Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan: YD söweşijileri kimler üçin potensial howp abandyrýar?


YD söweşijileri kimler üçin potensial howp abandyrýar?
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:03 0:00

YD söweşijileri kimler üçin potensial howp abandyrýar?

“Yslam döwleti” topary indi ýok diýip, soňky birnäçe günlükde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wise-prezidenti Maýk Pens aýtdy. Halyfat ýykyldy. Ençeme ýyllap yslamçylaryň galasyna öwrülen Siriýada we Yrakda territoriýalaryň ýarysyndan gowragyna söweşijiler kontrollyk edýärdi. Olaryň bu ýurtlardaky ojagy dargadyldy.

Siriýanyň we Yragyň güýçleri tarapyndan ýaýradylan täze kartada bir wagtlar äpet bolan territoriýanyň iki bölege bölünendigini görse bolýar we ol indi ýok bolup barýar. ABŞ-nyň armiýasynyň maglumatyna görä, soňky bir ýylyň dowamynda söweşijiler Yrakda we Siriýada eýeleýän territoriýalarynyň 98%-nde öz kontrollygyny ýitirdi we olar bu ýerde gowşap barýarlar.

Ýöne söweşijiler hiç ýere ýitirim bolmady.

“Yslam döwleti Kawkaza we Merkezi Aziýa howp abandyrýar” diýlip, Türkiýäniň “Habertürk” gazetinde çap edilen makalanyň sözbaşynda aýdylýar. “Terroristler täjik-owgan serhedine ünsi gönükdirýärler” diýip, žurnalistler türk harbylaryna salgylanyp ýazýarlar.

Yslamçylaryň Merkezi Aziýa howp abandyrýandygy barada “alJazeera” telekanalynyň geçiren derňewlerinde hem habar berlipdi. Telekanalyň maglumatyna görä, Siriýada we Yrakda ýeňlişe sezewar edilen “Yslam döwletiniň” söweşijileriniň galyndylary emaý bilen Owganystana aralaşdylar we bu ýerde öz pozisiýasyny güýçlendirýär.

Regionyň kartasynda “Yslam döwleti” güýçleriniň, ilki bada, Owganystanyň Badahşan welaýatyndaky pozisiýasyny güýçlendirýändigini görse bolýar. Edil şu ýerde Owganystanyň Täjigistan bilen iň uzyn araçägi ýerleşýär.

Häzirki wagtda Owganystanda “Yslam döwletiniň” anyk näçe söweşijisiniň bardygy barada bir zat aýtmak kyn. Amerikan güýçleri olaryň sanynyň 800-e barabardygyny aýdýar. Ýöne owgan howpsuzlyk güýçleriň olaryň sanynyň has-da köpdügini yglan edýär. Edil şu ýerden söweşijiler Merkezi Aziýa ýurtlaryna emaý bilen aralaşýar.

Regionyň üç ýurdunyň – Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň – Owganystan bilen göni serhet araçägi bar. Bularyň üçüsinde hem ýagdaý howply bolup, olardan özbekler iň utuşly pozisiýada. Özbegistan bilen Owganystanyň arasyndaky serhet araçägi gala diwary ýaly bolup, ondan ýeke täk Haýrabad köprüsi arkaly geçip bolýar. Galyberse-de, häzirki wagt özbek armiýasy regionda iň güýçli armiýa hasaplanýar.

Täjigistanda ýagdaý hasam agyr. Ýurduň armiýasy gowşak bolup, onuň Owganystan bilen serhet araçägi hem uly. Ýöne Täjigistanyň hem özüne görä amatlyklary bar. Bu ýurtda 5000 rus esgeri, Orsýetiň Goranmak ministrliginiň 201-nji harby bazasy ýerleşýär. Soňky döwürde geçirilen gepleşikleriň dowamynda Emomali Rahmonyň rus prezidenti Wladimri Putinden eden şahsy haýyşy esasynda, häzirki wagt iki ýurduň arasyndaky serhet araçägine patrullyk etmäge rus güýçleri ýardam berýär.

Eger “The Military Balance-yň” hasabatyndan çen tutulsa, onda iň erbet ýagdaý Türkmenistana degişli. Ýurt ýapyk. Ol ýerden hiç hili maglumat alyp bolmaýar. Ýöne ekspertleriň maglumatyna görä, türkmen ýaragly güýçleri regionda iň gowşagy bolup, armiýanyň enjamlary hem köne we mundanam başga, söweş hereketleri sowet düzgünleri esasynda alnyp barylýar. Türkmen harbylarynyň söweş tejribesi ýok. Olar yslamçy söweşijilere garşylyk görkezip bilmezler.

Merkezi Aziýa – söweşijileriň dogduk regionydyr. “Yslam döwletiniň” hatarynda söweşýänleriň aglaba bölegi şu ýerden gelýär. Resmi bolmadyk maglumatlara görä, “Yslam döwletiniň” hatarynda söweşmek üçin Türkmenistandan 200 çemesi adam gitdi.

Özbek hökümetiniň berýän resmi maglumatyna görä, 300 çemesi özbegistanly “Yslam döwleti” toparynyň hataryna goşuldy.

Gyrgyzystandan gidenleriň sany has köp bolup, olaryň sany 500-e barabar. Bu ýurtda, hususan-da Gyrgyzystanyň Özbegistan bilen serhet araçäginiň golaýynda ýerleşýän Oş we Jalalabat şäherlerinde dini fanatikler işjeň hereket edýär.

XS
SM
MD
LG