1980-nji ýyllaryň käbiri parahat, käbiri gazaply, käbiri halk tarapyndan, käbiri hem kommunistik partiýanyň öz içinden başlanan rewolýusiýalary Ýewropadaky Sowuk uruş döwrüniň diktaturalaryny taryhyň sahnasyndan gyrakladyp, 1990-njy ýyllaryň erkin bazar reformalaryna ýol arçady.
1987-nji ýylyň 12-nji iýunynda Amerikan prezidenti Ronald Reýgan Berliniň Brandenburg derwezesinde durup, Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary Mihail Gorbaçýowy şäheriň Sowet gündogary bilen demokratik Günbatarynyň arasyny bölýän diwary ýykmaga çagyrdy: “Baş sekretar Gorbaçýow, eger parahatçylygy, Sowet Soýuzy we Gündogar Ýewropa üçin bol-elinligi isleýän bolsaň, şu derwezä gel, bu derwezäni aç, bu diwary ýyk!” diýip, Reýgan gygyrdy.
Şol döwürde Gorbaçýow kommunistik partiýany janlandyrmaga synanyşyp, ykdysady we syýasy reformalary, Üýtgedip gurmagy girizipdi. Gündogar Ýewropanyň ýolbaşçylary hem syýasy garşydaşlaryny basyp ýatyrmak üçin indi Sowet tanklaryna bil baglap bolmajakdygyna düşünipdiler.
Gorbaçýow nämäni elden berdi?
Wengriýanyň öz territoriýasyndan on müňlerçe adama Gündogar Germaniýadan Günbatara geçmäge rugsat bermegi bilen 1989-njy ýylyň maýynda Gündogar Germaniýanyň kommunistik režimi çagşap ugrady. Budapeştde, Pragada we Warşawada müňlerçe adam pena sorap, Günbatar Germaniýanyň ilçihanasyna bardylar. 1989-njy ýylyň sentýabrynda Wengriýa Gündogar Germaniýadan bolan bosgunlara öz üstünden Günbatara geçmäge resmi taýdan rugsat edensoň, bosgunlaryň sany has-da artdy.
“Parahatçylykly rewolýusiýa”
Köpleriň pikiriçe, Gündogar Germaniýanyň “parahatçylykly rewolýusiýasynyň” özgeriş nokady polisiň parahatçylykly demonstrasiýa üçin Leipsige ýygnanan märekäni zor bilen dargatmak planyndan el çeken güni, 1989-njy ýylyň 9-njy oktýabrydy.
Gündogar Germaniýanyň komminist ýolbaşçysy Erik Honekkere Üýtgedip gurmak syýasatynyň reformalaryny kabul etdirmek üçin Gorbaçýow ýaňy Gündogar Germaniýa gelip gidipdi. Şondan soň günde bir milliondan kop adamyň gatnaşmagynda Leipsigde hem Gündogar Berlinde geçýän protestler sebäpli Honekkeriň wezipe başyndaky günleri aýaklap ugrady. Ol 18-nji oktýabrda öz wezipesinden çekilýändigini halka şeýle bildirdi: “Partiýanyň hem halkyň şu günki we gelejekdäki talaplaryna hötde gelmäge ýaňy başdan geçiren operasiýalarymyň netijesi we saglyk ýagdaýym ýol berenok”.
1987-nji ýylyň 12-nji iýunynda Amerikan prezidenti Ronald Reýgan Berliniň Brandenburg derwezesinde durup, Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary Mihail Gorbaçýowy şäheriň Sowet gündogary bilen demokratik Günbatarynyň arasyny bölýän diwary ýykmaga çagyrdy: “Baş sekretar Gorbaçýow, eger parahatçylygy, Sowet Soýuzy we Gündogar Ýewropa üçin bol-elinligi isleýän bolsaň, şu derwezä gel, bu derwezäni aç, bu diwary ýyk!” diýip, Reýgan gygyrdy.
Şol döwürde Gorbaçýow kommunistik partiýany janlandyrmaga synanyşyp, ykdysady we syýasy reformalary, Üýtgedip gurmagy girizipdi. Gündogar Ýewropanyň ýolbaşçylary hem syýasy garşydaşlaryny basyp ýatyrmak üçin indi Sowet tanklaryna bil baglap bolmajakdygyna düşünipdiler.
Gorbaçýow nämäni elden berdi?
ABŞ-nyň prezidenti Jorj Buş (çepde) we Sowet lideri Mihail Gorboçýow Marsakslok portundaky bilelikdäki metbugat konferensiýasynda, 3-nji dekabr, 1989-njy ýyl.
Gorbaçýow Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda 20 ýyl yza ser salanda, özüniň we sowet ýolbaşçylarynyň şol döwürde gelen kararlarynyň hiç birine ökünmeýändigini aýtdy. Ol bu kararlar Orsýetiň, Germaniýanyň we dünýäniň bähbidine boldy diýdi: “Orsýetde halk menden sowet kontrollygyny näme üçin elden berdiň diýip soraýarlar. ”Men nämäni elden berdim?” diýip sorasam, olar näme jogap berjeklerini bilenoklar. Men nämani berdim? Polşany polşalylara, Çehoslowakiýany çehlere, slowakara berdim. Bu ýurtlar eýse kimiňkidi? Ýöne halk muňa “ýok” diýýär. Adamlar şindi-de munuň bilen ylalaşanoklar. Ýöne sowet bloguny dargatmak biziň ýurdumyzyň ýaşaýşyny aňsatlaşdyrdy”.Wengriýanyň öz territoriýasyndan on müňlerçe adama Gündogar Germaniýadan Günbatara geçmäge rugsat bermegi bilen 1989-njy ýylyň maýynda Gündogar Germaniýanyň kommunistik režimi çagşap ugrady. Budapeştde, Pragada we Warşawada müňlerçe adam pena sorap, Günbatar Germaniýanyň ilçihanasyna bardylar. 1989-njy ýylyň sentýabrynda Wengriýa Gündogar Germaniýadan bolan bosgunlara öz üstünden Günbatara geçmäge resmi taýdan rugsat edensoň, bosgunlaryň sany has-da artdy.