Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pileçileriň zähmetiniň bahasy


Gurçuk tohumyny idetmegiň hysyrdysy örän uly. Ony edil ýaňy doglan çaga seredilişi ýaly idetmeli. Onuň saklanýan jaýyny 25-28 gradus ýylylykda saklamaly.
Gurçuk tohumyny idetmegiň hysyrdysy örän uly. Ony edil ýaňy doglan çaga seredilişi ýaly idetmeli. Onuň saklanýan jaýyny 25-28 gradus ýylylykda saklamaly.

Türkmenistanyň öz ýeňil senagatynda-da, dünýä bazarlarynda-da uly isleg bildirilýän piläniň öndürilişi soňky 2-3 ýylyň dowamynda kadaly ýagdaýa gelip ugrady.


Garaşsyzlykdan ozal döwlet tarapyndan pileçilik pudagyna uly üns berilýärdi. Diňe bir oba adamlary däl, eýsem, etrap merkezleriniň ýaşaýjylary hem pile möwsümi ýüpek gurçugyny idetmäge alýardylar.

Şol döwürlerde isleseň-islemeseň ýüpek gurçugyny idetmäge mejburlyk bardy. Emma mejburlyga görä isleg köpräkdi. Sebäbi az wagtlyk agyr zähmet hasaplansa-da, ol zähmete tölenýän hak zähmetiňe görä kadaly hasaplanýardy.

Oba ýerlerinde hojalyklaryň mellekleriniň gyralaryna, suwly ýaplaryň boýlaryna ekilýän tut agaçlaryndan başga-da, kolhozlarda ýapraklary ýokary hilli, ýöriteleşdirilen tut plantasiýalary döredilýärdi.

50 gramdan 100 grama çenli gurçuk tohumyny idedip, ýokary hilli pile öndürýän pileçiler, alýan zähmet haklaryndan daşary, kolhozlaryň administrasiýasy tarapyndan haly, ýüň gyňaç ýaly gytrak harytlar bilen sylaglanýardylar.

Maryly ildeşimiz Saparyň aýtmagyna görä, Garaşsyzlyk ýyllary ykdysady kynçylyklaryň netijesinde, oba hojalygynyň beýleki pudaklary bilen birlikde, pileçilik pudagy hem ünsden düşürilip, dargamak derejesine çenli baryp ýetdi.

Oba ýerlerinde ýyllarboýy zähmet çekilip kemala getirilen tut plantasiýalary ýok edildi. Köp ýerlerde tut agaçlary çapylyp, odun edildi. Kä ýerlerde bolsa tut plantasiýalary ýok edilip, ol ýerler mellek üçin paýlanyldy. Mellek paýlanan ýerlerde hojalyklar jaý gurundy. Kä ýerlerde bolsa tut plantasiýalaryndan arassalanan ýerler kärendeçilere berlip, ol ýerlere pagta, bugdaý ekildi. Kä ýerlerde meýdanlarda mal bakýan oba çagalary öz ýanlary bilen solýarka, benzin ýaly ýangyç göterip, sowuk howalarda mal bakýan ýerlerinde tut agaçlaryny otlap, ýylanyp, köp tutlary zaýaladylar.

Bu ýagdaýlar häkimlikleri, oba arçynlaryny kän bir alada goýmady. Tabşyran pilesine düşýän zähmet hakyny alyp bilmeýän daýhanlar bolsa mejburylyk bilen paýlanýan gurçuk tohumlarynyň belli bir bölegini zir-zibile oklap, ondan aňsat dynmagyň ýoluny öwrendiler.

Käbir daýhan hojalyklarynda gurçuk tohumlaryny idetmek üçin, ýöriteleşdirilip gurlan jaýlar sökülip, onuň agaçlary, şiferleri satylyp, ýok edildi.

