Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arassaçylyk halkyň bähbidi


Arassaçylyk ugurlaryndan işleriň bökdençsiz ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulup, jemagat ministrliginiň döredilmeginiň zerurlygyny döwlet baştutany 8-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde aýtdy.
Arassaçylyk ugurlaryndan işleriň bökdençsiz ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulup, jemagat ministrliginiň döredilmeginiň zerurlygyny döwlet baştutany 8-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde aýtdy.
2011-2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamanyň çäginde Türkmenistanyň jemagat hojalygyny mundan beýläk hem ösdürmek, ýerine ýetirilýän jemagat hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, döwrebap enjamlaşdyrylan kärhanalary açyp, täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, täze — Jemagat hojalygy ministrliginiň döredilmegini ilat köpçüligi makullady.

Soňky ýyllar ýurtda durmuş we medeni maksatly binalaryň sanynyň artmagy bilen, binalary talaba laýyk saklamakda alnyp barylmaly işleriň möçberiniň hem artýandygyny, jemagat hojalygy, jemagat hyzmatlary, abadanlaşdyrmak we arassaçylyk ugurlaryndan işleriň bökdençsiz ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulup, jemagat ministrliginiň döredilmeginiň zerurlygyny döwlet baştutany 8-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde aýtdy.

Aşgabatly ýaşaýjy, mugallyma Aýlar häkimlikler we olara degişli gulluklaryň binalary we desgalary abatlamak, olary göwnejaý ýagdaýda saklamak boýunça alnyp barylmaly işleriň hötdesinden gelmeýändigini döwlet baştutanynyň dogry belländigini aýdýar.

Aşgabat şäheriniň çäginde diňe merkezi köçelere üns berilýär, aýratyn-da prezidentiň işe gidende-gelende geçýän köçeleri arassa saklanýar. Emma şäheriň 4,5,6-njy mikroraýonlarynyň jaýlarynyň aralaryna, ozalky Şaumýan, häzirki Ata Gowşudow köçesiniň ugrundaky jaýlaryň aralaryna, «8-nji mart» adyny göterýän territoriýada ýerleşýän köçelere, «Hitrowka» diýlip atlandyrylýan raýonyň köçeleriniň ýagdaýy öwerlik däl.

Soňky iki ýylyň dowamynda ozalky 1-nji maý, häzirki Görogly köçesiniň hem-de bu köçeler bilen ýanaşyk köçelerde, Azady köçesiniň, Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän, Soýuz döwründe gurlan jaýlaryň üçeklerini täzelemek, bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmek ýaly birnäçe işler amala aşyryldy. Bu işler häzir hem dowam ediýär.

Işler öňde

Şol bir wagtyň özünde bolsa gurluşyk işleri alnyp barylýan meýdançalarda we gurluşyk işleriniň gidýän ýerine alyp barýan ýollarda tozan asmana göterilýär. Tozamaz ýaly, gurluşyk meýdançalaryny, ýollary suwlamak düzgünleri ýerine ýetirilmeýär.

Şäherde bar bolan awtobus duralgalary, merkezi köçeler, dükandyr bazarlaryň daş-töweregi arassa saklanýar. Duralgalary, köçeleri syryp-süpürýän işgärler irden sagat 6-dan başlap iş orunlarynda işe başlaýarlar. Dynç günleri hem nobatçylyk çekip, irden sagat 6-dan agşam sagat 19-a çenli Günüň howrunyň, gar-ýagşyň aşagynda zähmet çekýän zenanlaryň iş şertleri ýeňil däl. Olardan talap güýçli bolsa-da, başga bir ýere işe ýerleşmek mümkinçiligi bolmadyk zenanlar bu işlere döz gelip işleýärler.

Ozal ujypsyz zähmet hak alýan köçe süpürijileriň zähmet haklary şu ýylyň başyndan 35 prosent artdyryldy. Häzir olara 560 manada çenli zähmet hak tölenýär. Bu ugurdan zähmet çekýän işgärleriň zähmet haklarynyň has hem ýokarlandyrylmaga degişlidigini Aýlar mugallym nygtaýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG