Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musulmanlara hüjüme taýýarlanandygy güman edilýän topar saklandy


Londondaky bir metjit. Illýustrasiýa.
Londondaky bir metjit. Illýustrasiýa.

Fransiýada aşa sagçy güýçler bilen ilteşikli toparyň agzalary saklanypdyr.

Olaryň musulmanlara garşy hüjüme taýýarlyk görendiginden güman edilýär.

Saklananlaryň sany 10 adam. Olar Fransiýanyň tapawutly ýerlerindäki tussaghana iberilipdir.

Olaryň arasynda Parižde ýaşaýan hem bar, Korsikaly bolan-da.

Olaryň planlan hüjümleri radikal ymamlara we tussaglykdan boşadylan yslamçylara gönükdirilen.

Emma, polis, şol bir wagtyň özünde olaryň köçelerdäki hijaply zenanlara hem hüjüm gurnamagy planlandygyny bildirýär.

Le Parižiň habaryna görä, reýdler mahalynda birnäçe ýarag hem tapylypdyr.

Käbir şübhelileriň hatda granat we partlaýjy hem ýasandygy aýdylýar.

Toparyň agzalarynyň ýaşy 32-69 arasyndadyr.

Olaryň arasynda hormatly dynç alyşa çykan owalky polis işgärleriniň hem bardygy aýan edilýär.

Radikal topara hut şeýle biriniň ýolbaşçylyk edýändiginden şübhelenilýär.

Fransiýanyň içeri işler ministri Gerard Kollomb, ýurduň milli howpsuzlyk organlaryna şeýle operasiýanyň üstünlikli amala aşyrylandygy üçin minnetdarlyk bildiripdir.

Aşa sagçy toparlar öz alyp barýan işlerine "musulmanlaryň Ýewropany eýeländigi“, "akýagyzlaryň nesliniň gutarýandygy“ ýaly toslamalary tutaryk görkezýärler.

Olaryň peýdalanýan tilsimleri hem radikal yslamçylaryň tilsimlerinden tapawutlanmaýar.

Meselem, awtoulaglary adamlaryň üstüne sürmek, pyçakly hüjüm gurnamak ýa-da adamyň üstüne ýangyç maddasyny dökmek ýaly hüjüm tilsimleri.

Geýiminden musulmandygy açyk-aýdyň göze görünip durandygy üçin Ýewropada hijably (nikaply) zenanlar ýygy-ýygydan hüjüme duçar bolýarlar.

XS
SM
MD
LG