Bökdençsiz hak tölenip ugraldy

Soňky ýyllarda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň golaýynda ýüpek fabriginiň gurulmagy bilen, ýurtda pilä zerurlyk ýüze çykyp başlady. Diňe şondan soň döwlet tarapyndan bu pudaga üns berlip, etraplarda gurçuk tohumyny idedýän daýhanlara tabşyran pilesi üçin bökdençsiz hak tölenip ugraldy.

Her ýylda 30 gram gurçuk tohumyny idetmek üçin, kärendeçi Sapar öz mellek ýerinde ýörite jaý gurnupdyr. Geçen ýyl ol 30 gram gurçuk tohumyndan 125 kilogram pile tabşyryp, 500 manat pul gazanypdyr. Her kilogram pilä 4 manatdan pul alan daýhan bu saparky girdejini maşgala üçin uly gazanç hasaplaýar.

Ozalky ýyllarda tabşyran pilesi üçin almaly pulunyň köýüp giden wagtynyň köp bolandygyny aýdyp, Sapar şu ýyl tabşyrylan her kilogram pile üçin daýhan birleşigi tarapyndan 6 manatdan pul tölenjekdigi barada şertnama baglaşandygyny gürrüň berdi.

Bu ýyl ol 125 kilogram pile tabşyrsa, 750 manat girdeji alyp biljekdigini aýdýar. Şu ýyl gurçuk tohumy paýlananda, daýhan birleşigi tarapyndan pileçilere bir geýimlik ştapel matasyny höweslendiriji baýrak diýip beripdirler. Pile bilen hasaplaşyk wagtynda geçirilýär.

Gurçuk tohumyny idetmegiň hysyrdysy örän uly. Ony edil ýaňy doglan çaga seredilişi ýaly idetmeli. Onuň saklanýan jaýyny 25-28 gradus ýylylykda saklamaly. Ýylylygy pes bolsa, gurçuklaryň iýijiligi hem peselýär. Ikinji ukudan turandan soň aşagynyň hapasyny arassalap, her gije–gündiziň dowamynda 5-6 gezek tut ýapraklaryny bermeli.

Gije hem ukudan turup, gurçuklara tut ýapragyny berýänler, şeýdip, gurçuklara has yhlasly seredýänler kän. 4-nji ukudan turandan soň gurçuklar 40 hörege durýar, ýagny olary 40 gezek iýmitlendireniňden soň olar saryma durýar. Meýdanlardan siňren ýygyp getirip, gurçuklary basyrýarlar. Gurçuklar şol siňrenlere geçip, pile saraýarlar. Pile taýyn bolandan soň, ony siňrenden saýlap, arassalap, pile kabul ediş bazasyna tabşyrýarlar. Bu iş maşgalanyň aý ýaryma golaý wagtyny alýar.

Türkmenistanda pileden önýän harytlary häzir ähli bazarlarda, dükanlarda bolelin görmek bolýar. Keteni, panbarhat, atlaz ýaly türkmen zenanlarynyň halap geýýän ýüpek matalarynyň, tikin-çatyn üçin zerur bolan ýüpek-sapaklaryň dürli görnüşleri elýeter bahadan satuwa çykarylýar. Türkmenistanyň dürli ölçegdäki döwlet baýdaklary hem pileden öndürilýär. Senagat taýdan işlenen ýüpek-sapaklaryň başga-da köp ýerlerde ulanylýandygyna duşsa bolýar.

Daýhanlardan borçnamadan artyk öndürilen pagtanyň, dänäniň şu ýyl döwlet tarapyndan ýokary bahadan satyn alynjagy barada kararlar kabul edildi. “Uly hysyrdyny, agyr zähmeti talap ediýän pileçileriň zähmet haklary hem ýokarlandyrylsa, pileçileriň sany hem artardy, öndürilýän önümiň mukdary hem ýokarlanardy” diýip, Sapar bu pudaga hem döwletiň ünsi güýçlendirjekdigine umyt edýändiklerini nygtady.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG