10-njy dekabrda Türkmenistanyň Mary welaýatyndaky Daşköpri obasynyň golaýynda Murgap derýasynyň düýbüni gyrmançalardan arassalamak we derýanyň kenaryny berkitmek üçin “Miass 400/40 kysymly” gämi suwa goýberildi. Bu barada türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan “Orient” neşiri habar berýär.
Mary welaýatynda hususy dükanlaryň ýapylýan wagtyna gözegçilik güýçlendirip, raýatlaryň gije sagat 22:00-dan soň hereket etmek mümkinçiligi çäklendirildi.
Maryda polisiýa we Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň sany köpelip, şäheriň köçelerine we desgalaryna gözegçilik güýçlendirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda raýatlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak bilen bagly problemalary, bankomatlaryň öňündäki nobatlar dowam edýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz Lebapdaky we Marydaky habarçylary habar berýär.
Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda býujet işgärlerinden we mekdep okuwçylaryndan Täze ýyl baýramçylygyna bezegleri satyn almak üçin pul ýygnalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz Lebapdaky we Marydaky habarçylary habar berýärler.
Lebap welaýatynda raýatlar ulag serişdelerini döwlet tehniki barlagyndan geçirende resmi töleglerden başga-da, azyndan 100 manat möçberde para bermäge mejbur bolýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Türkmenistanyň ministrlikleriniň biri tarapyndan taýýarlanan täze hasabatyň nusgasynda ýurduň saglyk pudagyna degişli öň köpçülige elýeterli bolmadyk maglumatlar we sanlar äşgär edilýär diýip, “Türkmen.news” neşiri özüniň 4-nji dekabrda çap eden makalasynda habar berýär.
Marynyň etrap gaz edarasynyň işgärleri gaz sarp edijilerden her aý 23000 manat möçberde pul ýygnap, ony edara ýolbaşçysyna tabşyrmaga mejbur edilýär. Muny berjaý etmedik işgärlere işden kowulmak haýbaty atylýar.
Lebap welaýatyndaky Medeniýet öýleriniň işgärlerini Aşgabatda geçiriljek dabaralara ibermegiň nobatdaky tapgyry başlady.
Türkmenistanyň käbir banklarynda raýatlar manatda bank hasaplaryny açdyryp bilmän kösenýärler diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Aşgabadyň çagalar baglarynyň birinde ene-atalardan gap-gaç, el we kir ýuwujy serişdeleri hem-de hajathana kagyzlary ýaly senagat harytlaryny getirmek talap edilýär.
1-nji dekabrda BMG-niň Bütindünýä saglyk guramasynyň, UNICEF we UNAIDS guramalarynyň AIDS keseline, ýagny SPID-e garşy halkara güni bellenildi.
Mary welaýatynda edara-kärhanalaryň işgärlerinden 20 manatdan pul ýygnalýar. Bu soňky bir aýyň dowamynda ýurduň býujet işgärlerinden dürli maksatlar üçin pul ýygnalýandygy barada Azatlyk Radiosyna gelip gowşan azyndan dördünji habardyr.
Täze ýyl baýramynyň we Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda, Aşgabadyň bazarlarynda “azyk bolçulygy” döredilýän mahaly, Mary şäherinde ilat, şol sanda gartaşan aýallar “Ahal” ýagyny satyn almak üçin gijesi bilen nobata durýar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji noýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkente sapar edýär.
Hazar deňziniň kenaryndaky "Awaza" şypahanasynda lukmanlar anyklaýyş enjamlaryny işledip, olardan doly güýjünde peýdalanyp bilmeýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň balkanly habarçysy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň onlarçasy aýdýar.
Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) okaýan studentlerden 1200 manat möçberde pul ýygnalýar. Bu resmi kursda $340, “gara bazaryň” kursunda ortaça $65 barabardyr.
Şu günler Mary şäherindäki hususy dermanhanalaryň öňünde adamlaryň uzyn nobatlarynyň emele gelendigini görse bolýar.
Aşgabadyň S.A.Nyýazow adyndaky hassahanasynyň liftinde bolan betbagtçylygyň netijesinde bir adam öldi. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän aşgabatly habarçysy 24-nji noýabrda bolan wakada hassahananyň liftini dolandyrýan işgäriň heläk bolandygyny aýdýar.
Lebap welaýatynda edara-kärhanalaryň işgärleri, studentler we esgerler pagta ýygymyna mejbury gatnaşdyrylýar. Olar gowaça meýdanlarynda ýok pagtany ýygmaga mejbur edilýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Ýene-de ýükle