Ozalky Krasnowodsk, häzirki Türkmenbaşy şäherinden demirgazykda, şäherden 80 kilometr uzaklykda 1957-nji ýylda bir suw skwažinasy gazylypdy.
Türkmenistanyň öz ýeňil senagatynda-da, dünýä bazarlarynda-da uly isleg bildirilýän piläniň öndürilişi soňky 2-3 ýylyň dowamynda kadaly ýagdaýa gelip ugrady.
2005-nji ýylda Köneürgenç Birleşen Milletler Guramasynyň «Bütindünýä mirasy» sanawyna goşuldy.
Gözegçiliksiz dynç almaga çykýan ýetginjekler topary tarapyndan ot ýakylyp, dürli agaçlara zyýan ýetirilýän halatlara duş gelmek bolýar.
Ýurtda soňky ýyllarda açylan ençeme dokma, ýüplük fabrikleri we beýleki kärhanalar ýurduň aýal-gyzlaryny belli bir derejede iş orunlary bilen üpjün edip başlady.
Türkmenistanyň jemagat hojalygyny mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen, Jemagat hojalygy ministrliginiň döredilmegini ilat köpçüligi makullady.
Türkmenistanda neşir edilýän gazet-žurnallaryň diňe wagyzçy bolmagy hakyky okyjylar köpçüligini metbugatdan daşlaşdyrdy.
Türkmenistanyň tebigat dünýäsinde özüniň iň bir ajaýyplygy bilen ýatdan çykmajak täsirler galdyrýan ýerleriň biri hem Magtymguly etrabydyr.
Türkmenistanyň ähli sebitlerinde etiň we et önümleriniň bahasynyň gymmatlaýandygy äşgär duýulýar. Bu ýagdaý paýtagt Aşgabatda hem şeýle.
Döwlet baştutany haýsydyr bir gurluşygy tamamlanan obýekti açmaly bolsa ol ýere barýan ýoly gyssagly ýagdaýda taýyn edýärler.
Paýtagtdaky açylyş dabaralary okuwçyny okuwdan, işgäri işinden çetleşdirdi, ýa bolmasa ilatyň erk-ygtyýaryny elinden almagyň bir mysalyna öwrüldi.
Türkmenistanda gurluşyk ugrunda edilýän işler az däl. Emma oba ýerleri, hatda bir näçe etrap merkezleri hem çagalar üçin ýasli-baglaryna mätäç.
1995-96-njy ýyllaryň çörek gytçylygy megerem ähli türkmenistanlylaryň aňynda hemişelik galan bolsa gerek.
Türkmeniň milli nagyşlarynyň şu günki ýaly kämillige ýeten döwri ozal bolan däl bolsa gerek. Gadymdan gelýän el işleri türkmen zenanlarynyň durmuşyna mäkäm ornaşdy.
1925-nji ýylda Gaýgysyz Atabaýewiň karary bilen kurort statusy berlen “Arçman” şypahanasynyň hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.
Ýeňillikli kreditleriň hasabyna gurulýan jaýlardan satyn almak islegi bolan ýaşaýjylaryň sany oba ýerlerinde has hem artdy.
Häzirki wagtda daýhan hojalyklarynda eşekleriň sany artýar. Adamlaryň eşegarabalaryna ýaňy geçip başlan döwürleri obalarda eşekler örän gytdy.
Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan täze wagonlardan düzülen otly sostawlary Türkmenistanda köp ugurlar boýunça hereket edýär.
Köýtendagyň üsti açylmadyk tebigy baýlyklarynyň goruny kesgitlemek maksady bilen, soňky 2-3 ýylyň dowamynda yzygiderli işler alnyp barylýar.
Aşgabadyň jygyllyk bazarynyň täze ýere göçüriljekdigi barada ilaty howsala salan myş-myşlar ahyr soňlandy.
Ýene-de ýükle