Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýa metjitleri ýapyp, ymamlary kowýar


Wenada bir metjit
Wenada bir metjit

Awstriýanyň sagçy hökümeti ýurtdaky 7 metjidi ýapmagy we 40 ymamy hem ýurtdan kowmagy göz öňünde tutýar.

Reuters” habar gullugynyň ýazmagyna görä, bu yslamçy ideologiýa we dini toparlaryň keseki ýurtlardan maliýeleşdirilmegine garşy görülýän çäreleriň “diňe başlangyjydyr“.

Ýurdaky bileleşik hökümeti konserwatiwlerden we aşa sagçylardan eme gelendir. Ýewropada bosgun problemasy çuňlaşandan soň ýurda iş başyna geçen bileleşik hökümeti, gaçgak bosgunlaryň öňüni almagy, şeýle-de olara berilýän kömekleri hem düýbünden ýatyrmagy wada beripdir.

600 müň musulman

Awstriýanyň hökümet ýolbaşçysy Sebestian Kurtz Utgaşyklyk (integrasiýa) ministri bolanda, 2015-nji ýylda "yslama garşy“ berk kanun çykarypdyr. Bu kanun, dini toparlaryň daşary ýurtlardan maliýeleşdirilmegini gadagan edýär. Kanun şol bir wagtyň öznde-de musulmanlaryň öňünde "Awstriýa döwletine we jemgyýetine garşy hoşmeýilli çemeleşilmegini“ şert goýýar.

Sebastian Kurz
Sebastian Kurz

"Ýurdumyzda syýasy yslama utgaşykly jemgyýetlere we radikal hereketlere orun berilmez“ diýip, Kurz hökümetiň täze kararlary barada geçiren metbugat ýygnagyndaky çykyşynda aýdýar.

8,8 million ilatly Awstriýada 600 müňe golaý musulman ýaşaýar. Olaryň aglabasy hem türkler ýa-da türkler bilen gatyşan maşgalalardyr.

Wenada metjidi ýöredýän, Türkiýäniň milletparaz "Boz gurtlar“ atly guramasynyň täsirinde bolan jemgyýetiň bikanun hereket edýändigi üçin ýapyljakdygy hökümet beýannamasynda mälim edilýär.

Şonuň ýaly-da azyndan 6 sany metjidi ýöredýän arap musulman jemgyýetiň hem petiklenjekdigi habar berilýär.

"Bu häzirlikçe bir başlangyç“ - diýip, premýer ministriň orunbasary aşa sagçy Heinz Kristian Straş, hökümetiň dört agzasynyň bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda nygtaýar.

"Şeýle-de ýaşaýyş etikasy“

"Bu ädilýän ädimler Awstriýada "islamafobik, milletparaz we ýekirmegiň netijesidir. Bu syýasy maksatlar bilen musulman jemgyýetleri nyşana alýandyr“ - diýip, Türkiýäniň prezidentiniň geňeşçisi Ibrahim Kalyn öz garaýşyny beýan edýär.

Wenadaky metjit
Wenadaky metjit

"Awstriýanyň hökümetiniň ideologiýanyň täsirindäki hereketleri ähliumumy hukuk ýörelgelerini, jemgyýetiň utgaşyklykda jebisleşmegini, azlyklaryň hukugyny we galyberse-de ýaşaýşyň etikasyny pozýar“ diýip, ol "Twitter“ sosial ulgamdaky ýazýar.

"Yslamafobiýa we milletparazlygy adaty ýagdaýa getirmek tagallalary durşy bilen red edilmelidir“ - diýip, prezidentiň geňeşçisi sözleriniň üstüni ýetirýär.

Ministrleriň aýtmagyna görä, Türkiýäniň hökümetine ýaranlyk edýän "ATIB“ atly guramanyň agzasy bolan 60 ymam ýa Awstriýadan kowular ýa-da keseki ýurtdan maliýeleşdirilendigi üçin olara wiza berilmez.

Hökümetiň beýannamasynda bu san 40 görnüşinde görkezilýär. Häzir olardan 11 sanysynyň işi derňelýär. Olardan ikisi barada bolsa anyk oňaýsyz karara gelnipdir.

XS
SM
MD
LG