Halkara Atom Energiýa Agentliginiň başlygy Muhammet el Baradei 25-nji oktiýabrda inspekterleriň Tährana baryp, bu ýurduň täze ýadro merkezini barlap biljegini aýdýar.
Ol bu barada Tähranda Eýranyň prezidenti M.Ahmedinejad we bu döwletiň Atom Energiýa guramasynyň başlygy Ali Akbar Salehi bilen duşuşandan soňra mälim etdi.
“25-nji oktiýabrda biziň inspektorlarymyzyň bu ýere gelip Kum şäherindäki merkezi barlamagy bilen biz ylalaşdyk. Bu merkezi barlap, gerekli tassyklaýjy raportyň mümkin boldugyndan tizlikde taýýarlanmgyna hem-de Eýran hökümetiniň biziň inspektorlar toparymyz bilen aç-açan we dogruçyl iş alyp barjagyny umyt edýärin” diýip, el Baradei aýdýar.
Näbelli zat ýok
Eýranyň IRNA habar agentligi, Ahmadinejada salgylanyp, Tähran bilen Halkara Atom Energiýa Agentliginiň arasynda näbelli zadyň galmanlygyny öňe sürdi.
Sentýabryň ahyrlarynda Tähran özüniň Kum şäheriniň golaýynda heniz gurluşy tamamlanmadyk urany baýlaşdyrýan bir merkeziniň bardygyny mälim etdi.
1-nji oktiýabrda Ženewada BMG-niň howpsuzlyk şurasyna hemişelik agza 5 döwlet bilen Germaniýanyň gatnaşmagynda geçirlen maslahatda bu merkeziň barlanmagyna halkara inspektorlara rugsat bermegi bilen Tähran ylalaşdy.
«Eýranyň geljekki maksatlary hakynda aladalar bar, şonuň üçin bu täze ýadro merkeziniň näderejede parahatçylykly häsiýete eýedigi hakynda inspektorlaryň taýýarlajak raporty örän ähmiýetli» diýip, el Baradei aýtdy.
«Eýran babatynda bize aç-açan bolmak zerur. Bu babatda halkara jemgyýetçiliginiň hyzmatdaşlygy zerur. Men özümiziň örän möhüm purstada durandygymyzy görýärin. Biziň gapma-garşylykdan aç-açanlyga we hyzmatdaşlygya geçýändigimizi men görýärin» diýip, Halkara Atom Energiýa Agentliginiň başlygy sözüniň üstüni ýetirdi.
Wenada duşuşyk bolar
Tährana gerek boljak urany daşary ýurtda baýlaşdyrmak mümkinçiligi hakynda ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Orsýetiň we Eýranyň resmileriniň 19-njy oktiýabrda Wenada duşuşjagyny-da el-Baradei mälim etdi.
El-Baradeiň sözlerinden soňra, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň milli howpsuzlyk meselesi boýunça geňeşçisi James Jones CNN telekanaly bilen söhbetdeşlikde «Indi Amerika üçin ýadro babatyndaky hereketler dogry ugra gönükdirildi» diýdi.
Şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň gazna sekretary Timothy Geithner Istanbulda Halkara Walýuta Fondunyň maslahatynyň öň ýanynda çykyş edip, Eýran meselesine-de degip geçdi. Eýranyň hapa pullary ýuwmak we terrory maliýeleşdirmek problemasyna garşy global derejede hereket etmegine çagyryş etdi.