Helsinki komissiýasynyň başlygy Birleşen Ştatlardan bolan senator Benjamin Kardin diňlenişikde eden çykyşynda Demokratik partiýanyň tarapdary hökmünde Obama üçin adam hukuklary meselesi iň ileri tutulýan mesele bolup durmaýana meňzeýär diýdi: «Halkara derejedäki duşuşyklarda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň uly bir mesele hökmünde göze ilmeýäne meňzeýändigini berk nygtasym gelýär. Meniň pikirimçe, bu işiň düzedilmegi zerur» diýip, Kardin aýtdy.
Şu aýyň başynda Tibetiň ruhany lideri Dalaý Lama Birleşen Ştatlara bardy, Obma bolsa noýabr aýynda boljak Pekine saparyna çenli onuň bilen duşuşmazlyk hakynda karar kabul etdi.
Çarşenbe günki diňlenişige gatnaşanlaryň biri-de ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa boýunça kömekçisi Flip Gordondy. Administrasiýa adam hukuklary meselesini birinji orunda goýmak üçin elmydam köp iş edýändigine ynanýanlygyny Gordon aýtdy. «Prezident we Döwlet sekretary H.Klinton Orsýet we ozalky sowet döwletleri bilen bagly bu babatda iş alyp barýarlar» diýip, ol sözüne goşdy.
Gazagystanyň ÝHHG ýolbaşçylygy
Geljek ýyldan başlap, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna ozalky sowet respubliklaryndan Gazagystanyň geljek ýylky sammitde ýolbaşçylyk etmek meselesine gaýgy-alada edilýändigini Kardin aýtdy. «Adam hukuklary babatynda Gazagystan hökümetine birgiden soraglar bar, şonuň üçinem bular ýaly sammitler diňe göz üçin geçirilmeli däl» diýip, Kardin mälim etdi.
«Kardin esasy bir meseläniň üstünde durup geçdi, ýöne ýolbaşçylyk etmäge Gazagystana rugsat bermeli, şeýle edilen ýagdaýynda onuň jogapkärçilikli pozisiýany eýelejegine düşünip galar» diýip, Gordon aýtdy we sözüni şeýle dowam etdirdi: «Biz mundan artyk ylalşyp bilmeris. Çykyşymda-da belläp geçişim ýaly, ýolbaşçylyga Gazagystana rugsat bermeli, öz gezeginde Gazagystan belli ylalaşyklar esasynda belli jogapkärçilikleri öz üstüne alýar, olar bolsa häzir halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Muny üns merkezinde saklamagyňyz üçin size ýüzlenýärin we gelnen ylalaşyklar hakynda olar beren sözlerinde tapylmaly bolarlar. Bu edilmeli işleriň logikasy, boýun alnan borçlar ýerine ýetirilmeli. Dünýä jemgyýetçiligi we biz bu meselä üns berýäris» diýip, Gordon aýtdy.
Belarusda adam hukuklary
«Aleksandr Lukaşenkonyň hökümeti bilen gatnaşykda, biz Belarusda adam hukuklary ýagdaýynyň ösüşi ugrunda iş alyp barýarys» diýip, Gordon sözüniň üstüni ýetirdi. «Bu ýurtda adam hukuklary meselesinde käbir ösüşiň bardygy nazara alnyp, men öz edaramyň üsti bilen Obamanyň administrasiýasynyň dialoga açykdygyny-da Minskä bildirdim» diýip, Gordon aýtdy.
«Men belli hem açyk bir habar bilen Minskä bardym. Men geçen 10 ýylyň dowamynda Döwlet departamentindan Minskä baran iň ýokary derejeli resmidim. Biz olaryň-da muňa üns bermeklerini isledik, ýagny eger olar ABŞ bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak we öz garşylaryna girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagyny isleýän bolsalar, onda demokratiýa we adam hukuklary meselesinde başgaça iş alyp barmaklary gerek» diýip, Gordon nygtady.
Ukraina we Gürjüstan
Adam hukuklary boýunça Helsinki komissiýasynyň diňlenişiginde Orsýetiň täsir sferasynda durandygyna ynanylýan Gürjüstan we Ukraina meselesi-de gün tertibinde goýuldy. Birleşen Ştatlaryň Goranmak ministriniň kömekçisi Aleksander Werşbow golaýda Ukraina we Gürjüstana barandygyny, şonda Amerikanyň bu döwletleriň diňe garaşsyzlygyny däl, eýse olaryň öz gurluşlaryny we ykdysadyýetini güýçlendirmekleri üçin-de kömek bermäge synanyşylýandygyny aýtdy.
«Olar biziň goldawymyzy gazanmaga hakly özbaşdak döwletler we biz olar bilen aç-açan iş alyp barýarys. Flip Gordonyň aýdyşy ýaly, meniň pikirimçe-de, biz Orsýet bilen gepleşiklerimizde bu meseläni gün tertibine girizmeli» diýip, Weşbow mälim etdi.
Ukraina we Gürjüstan NATO ýaranlygynyň agzalygyna kabul edilmeklerini isleýärler.