Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň “kölegedäki kardinaly” reformalar üçin tümlükden çykdy


Surkow uzak ýyllaryň dowamynda syýasy sahnanyň aňyrsyndan hereket edip gelýärdi.
Surkow uzak ýyllaryň dowamynda syýasy sahnanyň aňyrsyndan hereket edip gelýärdi.

Kremliň “kölegedäki kardinaly” diýlip hasaplanýan, garasöýmez Wladislaw Surkow, soňky bir-näçe hepdäniň dowamynda köpçülige çykyp, has aktiw hereket edip başlady. Bu bolsa, Kremlde belli bir özgerişleriň bolup geçýandiginiň alamaty diýip synçylar aýdýarlar.

Surkowyň aktiwleşmegi, häzirki wagtda ýüze çykan ykdysady krizis dowründe režimiň abraýyny saklamak üçin onuň edýän aljyraňly hereketleri bolmagy mümkin diýen gürrüňler hem peýda boldy.

Sosial şertnamanyň soňy


Global ykdysady krizis, Orsýetiň ykdysadyýetine gaty agyr täsir etdi. Ýurtda gurluşyklar togtady, kärhanalar batyp başladylar. Bu bolsa işsizlikden we aýlyklaryň wagtynda tölenmeýanliginden gahar gazaba münen raýatlaryň köçä çykmagyna getirdi.

Şu çaka çenli, Orsýetiň raýatlarynyň aglabasy öz azatlyklarynyň bir bölegini, durnukly maliýe ýagdaýy üpjün etmegiň öwezine bagş etmäge taýýardy. Emma ykdysady krizis, Orsýet häkimiýetini sarsdyryp, soňky on ýyllykda Surkowyň Putin üçin döreden syýasy sistemasyny çökertdi.

Resmi taýdan Orsýetiň prezident administrasiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary wezipesini eýeleýan Surkow, uzak ýyllaryň dowamynda syýasy sahnanyň aňyrsyndan hereket edip gelýärdi.

Ýöne soňky döwurde Surkowyň liberal reformalary goldap çykyş edip başlamagy adamlaryň köpüsini geň galdyrdy.

Galyberse-de, Putin dowründe özune degişli “özbaşdak demokratiýa” diýen düşünjesine, Surkowyň soňky hereketleri garşy gelýär hem-de sorag döredýar. Surkow häzir kimiň tarapyny tutýar: öz öňki ýolbaşçysy bolan Putiniňmi ýa-da bolmasa has liberal hasaplanýan Medwedewiňmi?

Surkowda liberallyk meýlleriň peýda bolmagy, häzirki pursatyň talaplaryna laýyk gelýar. Ýagny ykdysady kynçylyklar zerarly Putiniň abraýy pese gaçyp, Medwedewi goldaýanlaryň sany artdy. Özem diňe Orsýetiň içinde däl. ABŞ-niň prezidenti Barak Obama Orsýete eden saparynyň öňisyrasynda “France Press” agentligine beren interwýusynda özuniň Medwediwi goldaýandygyny açyk aýan etdi.

Hut Obamanyň Orsýete sapar eden döwründe hem, Surkow rus-amerikan gatnaşyklary boýunça iki taraplaýin komitetiň graždan jemgyýeti boýunça işçi toparynyň egindeş ýolbaşçysy wezipesine bellenildi. Onuň bu wezipä bellenmegi, rus adam hukuklaryny goraýjylarynda nägilelik döretdi.

Täze “liberal”

Bu hereket Surkowyň syýasatynyň özgermeginde edilen soňky ädim boldy. Şu ýylyň aprel aýynda, Surkow hökümete degişli däl guramalar baradaky berk kanuny gowşatmak maksady bilen düzülen komitetiň ýolbaşçysy wezipesine bellenildi. Şol kanunyň döredilmegine bolsa öz wagtynda Surkow gaty uly goşant goşupdy.

Iýun aýynda bolsa, Surkow oppozision partiýalar bilen ylalaşyga gelmek maksady bilen gepleşik geçirdi. Şol duşyşykdan soň, Orýetiň dowlet Dumasynda eden çykyşynda, Wladislaw Surkow Dumada agdyklyk edýan “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasyndan bolan deputatlara ýüzlenip, beýleki partiýalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Dumada eden çykyşynda Surkow, Orsýetiň syýasy strukturasynyň berkandigini düşündirip, indiki edilmeli ädimiň sistemany liberallaşdyrmakdan ybaratdygyny aýtdy. Diňe şeýdip Orsýetde durnukly, köp partiýaly demokratik sistemasyny gurnap boljakdygyny Surkow belledi.

