Köpetdagyň jülgeleri, Garagum çöli, Köýtendagyň täsinlikleri, Pendi çöli, Badhyz goraghanasy, Sünt-Hasar dagynyň çeşme-çaýlary, Hazaryň tämiz deňiz kenary... Bu sanawy näçe dowam etseň-edip oturmaly. Bir söz bilen aýdanyňda Türkmenistanyň her daban ýeri adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlyk.
Aşgabatly pensioner Berdimyrat aganyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda adamlaryň zähmeti bilen tebigatyň gözellikleriniň üstüne has-da gözellik goşulýar. Aşgabadyň etekleri, Köpetdagyň dag gerişleri, dag jülgeleri arça tokaýlygyna bürendi. «Saglyk ýolunyň» gurulmagy bilen, Giňdiwar jülgesi döwlet tarapyndan aýratyn gözegçilikde saklanyp, ekilen arça agaçlary wagtly-wagtynda suwarylyp durulýar. Arassaçylyga aýratyn üns berilýär.
Ýanbaş, Bagyr, Bekrewe obalary tanalmaz ýaly özgerip, bagy-bossanlyga öwrüldi. Aşgabat-Bekrewe magistral ýolunyň ugrunda belent baýyrlaryň ýüzüne ekilen arçalardan täsin bir tokaý emele geldi.
Ýurdy bagy-bossanlyga öwürmekde ähli welaýatlarda, etraplarda hem köp işler edilýär. Awazanyň deňiz kenarlarynda ýetişdirilen arçalar hem gözellige gözellik goşýar.
Her ýylyň ýaz, tomus günlerinde maşgala bolup, dost-ýarlary, deň-duşlary bilen toparlaýyn dynç almaga dag jülgelerine, çöllere çykýan ýaşaýjylar näçe diýseň ýeterlik. Soňky ýyllar ýurduň içinde hem syýahatçylygyň artmagy bilen ýurduň ähli gözel künjeklerine adam aýagynyň basmaýan ýeri az bolsa gerek.
Aşgabatlylaryň maşgala bolup dynç alýan ýerleri ozal diňe Arçabil, Gökdere jülgeleri bolan bolsa, indi Giňdiwara — «Saglyk ýoluna» gelýänler onuň daş-töwereginde emeli döredilen arça tokaýlygynyň içinde hem dynç almaga çalyşýarlar. Asma ýolda gezelenje çykýarlar. Bu ýerlerde dynç alýanlar üçin doňdurma, süýji suwlar, çaý, kofe satuwy hem gurnalan.
Ýowuz çemeleşmeler
Dynç alýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy bilen, tebigata ýowuz çemeleşmeler hem artýar. Dag jülgelerinde, tokaýlaryň içinde ot ýakmaklyga gadagançylyk girizilendigine seretmezden, dynç alýanlaryň arasynda kebap bişirmäge isleg bildirip, ot ýakýanlar ýa bolmasa açyk meýdanda çilim otlamaga isleg bildirýänler hem tapylman duranok.
Kä halatlarda bolsa gözegçiliksiz dynç almaga çykýan ýetginjekler topary tarapyndan ot ýakylyp, dürli agaçlara zyýan ýetirilýän wagtlary hem bolýar. Iň bir ylalaşyp bolmajak ýagdaý bolsa dynç alýanlar tarapyndan dürli görnüşli otlaryň, gülälekleriň basgylanyp, ýolnup taşlanmagydyr. Şu gunler Arçabil jülgesine barsaň hem, Gökdere jülgesine barsaň hem, Giňdiwar jülgesine barsaň hem ýolnup, basgylanyp, zaýa edilen gül-güläleklere gözüň düşýär.
Dürli içgilerden boşan plastik gaplardan, polietilen paketlerden, çüýşe döwüklerinden üýşýän zir-zibilden bolsa oturmaga arassa ýer tapmak hem aňsat düşmeýär. Şu ýagdaýlaryň ýylba-ýyl gaýtalanmagynyň netijesinde bahar aýlary gülälege bürenip oturýan meýdanlar ýalaňaçlanyp barýar. Meýdanlara bezeg berýän çigildem güllerini Arçabil jülgesinde-de, Gökdere jülgesinde-de görmek seýrek duş gelýär.
Kä ýyllar Pendi çölüne hem gezelenç edýändigini aýtmak bilen, Berdimyrat aga ilatyň köp barýan ýeri bolan Pendi çölünde hem şeýle ýagdaýlaryň ýüz berýändigini sözüniň üstüne goşdy.
Soňky ýyllar ilatyň köp barýan dynç alyş ýerlerinde tebigata aýawly çemeleşmegiň unudylyp barýandygynyň sebäplerini edep-terbiýe meselesine az üns berilýändigi bilen baglanyşdyryp bolar. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde, hatda edara-kärhanalaryň işgärleriniň arasynda hem düşündiriş işleriniň köpräk geçirilmeginiň zerurdygyny, dynç alyş zonalarynda tokaý hojalygy işgärleri tarapyndan gözegçiligiň güýçlendirilmelidigini Berdimyrat aga öňe sürýär.
Ýakynda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň döwlet baştutany hem bu barada gürrüň gozgap, tomusky dynç alyş möwsümi bilen bagly adamlaryň köp dynç alýan ýerlerinde jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryny köpräk açmak, düzgün-tertibe gözegçiligi artdyrmak üçin dynç alyş ýerlerinde polisiýa işgärleriniň iş geçirmekleri barada görkezme berdi.
Bu görkezmeler ýerine ýetirilse tebigatyň gözelligini goramaga uly ýardam boljakdygyna Berdimyrat aganyň ynamy uly.
Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.