gitmeli boldy.
Ukrainada Kiýewiň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmak ylalaşygyndan ýüz öwürmegi netijesinde başlanan protestleriň tarapdarlary gitdigiçe köpelýäne meňzeýär.
Mihail Saakaşwili tas on ýyl häkimiýet başynda bolup, gürjüstanlylar 27-nji oktýabrda täze prezident saýlanyndan soň, iş başyndan aýrylmaga taýýarlanýar.
Orsýetli kanunçykaryjylar “Çeka” atly gizlin gullugyň esaslandyryjysy Feliks Dzeržinskiniň heýkeliniň şäheriň merkezine göçürilmegi baradaky planlaryndan yza tesene meňzeýär.
26-njy iýunda Mihail Hodorkowskiniň tarapdarlary tussaglykdaky öňki oligarhyň 50 ýaşyny doldurmagyny belläp geçmek üçin dünýä derejesinde gutlag hatlaryny ýazmak boýunça kampaniýany geçirýärler.
Ýene-de ýükle