Orsýetde Surkowýň bu pikiri bilen ylalaşýan adam az däl. Ýelsiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysy bolan Sergeý Filatow hem şolaryň biri. “Onuň akylly-sowatly adamdygyny ret edip bolmaz. Jemgyýetiň ur-tut özgermegi köpilenç bidüzgünçilikleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şonuň üçin Surkow jemgyýeti ýuwaş-ýuwaşdan özgertmäge çalyşýar” diýip Filatow aýdýar. “Elbetde, bu zatlara syn etmek aňsat däl. Sebäbi bizde demokratiýanyň ýokdugyna hemmämiz düşunýäris. Ýöne bu ugurda hereket etmeli. Demokratiýa biziň jemgyýetmize özi-özünden oranaşar ýaly gaty köp wagt gerek bolar.”

Diňe ýasama hereketlermi?

Käbir adamlar bolsa, Kremliň demoktariýa tarap öwrülendigine kän bir ynanyp barmaýarlar.

Moskwada ýerleşýän Karnegi merkeziniň syýasy analitigi Nikolaý Petrow, Surkowyň liberallaşmagynyň aňyrsynda, Orsýetde ýüze çykan agyr ykdysady ýagdaýda Putiniň we onuň towereginiň özlerini halas etmek ugrunda edýän synanşyklarynyň ýatandygyny aýdýar. “Orsýediň syýasy sistemasynyň liberallaşmagy gutulgysyz bolaýmaly prosess, şol prosses häzir bolup geçýär. Ýöne häzirki dörän ýagdaýda režim häkimiýeti öz elinde saklamaga synanşyp, liberallaşdyrylmak prosessa başlady” diýip Petrow belleýär. “Muňa başga sebäp ýok. Ýagny, häzirki ýagdaýda Orsýetiň režimi özgerip öz özüni radikal döwrebaplaşdyryp bilmese, onda ol kontroly elinden gidirer we onuň ornuna başga bir sistema ornaşdyrylar.”

“Solidarnost” atly oppozision hereketiniň liderleriniň biri Ilýa Ýaşin, Surkowy syýasatdan çetleşdirmek bilen Orsýetde jemgyýeti galdyryp boljakdygy baradaky pikirleri öňe sürýan Kremliň tankytçylarynyň biri bolup durýar. “Meniň pikirimçe, Surkow ýurdymyz üçin örän howply adam. Ol ýurtda bolup geçýan hemme syýasy-jemgyýetçilik prosesslere gözegçilik etmek isleýär” diýip Ýaşin nygtaýar. “Surkow ýurduň ösüşine ýaramaz tasir eden, häkimiýetiň merkezleşdirilmegi meselesine ägirt uly goşant goşan adam. Şonuň üçin Surkow wezipesinden çetleşdirilse, bu köp adamy guwandyrar diýip pikir edýarin.”

“Tümlügiň şazadasy”

Şeýle hem, Kremli goldaýan “Naşi” atly hereketiň aňyrsynda hem Wladislaw Surkowyň durandygyny aýdyp, syýasy analitikler bu adamyň Orýetiň parlamentiniň iki palatasyna we ýurduň sud sistemasyna ýetirýan täsiriniň örän ulydygyny aýdyp, ony “tümlügiň şazadasy” diýip atlandyrýarlar.

Surkowyň şahsyýeti barada aýdylanda, onuň gaty syrly adamdygyny synçylar belleýärler. 4 ýyl mundan ozal Surkow, özuniň kakasynyň çeçen milletindendigini aýdyp, özüniň Çeçenstanda dogulyp ösendigi baradaky beýanaty bilen Orsýetiň jemgyýetçiligini aňk-taňk etdi.

Ol özi baradaky bu syry köpçülige aýan edeninden soň, Orsýet metbugatynda Surkowyň hakyky adynyň Aslambek Dudaýewdigi, soňra bolsa ol slawýanlara has ýakyn bolmak üçin adyny Wladislaw Surkowa üýtgedendigi baradaky maglumatlar peýda boldy.

44 ýaşly Surkowyň syýasata aktiw aralaşmagyndan başga, döredijilik işi bilen hem meşgullanýandygy aýdylýar. Mysal üçin onuň “Agata Kristi” atly Orsýetli meşhur rok topary üçin 2 albomy ýazandygy malim.

Şeýle hem, Orsýetde iň köp okalýan kitaplaryň awtorlarynyň biri meşhur ýazyjy G.A.Zotowyň kitaplarynyň hem Surkowyň galamyndan çykýandygy, Zotow diýen ady bolsa Surkowyň lakam hökmünde ulanýandygy barada gürrüňler az däl.

Emma oppozisiýanyň wekilleri hem-de hukuk goraýjy aktiwistler Surkowyň uly syýasatdan gitmegini talap edýän bolsalar hem, käbir syýasy analitikler onuň syýasy tejribesini konstruktiw ulanyp, ýurda bähbitli işleri edip boljakdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG