Duşenbe güni geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň maliýe we ykdysadyýet ministri ähli edara-kärhanalarda şu ýylyň dekabr aýy üçin degişli tölegleriň doly geçirilendigini habar berdi.
Türkmenistanda pagta ýygymy kampaniýasy dekabr aýynyň ikinji ongünlüginiň ahyrynda hem dowam edýär. Bu maglumaty ýurduň oba hojalyga gözegçilik edýän wise-premýeri Esenmyrat Orazgeldiýew hem tassyklaýar.
Türkmenistanyň prezidenti ýurtdaky korrupsiýany tassyklap çykyş eden mahaly, Aşgabadyň köçelerinde PÝGG-niň käbir işgärleriniň ulag sürüjilerine “serhoş” diýip, töhmet atýandygy we olardan para soraýandygy barada Azatlyk Radiosyna habarlar gelip gowuşýar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda, “howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek” maksady bilen diýip, awçylaryň aw tüpeňlerini ýygnaýarlar.
Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentleriň ençemesi türkmen banklary tarapyndan berlen plastik kartlardan indi iki hepdä golaý wagt bäri nagt pul alyp bolmaýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna iki hepde çemesi wagtyň galandygyna garamazdan, ozalky ýyllardan tapawutlylykda Aşgabatda baýramçylyk şowhuny bu ýyl az duýulýar.
“Hronika Türkmenistan” neşiri Türkmenistanda awtoýollardan peýdalanýan awtoulag we ýük ulag eýelerine täze ýol salgydynyň girizilendigini habar berýär.
Türkmenistanda un, çörek ýetmezçiliginiň fonunda, Aşgabat şäheriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň un bilen üpjünçiliginiň ilkinji orunda tutulýandygy habar berilýär.
Aşgabadyň köçelerde awlanýan it-pişikleriň şäheriň çetindäki zibilhanada ýakylýandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.
Türkmenistanda raýatlaryň ýurduň daşyna çykmakda duçar bolýan kynçylyklary, olaryň uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalaryň gaýtalanmagy dowam edýär.
Aşgabadyň azyndan iki çagalar bagynda ene-atalardan Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyklar, şol sanda çagalara alynjak sowgatlar we bezegler üçin 80 manat möçberinde pul talap edilýär.
“Euroradio.fm” radiosy Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentleriň okuw we umumy ýaşaýyş jaý töleglerini tölemekde başdan geçirýän kynçylyklary we olara Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynyň kömek etmeýändigi barada ýörite gepleşik taýýarlady.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze ýyl baýramy mynasybetli bazarlary ilatyň “isleg bildirýän harytlary” bilen doldurmagy tabşyrandygyna garamazdan, Aşgabadyň bazarlarynda azyk harytlarynyň gymmatlamagy we gytçylygy dowam edýär.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndaky prokuratura edaralarynyň işgärlerine gymmatbaha awtoulaglary sürmek we edinmek dilden berlen görkezme esasynda gadagan edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň demirgazyk welaýatyndaky çeşmesi habar berýär.
Türkmenistanda “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň tizleşdirilen halkara poçta hyzmatlarynyň bahasy ortaça 50% gymmatlady.
Aşgabadyň harby bölümindäki prezidentiň gorag polkunda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän lebaply esgeriň öz janyna kast edip, heläk bolandygyny, merhumyň goňşusy Azatlyk Radiosyna habar berdi.
Aşgabadyň häkimiýetleriniň ilat tarapyndan sökülen germewleriň deregine täzelerini oturdýandygy barada Azatlyk Radiosynda çap edilen habardan bir gün soň, şäher edaralarynyň işgärleri beton guýulan germewleri aýryp başladylar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň bazarlaryny dürli görnüşli ýerli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün etmegi tabşyrýan mahaly, ýurduň dürli künjeginde azyk harytlarynyň bahasynyň ýokarlanmagy dowam edýär.
Marynyň dürli etraplarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler mejbury pagta ýygymyna çekilýär diýip, garaşsyz habar serişdesi habar berýär.
Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň möçberlerini azaltmagy tabşyran mahaly, Aşgabatda ýumurtganyň hem-de bolgar burçunyň gytçylygy emele geldi we olaryň bahasy telim esse gymmatlady.
Ýene-de ýükle