30-njy sentýabrdan 8-nji oktýabra çenli Warşawada ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça konferensiýasy geçýär.
ÝHHG-niň Wenadaky bölüminiň metbugat sekretarynyň orunbasary Freýn Marowiç konferensiýa gatnaşmaga isleg bildirip, hökümete degişli bolmadyk guramalardan arza beren 400-den gowrak adamdan diňe birinden galanynyň akkreditasiýa alandygyny mälim etdi.
Akkreditasiýa berilmedik ol adamyň türkmen aktiwisti Annadurdy Hajyýewdigini, bu meseläniň bolsa häzir maslahatlaşylýandygyny ÝHHG-niň wekili belledi.
ÝHHG-niň wekili Freýn Marowiç Nurmuhammet Hanamow barada-da durup geçip, onuň bu konferensiýa gatnaşmak üçin düýpden hasaba alynmandygyny aýtdy.
Indi ikinji günüň dowamynda Warşawada konferensiýa goýberilmeýän, bosgunlykda döredilen oppozision Respublika partiýasynyň egindeş başlygy N.Hanamow özüni registrasiýa etdirtmek üçin arza berendigini, häzirem YHHG-niň jogabyna garaşýandygyny habar berdi.
Bu konferensiýa gatnaşýan gazagystanly hukuk goraýjy aktiwist Balli Marsez türkmen aktiwistleriniň konferensiýa goýberilmezliginiň oňa gatnaşýan hökümete degişli däl guramalaryň wekillerini lapykeç edendigini gürrüň berdi.
Marsez “Bu ýagdaý biziň hemmämizi lapykeç etdi. Olar bu konferensiýa 8 ýylyň dowamynda gatnaşyp gelýärler. Konferensiýa hökümete degişli bolmadyk guramanyň wekiliniň göýberilmezligi ýally waka ÝHHG-de ozal bolmandy. Bu ýagdaý Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Gazagystandan gelen aktiwistleri hem gynandyrdy” diýip belledi.
Sebäbi näme bolup biler?
Özüniň konferensiýa göýberilmeýändiginiň sebäplerini Nurmuhammet Hanamow şeýle düşündirdi: “Türkmen resmileri biziň ýarag bilen hökümet agdarylyşygyny etmäge synanyşýandygymyzy aýdyp, bizi terrorçylaryň hataryna goşdular. Özi-de olar biziň ÝHHG-niň konferensiýasyna gatnaşan halatymyzda, özleriniň Astanadaky sammite gatnaşmajakdyklaryny yglan edýärlar”.
Türkmen aktiwistleri ÝHHG-niň konferensiýasyna goýberilmeýändiklerinde türkmen resmilerini aýyplaýarlar. Bu barada türkmen resmileriniň garaýyşlary bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine jaň edeninde, telefony alan işgäri: “Hiç zat aýdyp biljek däl” diýip, telefony taşlady.
ÝHHG-niň Wenadaky edarasynyň metbugat sekretarynyň orunbasary Freýn Marowiç hakykatdanam konferensiýa gatnaşýan ýurtlaryň birinden ýazmaça haýyyşyň gelendigini we onda anyk bir şahsyýetiň jenaýatda aýyplanandygy aydylyp, onuň konferensiýa goýberilmezliginiň soralandygyny mälim etdi. “Şonuň üçin bu mesele bilen bagly beýleki 56 ýurduň agzalary bilen maslahat geçirýäris” diýip, Freýn Marowiç belledi.
Köpleri geň galdyrdy
Türkmenistandaky rus obşinasynyň ýolbaşçysy, ÝHHG-niň konferensiýasyna gatnaşýän Anatoliý Fomin türkmen aktiwistleriniň maslahata goýberilmeýändigi bilen bagly mesele boýunça oňa gatnaşýan ABŞ-nyň delegasiýasyna ýüz tutandyklaryny, amerikanyň wekilleriniň bolsa öz nobatynda bu mesele bilen bagly Kanadanyň we Britaniýanyň wekilleri bilen maslahat geçirýändiklerini aýtdy.
Adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki fondunyň” ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa şu ýyl ÝHHG-de ýüze çykan ýagadaýyň köpleri geň galdyrandygyny aýdýar.
Begmedowanyň bellemegine görä, adam ölçeglerine, adam hukuklaryna bagyşlanan ÝHHG-niň bu maslahatyna, adatça, ýurtlaryň resmileri bilen bir hatarda oppozisiýanyň, hukuk goraýjylaryň, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri, žurnalistler gatnaşyp, çözülmeli problemmalary orta atyp, bu problemalar bilen bagly dialog geçirýärler.
“Türkmenistanyň resmileri soňky birnäçe ýylyň dowamynda beýle maslahatlara özler-ä bir gatnaşmaýarlar, beýleki aktiwistleriň hem gatnaşmagyna päsgel bermäge çalyşýarlar” diýip, Täjigül Begmedowa nygtady.
Şeýle-de, Täjigül Begmedowa ÝHHG-niň ileri tutýan wezipesiniň adam hukuklaryny goramakdygyny belläp, hut bu guramanyň maslahatynda-da adam hukuklarynyň depelenmeginiň juda lapykeç edýändigini aýtdy.
Häzir Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna Gazagystan ýolbaşçylyk edýär. Bu ýurduň başlyklygy şu ýylyň ahyrynda tamamlanýar.