Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky protestlerden soň, golland kanunçykaryjysy Muhammet pygamber baradaky bäsleşigi ýatyrdy


Golland kanunçykaryjysy Geert Wilders
Golland kanunçykaryjysy Geert Wilders

Pakistanda golland syýasatçylarynyň musulman pygamberi Muhammet barada çekilen karikaturalaryň bäsleşigini geçirmek planlaryna garşy köpçülikleýin protestler geçirilen mahaly, Gollandiýanyň aşa-sagçy kanunçykaryjysy Geert Wilders bu çäräni ýatyrdy.

Bäsleşigi geçirmek planlary boýunça ölüm haýbaty atylan Wilders 30-njy awgustda giçlik çykyş edip, “adamlary yslamçy ýowuzlygyň pidasy bolmagynyň öňüni almak” maksady bilen, çäräni goýbolsun etmek barada karar kabul edendigini aýtdy.

“Halkyň howpsuzlygy has möhüm” diýip, 54 ýaşyndaky Wilders Facebook sosial ulgamynda ýazan maglumatynda belledi.

Pakistanda ýörişleri geçiren protestçiler
Pakistanda ýörişleri geçiren protestçiler

Yslamda allanyň ýa pygamberiň şekilini, suratyny hatda oňyn görnüşde çekmek hem gadagan edilýär we uly günä hasaplanylýar. Pakistanda hudaýa şek ýetirme diýlip hasaplanýan şeýle günäni amala aşyran adam ölüm jezasy bilen jezalandyrylýar.

Wilders çärä berk garşylyk görkezýänleriň “diňe özüni däl-de, tutuş Niderlandlary nyşana alýandygyny” aýtdy. Pakistanda köçe protestleriniň guramaçylary gürrüňi gidýän çäre bilen baglanyşykly Yslamabady Niderlandlar bilen diplomatik gatnaşyklary kesmäge çagyrdy.

Golland kanunçykaryjysy, 10 müň çemesi diýlip çaklanylýan pakistanly ýurduň gündogaryndaky Lahor şäherinden Yslamabada tarap ýörişleri geçirmegi dowam etdirýän mahaly, Muhammet pygamber barada çekilen karikaturalaryň bäsleşigini geçirmek çäresini ýatyrýandygyny yglan etdi. Bu protestler Pakistanyň “Tehreek-i-Labaik” partiýasy tarapyndan maliýeleşdirildi.

30-njy awgustda gahar-gazaply protestçiler Yslamabada tarap golaýlanda, Pakistan Gollandiýanyň bu ýurtdaky diplomatik enklawyny goramak üçin müňlerçe goşun ýerleşdirdi.

Mundan ozal 700 çemesi goşun tarapyndan goralýan Gollandiýanyň Yslamabatdaky ilçihanasynyň jaýlarynyň töweregine ýene-de müňlerçe polisiýa işgäri we ýarym harbylar ýerleşdirildi diýip, polisiýa ofiseri aýtdy.

Demonstrantlar Yslamabada gelmezinden öň, polisiýa tarapyndan Jhelum şäherçesinde gysga wagtlaýyn saklandy. Ýöne protestçiler özleriniň ýowuzlyga getirip biljek derejede polisiýa garşylyk görkezjekdikleri barada haýbat atansoň, häkimiýetler ýumşap, olaryň ýörişlerini dowam etdirmegine rugsat berdiler diýip, AP habar agentligi habar berdi.

“Biz öz pygamberimiziň mertebesini goramak üçin ölüp biljekdigimizi tutuş dünýä görkezmek üçin köçelere çykdyk” diýip, Labaik partiýasynyň lideri Hadim Hussain Rizwi (Khadim Hussain Rizvi) köpçülige ýüzlenip eden çykyşynda aýtdy.

"Talyban" golland harbylaryna hüjüm etmäge çagyrdy

Reuters habar agentliginiň maglumatyna görä, Wilders karikatura bäsleşigini ýatyrmazdan birnäçe sagat öň, Owganystandaky “Talyban” topary owgan esgerlerini Owganystandaky NATO missiýasynda gulluk edýän golland goşunyna hüjüm etmäge çagyrdy.

“Talybanyň” ýaýradan beýanatynda toparyň esasy metbugat wekili planlaşdyrylan bäsleşigi “hudaýa şek ýetirmek” we Niderlandalar tarapyndan ähli musulmanlara garşy “duşmançylykly hereket” diýip häsiýetlendirdi.

Eger owgan howpsuzlyk güýçleriniň agzalary “özleriniň musulmandygyna hakykatdan hem ynanýan bolsa, ... onda öz ýaraglaryny golland goşunyna tarap gönükdirmeli” ýa-da olara hüjüm etmek üçin “Talyban” söweşijilerine kömek etmeli diýlip, beýanatda bellenilýär.

Owganystanda 100 çemesi golland harbysy bar. Olar NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky “Resolute Support” (RS) missiýasynyň çäginde owgan güýçlerini türgenleşdirip, olara maslahat berýärler.

XS
SM
MD
LG