Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda saýlawlar geçirildi


Saýlawlaryň haýal başlanandygyna garamazdan, soňabaka saýlaw bölümlerine barýan adamlaryň sany barha artypdyr.
Saýlawlaryň haýal başlanandygyna garamazdan, soňabaka saýlaw bölümlerine barýan adamlaryň sany barha artypdyr.
Şu gün Owganystanda prezidentlik hem-de welaýatlaryň ýerli geňeşlerine geçirilýän saýlawlar ir sagat 7-de başlanandan soň, ýurduň prezidenti Hamid Karzaý öz sesini berip, owganlylary hem saýlawlara aktiw gatnaşmaga çagyrdy.

“Men, inşalla, bu saýlawlaryň owgan halkynyň asudalykda ýaşamagyna, öňegidişligine hem-de gowy ýaşamagyna oňyn täsir etjekdigine ynanýaryn. Şol sebäpli Owganystan has howpsuz, asuda we häzirkisinden gowy ýurt bolar ýaly, men owgan halkyny saýlaw bölümlerine gelip, öz seslerini bermäge çagyrýaryn” diýip Karzaý çykyş etdi.

Saýlawlar başlanandan soň Kabulda hem günorta Puştun regionlarynda raketalaryň atylmagy, ok atyşlygy, bomba partlamalary bilen bagly wakalar ýüze çykyp başlady. Bu ýagdaý bolsa, Talyp pitneçileriniň saýlawlary başa bardyrmazlyk üçin hereket edýändiklerini görkezdi.

Saýlawlaryň öňüsyrasynda owgan häkimiýetleri daşary ýurtly habarçylara hem Owganystanyň ýerli habar serişdelerine saýlawlar güni ýüze çykýan zorluklar barada maglumat bermegi gadagan etdi.

Prezidentlige kandidatlar

Synçylaryň pikirlerine görä, şu gezekki saýlawlarda Hamid Karzaý beýleki kandidatlara garanda öňde barýar. Onuň esasy garşydaşy hökmünde Owganystanyň öňki daşary işler ministri Awdylla Awdyllanyň ady agzalýar. Owganystanyň Planlaşdyryş ministri Ramazan Başardost hem-de ýurduň öňki maliýe ministri Gani Ahmedzai hem ilat arasynda abraýly adamlar hasaplanylýarlar. Owganystanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňmek üçin sesleriň 51%-ni gazanmak zerur.

Saýlawlara kandidat hökmünde gatnaşýan Owganystanyň öňki daşary işler ministri Abdylla Abdylla owgan halkyny Talyplaryň haýbat atmalaryna garamazdan, saýlawlara gelip seslerini bermäge çagyrdy.

“Saýlawlarda howpsuzlyk bilen bagly aladalaryň hem-de galplygyň ýüze çykyp biljegi bilen bagly howatyrlanmalaryň bardygyna garamazdan, bu saýlawlara köp adamyň gatnaşýandygyna men guwanýaryn. Bu adadalaryň biriniň-de adamlary saýlaw bölümlerine barmakdan saklap bilmez diýip, umyt edýärin. Owganystanlylar erkin saýlawlara gatnaşmak bilen öz geljeklerini üpjin edip bilerler.” diýip, dalaşgär Awdylla Awdylla belledi.

Ýerli geňeşlere saýlawlar

Şu gün Owganystanda geçirilýän prezidentlik saýlawlary bilen bir hatarda ýurduň welaýatlarynyň ýerli geňeşlerine-de saýlawlar geçirilýär. Bu saýlawlarda Owganystanyň 34 welaýatynyň ýerli geňeşlerine 420 adam saýlanmaly diýlip, maglumat berilýär.

Bize gowşan maglumatlara görä, saýlawlaryň haýal başlanandygyna garamazdan, soňabaka saýlaw bölümlerine barýan adamlaryň sany barha artypdyr. Olaryň arasynda aýal-gyzlaryň sanynyň köpdügi hem aýdylýar.

Başda saýlawlary geçirmek üçin zerur bolan saýlaw enjamlarynyň, şol sanda uzak wagtlap solmaýan syýanyň, gutularyň ýetmezçilik edýändigi sebäpli şeýle-de bölümlerde işlemeli adamlaryň howpsuzlyk meselesi bilen bagly işe çykmakdan boýun gaçyrandyklary üçin dürli kynçylyklaryň ýüze çykandygy habar berlipdi.

Bu saýlawlarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin şu gün ýurt boýunça 300 müňe golaý owgan hem halkara goşunlarynyň esgerleri gözegçilik etdi diýlip, maglumat berildi. Ýöne muňa garamazdan, Owganystanyň Talyplaryň gözegçiliginde galýan dokuz etrabynda saýlawlaryň geçirilmändigi aýdylýar.

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasy bütin ýurt boýunça 6500 saýlaw bölüminiň işleýändigini habar berdi.

Ýurtdaky howpsuzlyk

Owganystanyň Içeri işler ministri Zmarai Başari ýurtda howpsuzlyk babatda kabul edilen planyň berjaý edilýändigini öz çykyşynda nygtady. “Hudaýa şükür, biziň Kabul boýunça we bütin ýurt boýunça kabul eden planymyz gowy netije berýär. Biziň ildeşlerimiz hem, hiç zada garamazdan, batyrgaýlyk bilen saýlawlara gatnaşýarlar.”

Owganystanyň azda-kände durnukly diýlip hasaplanylýan demirgazyk we demirgazyk-gündogar merkezinden hem de ýurduň günbataryndan gelýän maglumatlarda saýlaw bölümlerinde adamlaryň uzak nobatda durandyklary habar berilýär. Owganystanyň gündogarynda ýerleşýän Nangarhar welaýatynda hem ilatyň aglabasynyň saýlawlara gatnaşýandygy aýdylýar.

Kabulyň günortasynda ýerleşýän Logar welaýatynyň häkimi Atikullah Ludinyň aýtmagyna görä, käbir uzakda ýerleşýän obalarda raketa hüjümleriniň amala aşyrylandygyna garamazdan, ilat, umuman, saýlawlara gowy gatnaşypdyr. “Saýlawlar Logaryň hemme regionlarynda wagtynda başlandy. Käbir regionlarda adamlar saýlaw bölümlerinde nobata durup, ses berdiler. Ýagny, ýagdaýa kadaly diýmek bolar.”

Owganystanyň Nimroz welaýatynyň häkimi hem bu welaýatda saýlawlaryň geçişiniň gowydygyny habar berdi.

Şu gün geçirilýän saýlawlar Owganystanyň ýerli wagty bilen öýlän sagat 4-de tamamlandy. Saýlawlaryň netijeleri barada deslapky maglumatlar ýakyn günlerde belli bolar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG